{"id":35437,"date":"2020-11-03T11:29:11","date_gmt":"2020-11-03T06:29:11","guid":{"rendered":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=35437"},"modified":"2020-11-03T11:29:13","modified_gmt":"2020-11-03T06:29:13","slug":"turkmenistan-milli-we-umumadamzat-gymmatlyklaryny-gorap-saklamaga-ygrarly","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=35437","title":{"rendered":"T\u00fcrkmenistan milli we umumadamzat gymmatlyklaryny gorap saklamaga ygrarly"},"content":{"rendered":"\n<p>2-nji\nno\u00fdabrda hormatly Prezidentimizi\u0148 tab\u015fyrygy bo\u00fdun\u00e7a \u00fdurdumyzy\u0148 Da\u015fary i\u015fler\nministrliginde BMG-ni\u0148 Bilim, ylym we medeni\u00fdet meseleleri bo\u00fdun\u00e7a guramasyny\u0148\n(\u00ddUNESKO) i\u015fleri barada T\u00fcrkmenistany\u0148 Milli toparyny\u0148 birinji mejlisi ge\u00e7irildi.\nDu\u015fu\u015fyga\nMinistrler Kabinetini\u0148 Ba\u015flygyny\u0148 orunbasarlary, \u00fdurdumyzy\u0148 ugurda\u015f\nministrliklerini\u0148 we pudakla\u00fdyn dolandyry\u015f edaralaryny\u0148 \u00fdolba\u015f\u00e7ylary hem-de\nwekilleri gatna\u015fdylar.<\/p>\n\n\n\n<p>\u015eu \u00fdyly\u0148 23-nji okt\u00fdabrynda d\u00f6wlet\nBa\u015ftutanymyzy\u0148 gol \u00e7eken degi\u015fli Kararyna\nla\u00fdyklykda, Topary\u0148 d\u00fcz\u00fcmi we D\u00fczg\u00fcnnamasy tassyklanyldy.<\/p>\n\n\n\n<p>Mejlisi\u0148\nbar\u015fynda 2021 \u2013 2023-nji \u00fdyllar \u00fc\u00e7in Bilelikd\u00e4ki hereketler me\u00fdilnamasyny\u0148\ntaslamasyna garaldy, \u015fol sanda Adamzady\u0148 maddy d\u00e4l medeni mirasyny\u0148 sanawyna\ngirizmek \u00fc\u00e7in dutar \u00fdasamak senet\u00e7iligi, dutarda saz \u00e7almak we bag\u015fy\u00e7ylyk\nsungaty, ahalteke bedewlerini se\u00fdislemek hem-de t\u00fcrkmen alaba\u00fdlaryny k\u00f6peltmek\natly h\u00f6d\u00fcrnamany\u0148 \u00ddUNESKO-ny\u0148 sekretariaty tarapyndan hasaba alynmagyny\u0148\nmeseleleri ara alnyp maslahatla\u015fyldy.<\/p>\n\n\n\n<p>Sanly\ntehnologi\u00fdalar, howany\u0148 \u00fc\u00fdtgemegi, suw seri\u015fdelerini dolandyrmak, sport we\nsy\u00fdahat\u00e7ylyk ulgamlarynda hyzmatda\u015flygy\u0148 t\u00e4ze ugurlaryny\u0148 a\u00e7ylmagy bilen\nbaglylykda, \u00ddUNESKO-ny\u0148 i\u015fleri barada T\u00fcrkmenistany\u0148 Milli toparyny\u0148 i\u015fini\u0148\nk\u00e4mille\u015fdirilmegi we netijeliligini\u0148 \u00fdokarlandyrylmagy bo\u00fdun\u00e7a durmu\u015fa\nge\u00e7iril\u00fd\u00e4n \u00e7\u00e4releri\u0148 uly \u00e4hmi\u00fdete e\u00fdedigi bellenildi.<\/p>\n\n\n\n<p>H\u00e4zir\n\u00f6zba\u015fyna medeni hem-de taryhy gymmatlyklary\u0148 hataryna gir\u00fd\u00e4n \u00fc\u00e7 sany iri\ntaryhy-medeni goraghanalar &#8211; \u00abGadymy Merw\u00bb, K\u00f6ne\u00fcrgen\u00e7 we Gadymy Nusa\u00fd\nB\u00fctind\u00fcn\u00fd\u00e4 mirasyny\u0148 sanawyna girizilendigi bellenildi. \u015eol sanda \u00abG\u00f6rogly\u00bb\n\u015fadessany, \u00abK\u00fc\u015ftdepdi\u201d a\u00fddym we tans dessury hem-de t\u00fcrkmen milli haly\u00e7ylyk\nsungaty \u00ddUNESKO-ny\u0148 maddy d\u00e4l medeni mirasyny\u0148 sanawyna girizildi.<\/p>\n\n\n\n<p>Mejlisi\u0148\nbar\u015fynda bag\u015fy\u00e7ylygy\u0148 saz \u2013 \u015fygry\u00fdet sungatyny\u0148 i\u0148 gadymy hem-de \u00f6zbolu\u015fly\n\u00fd\u00f6relgelerini\u0148 biridigi bellenildi, sungaty\u0148 \u015fu g\u00f6rn\u00fc\u015fine t\u00fcrkmen halkyny\u0148\ntaryhynda a\u00fdratyn orun degi\u015flidir. \u00dderine \u00fdetirijilik sungatyny\u0148 bu \u00fdoluny\u0148\nbirn\u00e4\u00e7e ugurlary bar, \u015funda bag\u015fy-ozanlara\na\u00fdratyn orun degi\u015flidir.<\/p>\n\n\n\n<p>\u00c7yky\u015f\nedenler halk d\u00f6redijilik sungatyny\u0148 taryhy-medeni ta\u00fddan ylmy-wagyz g\u00f6rn\u00fc\u015finde\nd\u00fc\u00fdpli \u00f6wrenilmegini\u0148 milli ruhy gymmatlyklary\u0148, \u015fol sanda bag\u015fy\u00e7ylyk\n\u00fd\u00f6relgelerini\u0148 dowamatlylygyny gorap saklamaga hem-de mundan be\u00fdl\u00e4k-de wagyz\nedilmegine \u00fdardam berjekdigini nygtadylar.<\/p>\n\n\n\n<p>Mejlise\ngatna\u015fyjylar \u00fdurdumyz bilen \u00ddUNESKO-ny\u0148 arasynda ikitarapla\u00fdyn hyzmatda\u015flygy\u0148\nnetijeli h\u00e4si\u00fdetini bell\u00e4p, T\u00fcrkmenistany\u0148 milli we umumadamzat gymmatlyklaryny\ngorap saklamaga, d\u00f6wletleri\u0148 hem-de halklary\u0148 arasynda medeni-ynsanperwer\ngatna\u015fyklary\u0148 esasynda hyzmatda\u015flygy\u0148 ilerledilmegine ygrarlydygyny a\u00fdtdylar.<\/p>\n\n\n\n<p>T\u00fcrkmen\ntarapy \u00ddUNESKO-ny\u0148 \u015e\u00e4herleri\u0148 d\u00f6redijilik toruna girmek me\u00fdilnamalary barada\nhabar berdi, munu\u0148 \u00f6zi medeni gatna\u015fyklary\u0148 has-da pugtalandyrylmagyna, \u00f6z\n\u00e7\u00e4klerini\u0148 durnukly \u00f6sd\u00fcrilmegine ma\u00fda seri\u015fdelerini g\u00f6n\u00fckdirm\u00e4ge gyzyklanma\nbildir\u00fd\u00e4n \u015f\u00e4herleri\u0148 arasynda halkara hyzmatda\u015flygyny\u0148 \u00f6sd\u00fcrilmegine \u00fdardam\nberer.<\/p>\n\n\n\n<p>Mejlisi\u0148\ndowamynda \u00ddUNESKO-ny\u0148 halkara kadalaryna la\u00fdyklykda, halkymyzy\u0148 medeni hem-de\nruhy gymmatlyklary bolan ahalteke atlaryny se\u00fdislemek sungatyny\u0148 we alaba\u00fd\nitlerini k\u00f6peltmegi\u0148 milli a\u00fdratynlyklaryny\u0148 d\u00fcn\u00fd\u00e4 derejesind\u00e4ki \u00e4hmi\u00fdetini\n\u00fdokarlandyrmak maksady bilen, olary Adamzady\u0148 maddy d\u00e4l medeni mirasyny\u0148\nsanawyna girizmek \u00fc\u00e7in h\u00f6d\u00fcrnamany ta\u00fd\u00fdarlamak bo\u00fdun\u00e7a degi\u015fli i\u015fleri\u0148 \u00fdola\ngo\u00fdlandygy bellenildi.<\/p>\n\n\n\n<p>\u00c7yky\u015f\nedenler h\u00e4zirki wagtda se\u00fdisleri\u0148 we at\u015fynaslary\u0148 d\u00f6wlet Ba\u015ftutanymyzy\u0148 arassa ganly behi\u015fdi bedewleri\u0148 ba\u015f sanyny k\u00f6peltmek maksady\nbilen d\u00f6red\u00fd\u00e4n gi\u0148 m\u00fcmkin\u00e7iliklerinden pe\u00fddalanyp, bedewleri\u0148 tohumyny\ngowulandyrmak bo\u00fdun\u00e7a netijeli i\u015fleri alyp bar\u00fdandyklaryny, ata-babalarymyzy\u0148\nasyrlary\u0148 dowamynda \u00f6sd\u00fcrip \u00fdeti\u015fdiren ahalteke bedewlerini\u0148 \u015f\u00f6hratly taryhyny\ndowam etdirmek bilen, olary\u0148 bu pudagy\u0148 \u00f6sd\u00fcrilmegine \u00e4girt uly go\u015fant\ngo\u015fandyklaryny, \u00f6zlerini\u0148 a\u00fdratyn zehinlerini hem-de \u00e7\u00e4ksiz s\u00f6\u00fdg\u00fcsini si\u0148direndiklerini\na\u00fdtdylar.<\/p>\n\n\n\n<p>Milli\ntopary\u0148 birinji mejlisine gatna\u015fyjylary\u0148 nygta\u00fd\u015fy \u00fdaly, halk se\u00e7gi\u00e7ilerini\u0148 bu\nna\u00fdba\u015fy \u00fd\u00f6relgeleri t\u00e4sin sungat h\u00f6km\u00fcnde nesilden-nesle ge\u00e7iril\u00fd\u00e4r.<\/p>\n\n\n\n<p>\u00ddurdumyzy\u0148\nbilim ulgamynda hukuk kemsidilmelerine gar\u015fy g\u00f6re\u015f hakynda, medeni\n\u00f6zbolu\u015flylygy\u0148 d\u00fcrli g\u00f6rn\u00fc\u015flerini goramak we h\u00f6weslendirmek hakynda hem-de\n\u00fdokary bilim babatynda h\u00fcn\u00e4r derejelerini ykrar etmek hakynda \u00ddUNESKO-ny\u0148\nkonwensi\u00fdalaryna go\u015fuly\u015fmagy bilen baglany\u015fykly meselelere hem garaldy.<\/p>\n\n\n\n<p>BMG-ni\u0148\nBilim, ylym we medeni\u00fdet meseleleri barada guramasyny\u0148 i\u015fleri bo\u00fdun\u00e7a (\u00ddUNESKO)\nT\u00fcrkmenistany\u0148 Milli toparyny\u0148 birinji mejlisini\u0148 bar\u015fynda \u015fe\u00fdle hem sanly\nulgam taslamalarynda, maglumatlary aly\u015fmak hem-de be\u00fdleki m\u00f6h\u00fcm meseleler\nbo\u00fdun\u00e7a hyzmatda\u015flygy\u0148 m\u00fcmkin\u00e7ilikleri ara alnyp maslahatla\u015fyldy.<\/p>\n","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>2-nji no\u00fdabrda hormatly Prezidentimizi\u0148 tab\u015fyrygy bo\u00fdun\u00e7a \u00fdurdumyzy\u0148 Da\u015fary i\u015fler ministrliginde BMG-ni\u0148 Bilim, ylym we medeni\u00fdet meseleleri bo\u00fdun\u00e7a guramasyny\u0148 (\u00ddUNESKO) i\u015fleri barada T\u00fcrkmenistany\u0148 Milli toparyny\u0148 birinji mejlisi ge\u00e7irildi. Du\u015fu\u015fyga Ministrler Kabinetini\u0148 Ba\u015flygyny\u0148 orunbasarlary, \u00fdurdumyzy\u0148 ugurda\u015f ministrliklerini\u0148 we pudakla\u00fdyn dolandyry\u015f edaralaryny\u0148 \u00fdolba\u015f\u00e7ylary hem-de wekilleri gatna\u015fdylar. \u015eu \u00fdyly\u0148 23-nji okt\u00fdabrynda d\u00f6wlet Ba\u015ftutanymyzy\u0148 gol \u00e7eken degi\u015fli Kararyna la\u00fdyklykda, Topary\u0148 [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":2,"featured_media":35439,"comment_status":"open","ping_status":"closed","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[3],"tags":[],"acf":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/35437"}],"collection":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/2"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=35437"}],"version-history":[{"count":0,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/35437\/revisions"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/media\/35439"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=35437"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=35437"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=35437"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}