{"id":57568,"date":"2022-03-26T10:24:10","date_gmt":"2022-03-26T05:24:10","guid":{"rendered":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=57568"},"modified":"2022-03-26T10:43:49","modified_gmt":"2022-03-26T05:43:49","slug":"ministrler-kabinetinin-taze-duzumi-tassyklandyq","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=57568","title":{"rendered":"Ministrler Kabinetini\u0148 t\u00e4ze d\u00fcz\u00fcmi tassyklandy"},"content":{"rendered":"<p><strong>25-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetini\u0148 mejlisini ge\u00e7irdi. Onda Ministrler Kabinetini\u0148 t\u00e4ze d\u00fcz\u00fcmini d\u00fczmek bilen bagly meselelere hem-de resminamalary\u0148 ta\u00fd\u00fdarlanan taslamalaryna seredildi. \u015ee\u00fdle hem \u00fdurdumyzy\u0148 durmu\u015fyna degi\u015fli m\u00f6h\u00fcm meseleleri\u0148 birn\u00e4\u00e7esi ara alnyp maslahatla\u015fyldy.<\/strong><\/p>\n<p>D\u00f6wlet Ba\u015ftutanymyz mejlisi\u0148 g\u00fcn tertibini yglan edip, \u00abT\u00fcrkmenistany\u0148 Ministrler Kabinetini\u0148 d\u00fcz\u00fcmini tassyklamak hakynda\u00bb \u041aarara gol \u00e7ekdi.<\/p>\n<p>Ministrler Kabinetini\u0148 d\u00fcz\u00fcmi Ministrler Kabinetini\u0148 Ba\u015flygyny\u0148 dokuz orunbasaryndan, on \u00fdedi ministrden we \u00fdigrimi sany pudakla\u00fdyn dolandyry\u015f edarasyny\u0148 \u00fdolba\u015f\u00e7ysyndan ybaratdyr.<\/p>\n<p>Ministrler Kabinetini\u0148 Ba\u015flygyny\u0148 ykdysady, bank we halkara mali\u00fde guramalary meseleleri bo\u00fdun\u00e7a orunbasary wezipesine M.Muhammedow bellenildi. \u015ee\u00fdle hem M.Muhammedow Gara\u015fsyz D\u00f6wletleri\u0148 Arkala\u015fygyna agza \u00fdurtlary\u0148 Ykdysady ge\u0148e\u015fine T\u00fcrkmenistandan wekil h\u00f6km\u00fcnde bellenildi.<\/p>\n<p>S.To\u00fdly\u00fdewi\u0148 i\u015f tejribesi g\u00f6z \u00f6\u0148\u00fcnde tutulyp, ylym, bilim, saglygy gora\u00fdy\u015f we be\u00fdleki degi\u015fli ulgamlara g\u00f6zeg\u00e7ilik ed\u00fd\u00e4n wise-prem\u00fder wezipesinde galdyryldy.<\/p>\n<p>M.M\u00e4mmedowany\u0148 i\u015f tejribesi g\u00f6z \u00f6\u0148\u00fcnde tutulyp, medeni\u00fdet ulgamyna g\u00f6zeg\u00e7ilik ed\u00fd\u00e4n Ministrler Kabinetini\u0148 Ba\u015flygyny\u0148 orunbasary wezipesinde galdyryldy.<\/p>\n<p>\u015e.Abdrahmanowy\u0148 i\u015f tejribesi nazara alnyp, Ministrler Kabinetini\u0148 Ba\u015flygyny\u0148 nebitgaz pudagyny\u0148 meseleleri bo\u00fdun\u00e7a orunbasary wezipesine bellenildi. \u015ee\u00fdle hem wise-prem\u00fderi\u0148 \u00fcst\u00fcne S\u00f6wda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatda\u015flyk bo\u00fdun\u00e7a t\u00fcrkmen-kore\u00fd toparyny\u0148, S\u00f6wda-ykdysady hyzmatda\u015flyk bo\u00fdun\u00e7a h\u00f6k\u00fcmetara t\u00fcrkmen-owgan toparyny\u0148, Ykdysady hyzmatda\u015flyk bo\u00fdun\u00e7a h\u00f6k\u00fcmetara t\u00fcrkmen-ermeni toparyny\u0148, S\u00f6wda-ykdysady hyzmatda\u015flyk bo\u00fdun\u00e7a bilelikd\u00e4ki h\u00f6k\u00fcmetara t\u00fcrkmen-saud toparyny\u0148 we T\u00fcrkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz ge\u00e7irijisini\u0148 taslamasyny durmu\u015fa ge\u00e7irmek bo\u00fdun\u00e7a \u00ddolba\u015f\u00e7y komiteti\u0148 t\u00fcrkmen b\u00f6legini\u0148 ba\u015flygyny\u0148 bor\u00e7lary \u00fd\u00fcklenildi.<\/p>\n<p>E.Orazgeldi\u00fdewi\u0148 i\u015f tejribesi g\u00f6z \u00f6\u0148\u00fcnde tutulyp, oba hojalyk ulgamyna g\u00f6zeg\u00e7ilik ed\u00fd\u00e4n Ministrler Kabinetini\u0148 Ba\u015flygyny\u0148 orunbasary wezipesine bellenildi. \u015ee\u00fdle hem wise-prem\u00fderi\u0148 \u00fcst\u00fcne S\u00f6wda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatda\u015flyk bo\u00fdun\u00e7a bilelikd\u00e4ki t\u00fcrkmen-\u00f6zbek toparyny\u0148 we Suw hojalyk meseleleri bo\u00fdun\u00e7a bilelikd\u00e4ki t\u00fcrkmen-\u00f6zbek h\u00f6k\u00fcmetara toparyny\u0148 t\u00fcrkmen b\u00f6legini\u0148 ba\u015flygyny\u0148 bor\u00e7lary \u00fd\u00fcklenildi. \u015ee\u00fdle hem H\u00f6k\u00fcmeti\u0148 Ba\u015ftutanyny\u0148 orunbasary Araly halas etmegi\u0148 halkara gaznasyny\u0148 M\u00fcdiri\u00fdetini\u0148 T\u00fcrkmenistandan agzasy h\u00f6km\u00fcnde bellenildi.<\/p>\n<p>\u00c7.Pur\u00e7ekowy\u0148 i\u015f tejribesi g\u00f6z \u00f6\u0148\u00fcnde tutulyp, gurlu\u015fyk toplumyna g\u00f6zeg\u00e7ilik ed\u00fd\u00e4n Ministrler Kabinetini\u0148 Ba\u015flygyny\u0148 orunbasary wezipesine bellenildi we onu\u0148 \u00fcst\u00fcne Ykdysady hyzmatda\u015flyk bo\u00fdun\u00e7a h\u00f6k\u00fcmetara t\u00fcrkmen-ukrain toparyny\u0148 t\u00fcrkmen b\u00f6legini\u0148 ba\u015flygyny\u0148 bor\u00e7laryny \u00fd\u00fcklenildi.<\/p>\n<p>\u00c7.Gylyjowy\u0148 i\u015f tejribesi nazara alnyp, Ministrler Kabinetini\u0148 Ba\u015flygyny\u0148 s\u00f6wda toplumyna g\u00f6zeg\u00e7ilik ed\u00fd\u00e4n orunbasary wezipesinde galdyryldy. \u015ee\u00fdle hem wise-prem\u00fderi\u0148 \u00fcst\u00fcne Bilelikd\u00e4ki t\u00fcrkmen-german i\u015f toparyny\u0148, Ykdysady hyzmatda\u015flyk bo\u00fdun\u00e7a h\u00f6k\u00fcmetara t\u00fcrkmen-t\u00fcrk toparyny\u0148, Ykdysady hyzmatda\u015flyk bo\u00fdun\u00e7a h\u00f6k\u00fcmetara t\u00fcrkmen-azerba\u00fdjan toparyny\u0148 hem-de Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatda\u015flyk bo\u00fdun\u00e7a h\u00f6k\u00fcmetara t\u00fcrkmen-gazak toparyny\u0148 t\u00fcrkmen b\u00f6legini\u0148 ba\u015flygyny\u0148 bor\u00e7lary \u00fd\u00fcklenildi.<\/p>\n<p>M.\u00c7aky\u00fdewi\u0148 i\u015f tejribesi g\u00f6z \u00f6\u0148\u00fcnde tutulyp, ulag we aragatna\u015fyk toplumyna g\u00f6zeg\u00e7ilik ed\u00fd\u00e4n Ministrler Kabinetini\u0148 \u00fdanyndaky Ulag we kommunikasi\u00fdalar agentligini\u0148 Ba\u015f direktory wezipesine bellenildi. \u015ee\u00fdle hem agentligi\u0148 \u00fdolba\u015f\u00e7ysyny\u0148 \u00fcst\u00fcne Ykdysady hyzmatda\u015flyk bo\u00fdun\u00e7a h\u00f6k\u00fcmetara t\u00fcrkmen-belarus toparyny\u0148 t\u00fcrkmen b\u00f6legini\u0148 ba\u015flygyny\u0148 bor\u00e7lary \u00fd\u00fcklenildi.<\/p>\n<p>R.Meredowy\u0148 i\u015f tejribesi g\u00f6z \u00f6\u0148\u00fcnde tutulyp, Ministrler Kabinetini\u0148 Ba\u015flygyny\u0148 orunbasary, da\u015fary i\u015fler ministri wezipelerinde galdyryldy. \u015ee\u00fdle hem onu\u0148 \u00fcst\u00fcne Ykdysady hyzmatda\u015flyk bo\u00fdun\u00e7a h\u00f6k\u00fcmetara t\u00fcrkmen-rus toparyny\u0148, Hyzmatda\u015flyk bo\u00fdun\u00e7a t\u00fcrkmen-hyta\u00fd komitetini\u0148, T\u00fcrkmen-\u00fdapon ykdysady komitetini\u0148, Ykdysady hyzmatda\u015flyk bo\u00fdun\u00e7a bilelikd\u00e4ki t\u00fcrkmen-e\u00fdran toparyny\u0148, T\u00fcrkmenistan bilen Birle\u015fen Arap Emirliklerini\u0148 arasynda hyzmatda\u015flyk bo\u00fdun\u00e7a bilelikd\u00e4ki komiteti\u0148, S\u00f6wda-ykdysady hyzmatda\u015flyk bo\u00fdun\u00e7a bilelikd\u00e4ki h\u00f6k\u00fcmetara t\u00fcrkmen-katar toparyny\u0148, Bilelikd\u00e4ki t\u00fcrkmen-pakistan h\u00f6k\u00fcmetara toparyny\u0148, S\u00f6wda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatda\u015flyk bo\u00fdun\u00e7a h\u00f6k\u00fcmetara t\u00fcrkmen-hindi toparyny\u0148, S\u00f6wda-ykdysady hyzmatda\u015flyk bo\u00fdun\u00e7a h\u00f6k\u00fcmetara t\u00fcrkmen-slowen toparyny\u0148 t\u00fcrkmen b\u00f6legini\u0148 ba\u015flygyny\u0148 bor\u00e7lary \u00fd\u00fcklenildi.<\/p>\n<p>\u015eonu\u0148 \u00fdaly-da, R.Meredow Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 Bilim, ylym we medeni\u00fdet bo\u00fdun\u00e7a guramasyny\u0148 (\u00ddUNESKO) i\u015fleri barada T\u00fcrkmenistany\u0148 milli toparyna, T\u00fcrkmenistany\u0148 H\u00f6k\u00fcmeti bilen Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 \u00d6s\u00fc\u015f maksatnamasyny\u0148 arasyndaky \u00f6zara d\u00fc\u015f\u00fcni\u015fmek hakyndaky \u00c4htnamany\u0148 \u00e7\u00e4klerinde d\u00f6redilen strategik Maslahat beri\u015f Ge\u0148e\u015fine \u00fdolba\u015f\u00e7ylyk eder. \u015ee\u00fdle hem ol T\u00fcrkmenistany\u0148 Hazar de\u0148zini\u0148 meseleleri bo\u00fdun\u00e7a pudagara toparyny\u0148 ba\u015flygy wezipesine bellenil\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>I\u015f tejribesi g\u00f6z \u00f6\u0148\u00fcnde tutulyp, \u00c7.Amanow Ministrler Kabinetini\u0148 Ba\u015flygyny\u0148 orunbasary, D\u00f6wlet howpsuzlyk ge\u0148e\u015fini\u0148 sekretary wezipesinde galdyryldy.<\/p>\n<p>Mejlisi\u0148 dowamynda degi\u015fli Karara gol \u00e7ekildi. Resminama la\u00fdyklykda, wise-prem\u00fder \u00c7.Gylyjow Ahal wela\u00fdaty, wise-prem\u00fder M.Muhammedow Balkan wela\u00fdaty, wise-prem\u00fder E.Orazgeldi\u00fdew Da\u015foguz wela\u00fdaty, wise-prem\u00fder \u015e.Abdrahmanow Lebap wela\u00fdaty, wise-prem\u00fder S.To\u00fdly\u00fdew Mary wela\u00fdaty, wise-prem\u00fder \u00c7.Pur\u00e7ekow A\u015fgabat \u015f\u00e4heri bo\u00fdun\u00e7a jogapk\u00e4r edilip bellenildi.<\/p>\n<p><strong>Pudaklary\u0148 \u00fdolba\u015f\u00e7ylary bir hepd\u00e4ni\u0148 dowamynda h\u00f6d\u00fcrlener<\/strong><\/p>\n<p>Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetini\u0148 agzalaryna \u00fd\u00fczlenip, t\u00e4ze H\u00f6k\u00fcmeti bir a\u00fdy\u0148 dowamynda d\u00fczmek baradaky kanuna la\u00fdyklykda, g\u00f6zeg\u00e7ilik ed\u00fd\u00e4n pudaklaryny\u0148 \u00fdolba\u015f\u00e7ylaryny wezip\u00e4 bellemek \u00fc\u00e7in mynasyp adamlary bir hepd\u00e4ni\u0148 dowamynda h\u00f6d\u00fcrlemegi tab\u015fyrdy. D\u00f6wlet Ba\u015ftutanymyz \u00e4hli derejed\u00e4ki \u00fdolba\u015f\u00e7ylardan \u00f6r\u00e4n berk talap ediljekdigini du\u00fdduryp, her bir \u00fdolba\u015f\u00e7yny\u0148 \u00f6r\u00e4n netijeli i\u015flemegi, halkymyzy\u0148 b\u00e4hbidine gujur-ga\u00fdratyny, bilimini we tejribesini doly ulanyp z\u00e4hmet \u00e7ekmegi \u00fc\u00e7in, \u00fdolba\u015f\u00e7ylary \u00fcns bilen se\u00e7ip almagy\u0148 wajypdygyny nygtady. Olar \u00e4hli tagallalaryny ileri tutul\u00fdan birn\u00e4\u00e7e wezipelerde jemlemelidirler.<\/p>\n<p>Ministrlikleri\u0148 we pudak edaralaryny\u0148 ilkinji nobatda \u00e7\u00f6zmeli bu wezipelerini men T\u00fcrkmenistany\u0148 Prezidentini\u0148 wezip\u00e4 giri\u015fmek dabarasynda eden \u00e7yky\u015fymda bell\u00e4p ge\u00e7dim di\u00fdip, d\u00f6wlet Ba\u015ftutanymyz a\u00fdtdy. H\u00f6k\u00fcmeti\u0148 \u00f6\u0148\u00fcnde ilaty\u0148 girdejilerini we \u00fda\u015fa\u00fdy\u015f-durmu\u015f derejesini \u00fdokarlandyrmak, \u015f\u00e4herlerde we obalarda talabala\u00fdyk \u00fda\u015fa\u00fdy\u015f-durmu\u015f \u015fertlerini \u00fcpj\u00fcn etmek esasy wezipe h\u00f6km\u00fcnde kesgitlenildi. Bu wezipeleri durmu\u015fa ge\u00e7irmek \u00fc\u00e7in, geljek \u00fdedi \u00fdylda d\u00f6wletimizi \u00f6sd\u00fcrmegi\u0148 Prezident maksatnamasyny i\u015fl\u00e4p ta\u00fd\u00fdarlamak hem-de Ministrler Kabinetini\u0148 mejlisinde seretmek tab\u015fyryldy.<\/p>\n","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>25-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetini\u0148 mejlisini ge\u00e7irdi. Onda Ministrler Kabinetini\u0148 t\u00e4ze d\u00fcz\u00fcmini d\u00fczmek bilen bagly meselelere hem-de resminamalary\u0148 ta\u00fd\u00fdarlanan taslamalaryna seredildi. \u015ee\u00fdle hem \u00fdurdumyzy\u0148 durmu\u015fyna degi\u015fli m\u00f6h\u00fcm meseleleri\u0148 birn\u00e4\u00e7esi ara alnyp maslahatla\u015fyldy. D\u00f6wlet Ba\u015ftutanymyz mejlisi\u0148 g\u00fcn tertibini yglan edip, \u00abT\u00fcrkmenistany\u0148 Ministrler Kabinetini\u0148 d\u00fcz\u00fcmini tassyklamak hakynda\u00bb \u041aarara gol \u00e7ekdi. Ministrler [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":2,"featured_media":57569,"comment_status":"open","ping_status":"closed","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[3],"tags":[],"acf":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/57568"}],"collection":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/2"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=57568"}],"version-history":[{"count":0,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/57568\/revisions"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/media\/57569"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=57568"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=57568"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=57568"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}