{"id":35693,"date":"2020-11-09T11:59:04","date_gmt":"2020-11-09T06:59:04","guid":{"rendered":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=35693"},"modified":"2020-11-09T11:59:04","modified_gmt":"2020-11-09T06:59:04","slug":"turkmenistan-yunesko-yokary-derejede-hyzmatdaslyk","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=35693","title":{"rendered":"T\u00dcRKMENISTAN &#8211; \u00ddUNESKO: \u00ddOKARY DEREJEDE HYZMATDA\u015eLYK"},"content":{"rendered":"<p>T\u00fcrkmenistan bilen Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 arasyndaky k\u00f6pugurly hyzmatda\u015flyk hormatly Prezidentimizi\u0148 alyp bar\u00fdan T\u00fcrkmenistany\u0148 da\u015fary sy\u00fdasy strategi\u00fdasyny\u0148 esasy ugrudyr. \u015eol sy\u00fdasaty\u0148 d\u00fc\u00fdp esasynda bolsa, o\u0148yn Bitaraplyk we gi\u0148 halkara hyzmatda\u015flyk \u00fd\u00f6relgesi dur\u00fdar. \u00d6zara gatna\u015fyklary\u0148 ba\u00fd tejribesine da\u00fdanyp, h\u00e4zirki zaman tapgyrynda bu hyzmatda\u015flyk t\u00e4ze derejelere \u00e7yk\u00fdar we \u00a0anyk mazmuna e\u00fde bol\u00fdar.<\/p>\n<p>Birle\u015fen Milletler Guramasy bilen netijeli gatna\u015fyklara mahsus bolan \u00f6s\u00fc\u015f depginleri, ilkinji nobatda, d\u00fcn\u00fd\u00e4 sy\u00fdasatyna T\u00fcrkmenistany\u0148 i\u015fje\u0148 gatna\u015fmagy, tutu\u015f adamzada degi\u015fli bolan global meseleleri\u0148 \u00e7\u00f6z\u00fclmegine anyk \u00fdardam berm\u00e4ge \u00fdurdumyzy\u0148 gyzyklanmasy bilen \u015fertlenendir. Bu \u00fd\u00f6relgeler BMG we d\u00fcn\u00fd\u00e4 jemgy\u00fdet\u00e7iligi tarapyndan gi\u0148 goldawa we ykrarnama e\u00fde boldy. Mundan ba\u015fga-da \u00fdurdumyz bu guramany\u0148 birn\u00e4\u00e7e \u00a0abra\u00fdly d\u00fcz\u00fcmlerine \u2014 BMG-ni\u0148 Ykdysady we durmu\u015f ge\u0148e\u015fini\u0148, BMG-ni\u0148 Ilat we \u00f6s\u00fc\u015f bo\u00fdun\u00e7a komissi\u00fdasyny\u0148, \u00ddUNESKO-ny\u0148 \u00dderine \u00fdetiriji ge\u0148e\u015fini\u0148, BMG-ni\u0148 \u00ddewropa ykdysady komissi\u00fdasyny\u0148 we BMG-ni\u0148 \u00ddewropa ykdysady komissi\u00fdasyny\u0148 Durnukly energetika bo\u00fdun\u00e7a Komitetini\u0148 B\u00fdurosyny\u0148, BMG-ni\u0148 Merkezi Azi\u00fda \u00fdurtlaryny\u0148 ykdysady\u00fdeti \u00fc\u00e7in \u00dd\u00f6rite maksatnamasyny\u0148, BMG-ni\u0148 Ne\u015fe seri\u015fdeleri bo\u00fdun\u00e7a komissi\u00fdasyny\u0148, BMG-ni\u0148 Bosgunlary\u0148 i\u015fi bo\u00fdun\u00e7a \u00ddokary komissaryny\u0148 maksatnamasyny\u0148 \u00dderine \u00fdetiriji komitetini\u0148, BMG-ni\u0148 gender de\u0148ligi hem-de zenanlary\u0148 hukuklaryny we m\u00fcmkin\u00e7iliklerini gi\u0148eltmek meseleleri bo\u00fdun\u00e7a (UN-WOMEN) \u00dderine \u00fdetiriji ge\u0148e\u015fini\u0148 d\u00fcz\u00fcmine we be\u00fdlekilere en\u00e7eme gezek sa\u00fdlanyldy.<\/p>\n<p>\u00ddokardaky d\u00fcz\u00fcmleri\u0148 biri bolan \u00ddUNESKO bilen T\u00fcrkmenistany\u0148 arasyndaky hyzmatda\u015flyk indi birn\u00e4\u00e7e \u00fdyllardan b\u00e4ri yzygiderli \u00f6sd\u00fcril\u00fd\u00e4r. T\u00fcrkmenistan 1993-nji \u00fdyly\u0148 17-nji awgustynda \u00ddUNESKO-ny\u0148 konwensi\u00fdasyna gol \u00e7eken g\u00fcn\u00fcnden b\u00e4ri, onu\u0148 doly hukukly agzasy hasaplan\u00fdar. Bu abra\u00fdly gurama medeni\u00fdete degi\u015fli \u00fdadyg\u00e4rlikleri we tebigy land\u015faftlary a\u00fdawly saklamak bo\u00fdun\u00e7a halkara derejed\u00e4ki i\u015fde ilkinji orny e\u00fdel\u00e4p, \u00e4hlumumy gymmatlyklara we her bir halky\u0148 mertebesine uly hormat go\u00fdulmagyna esaslan\u00fdan a\u00e7yk gatna\u015fyklar \u00fc\u00e7in o\u0148a\u00fdly \u015fertleri\u0148 d\u00f6redilmegi ugrunda i\u015f alyp bar\u00fdar.<\/p>\n<p>Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 Bilim, ylym we medeni\u00fdet bo\u00fdun\u00e7a guramasyny\u0148 (\u00ddUNESKO) Ba\u015f maslahatyny\u0148 Fransi\u00fda Respublikasyny\u0148 pa\u00fdtagtynda ge\u00e7iril\u00fd\u00e4n 37-nji mejlisinde T\u00fcrkmenistan ilkinji gezek 2013-2017-nji \u00fdyllarda \u00ddUNESKO-ny\u0148 \u00dderine \u00fdetiriji ge\u0148e\u015fini\u0148 agzalygyna sa\u00fdlandy. \u00ddUNESKO-ny\u0148 \u00dderine \u00fdetiriji ge\u0148e\u015fi \u2013 abra\u00fdly halkara guramasyny\u0148 iki \u00fdolba\u015f\u00e7y edaralary\u0148 biri bolup dur\u00fdar. \u00ddUNESKO-ny\u0148 \u00dderine \u00fdetiriji ge\u0148e\u015fini\u0148 agzalygyna \u015fol guramany\u0148 agzasy bolup dur\u00fdan 58 d\u00f6wlet gir\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>T\u00fcrkmenistan \u00ddUNESKO-ny\u0148 B\u00fctind\u00fcn\u00fd\u00e4 medeni we tebigy mirasy goramak baradaky Konwensi\u00fdasyna go\u015fulyp, d\u00fcn\u00fd\u00e4 medeni\u00fdetini\u0148 a\u00fdrylmaz b\u00f6legine e\u00fde bolan taryhy-medeni we tebigy gymmatlyklary geljekki nesillere \u00fdetirmek bo\u00fdun\u00e7a uly m\u00f6\u00e7berli i\u015fi yzygiderli amala a\u015fyr\u00fdar. Konwensi\u00fdany\u0148 \u00e7\u00e4klerinde t\u00fcrkmen h\u00fcn\u00e4rmenleri da\u015fary \u00fdurtly bilermenler bilen bilelikde, \u00fdadyg\u00e4rlikleri\u0148 arasyndan k\u00e4birisini sa\u00fdlap aldylar, wagty\u0148 ge\u00e7megi bilen, bular sa\u00fdlap-se\u00e7mek arkaly, \u00ddUNESKO-ny\u0148 B\u00fctind\u00fcn\u00fd\u00e4 mirasyny\u0148 abra\u00fdly sanawyna girizildi. Olary\u0148 arasynda m\u00f6h\u00fcm \u00e4hmi\u00fdetli we umumadamzat \u00fc\u00e7in gymmatly taryhy-arheologik \u00fdadyg\u00e4rliklerini\u0148 \u00fc\u00e7\u00fcsi \u2013 Gadymy Merw (1999 \u00fd.), K\u00f6ne\u00fcrgen\u00e7 (2005\u00fd.) we Nusa\u00fd (2007\u00fd.) \u00fdadyg\u00e4rlikleri bar. H\u00e4zirki wagtda bu ugurdaky i\u015fler yzygiderli dowam etdiril\u00fd\u00e4r. Be\u00fdik \u00dd\u00fcpek \u00fdoluny\u0148 esasy \u00fdollaryny\u0148 ugrundaky Dehistan, Nusa\u00fd, Merw, Sarahs, Amul, K\u00f6ne\u00fcrgen\u00e7 \u00fdaly uly gadymy \u015f\u00e4herleri\u0148 arasynda \u00fderle\u015f\u00fd\u00e4n \u00fdadyg\u00e4rlikleri\u0148 toplumy nominasi\u00fda bo\u00fdun\u00e7a g\u00f6rkezildi. Ilkinji nobatda, bular kerwensara\u00fdlardan, k\u00f6\u015fklerden, metjitlerden, \u015fe\u00fdle hem keramatly \u00fderlerden ybaratdyr. \u00c7yn-Ma\u00e7yn bilen \u00ddewropa d\u00f6wletlerini birikdiren Be\u00fdik \u00dd\u00fcpek \u00fdoly B\u00fctind\u00fcn\u00fd\u00e4 milletara mirasyny\u0148 sanawyna girizildi. Mundan ba\u015fga-da, Be\u00fdik \u00dd\u00fcpek \u00fdoluny\u0148 ugrunda d\u00f6r\u00e4n we d\u00e4p bolup gelen sport g\u00f6rn\u00fc\u015fleri we o\u00fdunlaryny BMG-ni\u0148 Be\u00fdik \u00dd\u00fcpek \u00fdoluny\u0148 ugrunda medeni \u00e7\u00e4releri\u0148 interaktiw atlasyna girizmek barada h\u00fcn\u00e4rmenleri\u0148 netijeli maslahatlary ge\u00e7irildi.<\/p>\n<p>Halkymyzy\u0148 sungatyny\u0148 aja\u00fdyp nusgalary \u00abG\u00f6rogly\u00bb \u015fadessany, \u00abK\u00fc\u015ftdepdi\u00bb a\u00fddym we tans dessury hem-de t\u00fcrkmen zenanlaryny\u0148 zehininden kemal tapan haly\u00e7ylyk sungaty hem Adamzady\u0148 maddy d\u00e4l medeni mirasyny\u0148 sanawyna girizilip, halkara derejesinde ykrar edildi. 2019-njy \u00fdyly\u0148 12-nji dekabrynda Kolumbi\u00fda Respublikasyny\u0148 pa\u00fdtagty Bogota \u015f\u00e4herinde ge\u00e7irilen Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 Bilim, ylym we medeni\u00fdet bo\u00fdun\u00e7a guramasyny\u0148 Maddy d\u00e4l medeni mirasy gorap saklamak baradaky h\u00f6k\u00fcmetara komitetini\u0148 nobatdaky 14-nji mejlisini\u0148 dowamynda T\u00fcrkmenistany\u0148 h\u00f6d\u00fcrlemegi bo\u00fdun\u00e7a t\u00fcrkmen milli haly\u00e7ylyk sungatyny \u00ddUNESKO-ny\u0148 Adamzady\u0148 maddy d\u00e4l medeni mirasyny\u0148 sanawyna girizmek baradaky \u00e7\u00f6zg\u00fct komiteti\u0148 agza \u00fdurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Bu hyzmatda\u015flygy\u0148 netijesinde guramany\u0148 B\u00fctind\u00fcn\u00fd\u00e4 mirasyny\u0148 sanawyna, \u00abG\u00f6rogly\u00bb \u015fadessany we \u00abK\u00fc\u015ftdepdi\u00bb a\u00fddym we tans dessury Adamzady\u0148 maddy d\u00e4l medeni mirasyny\u0148 sanawyna girizildi.<\/p>\n<p>H\u00e4zirki wagtda \u00fdurdumyzda Orta asyr binag\u00e4rligini\u0148 aja\u00fdyp \u00fdadyg\u00e4rliklerinde dikeldi\u015f i\u015fleri hem \u00fcst\u00fcnlikli alnyp baryl\u00fdar. Amuldan Horezme bar\u00fdan kerwen \u00fdolunda m\u00fc\u0148 \u00fdyl t\u00f6weregi mundan ozal gurlan Da\u00fdahatyn kerwensara\u00fdynda dikeldi\u015f i\u015flerini\u0148 birinji tapgyry tamamlandy. H\u00e4zirki wagtda \u00ddUNESKO-ny\u0148 B\u00fctind\u00fcn\u00fd\u00e4 mirasyny\u0148 sanawyna go\u015fmak \u00fc\u00e7in teklip edilen Da\u00fdahatyn kerwensara\u00fdyny dikeltmegi\u0148 indiki tapgyrlaryny\u0148 wezipeleri kesgitlendi. D\u00fcn\u00fd\u00e4 medeni\u00fdetini\u0148 b\u00e4\u015finji ojagy hasaplan\u00fdan T\u00fcrkmenistany\u0148 d\u00fcn\u00fd\u00e4 medeni\u00fdetine go\u015fant go\u015fan gymmatlyklaryndan \u201cG\u00f6rogly\u201d dessan\u00e7ylyk sungatyny\u0148 2015-nji \u00fdylda bu halkara guramasyny\u0148 maddy d\u00e4l medeni mirasyny\u0148 sanawyna girizildi. \u00ddUNESKO-ny\u0148 Efiopi\u00fdada ge\u00e7irilen Maddy d\u00e4l medeni mirasy goramak bo\u00fdun\u00e7a komitetini\u0148 mejlisinde Nowruz ba\u00fdramyny\u0148 d\u00e4p-dessurlaryny\u0148 bu halkara guramany\u0148 maddy d\u00e4l medeni mirasyny\u0148 sanawyna girizilenligi hakyndaky ho\u015f habar bizi\u0148 \u00e4hlimizi guwandyrdy.<\/p>\n<p>\u00ddUNESKO bilen hyzmatda\u015flygy\u0148 ileri tutul\u00fdan ugurlaryny\u0148 biri, ol hem t\u00fcrkmen halkyny\u0148 maddy d\u00e4l taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak bolup dur\u00fdar. Maddy d\u00e4l medeni mirasyny\u0148 sanawyna T\u00fcrkmenistany\u0148 e\u00fd\u00fdam birn\u00e4\u00e7e medeni gymmatlyklary girizilendir. \u015eunu\u0148 bilen baglylykda, \u00a0\u00ddUNESKO we T\u00fcrkmenistan ahalteke atlaryny\u0148 we i\u0148 gadymy it tohumlaryny\u0148 biri bolan alaba\u00fdlary\u0148 \u00e4hmi\u00fdeti, olary\u0148 goralyp saklanylmagyny\u0148 we gi\u0148den tanadylmagyny\u0148 bolsa d\u00fcn\u00fd\u00e4 medeni mirasyny\u0148 goraglylygy nukda\u00fdnazaryndan wajyplygy belle\u00fd\u00e4rler.\u00a0 \u015ee\u00fdle-de t\u00fcrkmen tarapy medeni\u00fdetara hyzmatda\u015flygy\u0148 berkidilmegine go\u015fant go\u015fjak \u00ddUNESKO-ny\u0148 sungat \u015f\u00e4herleri toruna go\u015fuly\u015fmakda hem netijeli i\u015fleri amala a\u015fyr\u00fdar.<\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><strong>Sona <\/strong><strong>HALYKOWA<\/strong><strong>,<\/strong><\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><strong>T\u00fcrkmenistany\u0148 Da\u015fary i\u015fler ministrligini\u0148 Halkara gatna\u015fyklary institutyny\u0148 talyby.<\/strong><\/p>\n","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>T\u00fcrkmenistan bilen Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 arasyndaky k\u00f6pugurly hyzmatda\u015flyk hormatly Prezidentimizi\u0148 alyp bar\u00fdan T\u00fcrkmenistany\u0148 da\u015fary sy\u00fdasy strategi\u00fdasyny\u0148 esasy ugrudyr. \u015eol sy\u00fdasaty\u0148 d\u00fc\u00fdp esasynda bolsa, o\u0148yn Bitaraplyk we gi\u0148 halkara hyzmatda\u015flyk \u00fd\u00f6relgesi dur\u00fdar. \u00d6zara gatna\u015fyklary\u0148 ba\u00fd tejribesine da\u00fdanyp, h\u00e4zirki zaman tapgyrynda bu hyzmatda\u015flyk t\u00e4ze derejelere \u00e7yk\u00fdar we \u00a0anyk mazmuna e\u00fde bol\u00fdar. Birle\u015fen Milletler Guramasy bilen netijeli gatna\u015fyklara [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":2,"featured_media":35694,"comment_status":"open","ping_status":"closed","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[12],"tags":[],"acf":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/35693"}],"collection":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/2"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=35693"}],"version-history":[{"count":0,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/35693\/revisions"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/media\/35694"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=35693"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=35693"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=35693"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}