{"id":68957,"date":"2022-12-04T11:16:22","date_gmt":"2022-12-04T06:16:22","guid":{"rendered":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=68957"},"modified":"2022-12-03T17:18:19","modified_gmt":"2022-12-03T12:18:19","slug":"katar-2022-dunya-kubogynda-cykys-edyan-doganlar","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=68957","title":{"rendered":"Katar 2022 D\u00fcn\u00fd\u00e4 Kubogynda \u00e7yky\u015f ed\u00fd\u00e4n doganlar"},"content":{"rendered":"<p>D\u00fcn\u00fd\u00e4 Kubogyna gatna\u015f\u00fdan 831 futbol\u00e7yny\u0148 arasynda bir ma\u015fgalany\u0148 agzalary, \u00fdagny dogan futbol\u00e7ylar hem bar. Bu \u00e7empionatda futbol\u00e7y doganlary\u0148 5 j\u00fcb\u00fcti hasaby alyndy. \u015eol 5 j\u00fcb\u00fcti\u0148 4-si\u00a0 \u00a0bir milli toparda \u00e7yky\u015f ed\u00fd\u00e4r. Galan birini\u0148 bolsa, milli toparlary ba\u015fga\u00e7a.<\/p>\n<p>Belgi\u00fdany\u0148 d\u00fcz\u00fcminde doganlar Hazarlar bolup, olary\u0148 ulusy Edin 10-njy, ki\u00e7isi Torgan 21-nji belgide o\u00fdna\u00fdar. Iki futbol\u00e7y-da milli \u00fdygyndyny\u0148 i\u0148 esasy h\u00fcj\u00fcm g\u00fc\u00fdji hasaplan\u00fdar. 1-nji du\u015fu\u015fykda \u00fdygyndyny\u0148 kapitany Edin \u00e7yky\u015f eden bolsa, agasyndan 2 \u00fda\u015f ki\u00e7i Torgan \u00e4ti\u00fda\u00e7da oturdy. Marokkony\u0148 \u00fdygyndysyna gar\u015fy ge\u00e7irilen du\u015fu\u015fykda bolsa olary\u0148 ikisi hem esasy d\u00fcz\u00fcmde me\u00fddan\u00e7a \u00e7ykdy. Horwati\u00fda bilen bolan o\u00fdunda 2 dogan hem o\u00fdna so\u0148 go\u015fuldy.<\/p>\n<p>Fransi\u00fdany\u0148 d\u00fcz\u00fcminde-de iki gorag\u00e7y dogan bolup, 1 \u00fda\u015f aratapawutly doganlar Hernandesler topary\u0148 esasy o\u00fdun\u00e7ylary hasaplan\u00fdar. Luka bilen Teo Hernandesleri\u0148 ikisi-de \u00e7ep gyrada o\u00fdnap, ulusy Luka wagtal-wagtal merkezi goragda hem \u00e7yky\u015f ed\u00fd\u00e4r. Teo bolsa di\u0148e \u00e7ep goragda d\u00e4l-de, k\u00e4mahal \u00e7ep ganatda hem \u00e7yky\u015f ed\u00fd\u00e4r. Luka 21-nji, Teo 22-nji belgili k\u00f6\u00fdnek\u00e7\u00e4ni ge\u00fd\u00fd\u00e4r. Fransi\u00fdany\u0148 \u00fdygyndysyny\u0148 ilkinji du\u015fu\u015fygynda, \u00fdagny Awstrali\u00fda bilen ge\u00e7irilen o\u00fdunda Hernandesleri\u0148 ulusy Luka agyr \u015fikes aldy. Operasi\u00fda bolan Lukany\u0148 di\u0148e bir D\u00fcn\u00fd\u00e4 Kubogynda-da d\u00e4l, m\u00f6ws\u00fcmi\u0148 galanynda hem me\u00fddan\u00e7a \u00e7ykyp bilmejekdigi habar berildi. \u015eol du\u015fu\u015fykda agasyny\u0148 ornuna Teo me\u00fddan\u00e7a girip, ol bir golu\u0148 pasyny hem berdi.<\/p>\n<p>Ganany\u0148 milli \u00fdygyndysynda-da Afrika futbolyny\u0148 \u00e4girtlerinden Abedi Peleni\u0148 ogullary Jordan bilen Andre A\u00fdewler milli topary\u0148 i\u0148 esasy \u00fdyldyzlarydyr. Ulusy Jordan topary\u0148 kapitany bolup, ol 10-njy belgide o\u00fdna\u00fdar. 1-nji du\u015fu\u015fykda Jordan A\u00fdew gol hem ge\u00e7irdi. G\u00fcnorta Kore\u00fda bilen ge\u00e7irilen du\u015fu\u015fykda aratapawudy 2 \u00fda\u015f bolan doganlary\u0148 ikisi hem esasy d\u00fcz\u00fcmde me\u00fddan\u00e7a \u00e7ykdy. Olar 3-nji du\u015fu\u015fykda bile \u00e7yky\u015f etdiler.<\/p>\n<p>Serbi\u00fdany\u0148 d\u00fcz\u00fcminde Milinkowi\u00e7-Sawi\u00e7ler ma\u015fgalasyny\u0148 2 wekili Serge\u00fd bilen inisi Wan\u00fda \u00e7yky\u015f ed\u00fd\u00e4r. Iki futbol\u00e7y-da Itali\u00fdany\u0148 \u00e7empionatynda degi\u015flilikde, \u201cLasio\u201d we \u201cTorino\u201d klublarynda o\u00fdnap, ulusy Serge\u00fd uly me\u015fhurlyga e\u00fdedir. 20-nji belgide \u00e7yky\u015f ed\u00fd\u00e4n Serge\u00fd \u00fdarymgorag\u00e7y bolsa, 2 \u00fda\u015f ki\u00e7i inisi, 25 \u00fda\u015fly Wan\u00fda derwez\u00e4ni gora\u00fdar.<\/p>\n<p>5-nji dogan j\u00fcb\u00fctimiz bolsa Iniaki bilen Niko Williamslar bolup, olary\u0148 hersi ba\u015fga bir \u00fdygyndyda \u00e7yky\u015f ed\u00fd\u00e4r. 2010-njy \u00fdylda-da Boateng doganlary\u0148 ki\u00e7isi \u017derom Germani\u00fdany\u0148, ulusy Kewin Prins Ganany\u0148 \u00fdygyndysynda o\u00fdnapdy we olary\u0148 ikisi bir du\u015fu\u015fykda gar\u015fyda\u015f hem bolupdy. La Ligany\u0148 \u00f6zbolu\u015fly kluby \u201cAtletik Bilbaoda\u201d \u00e7yky\u015f ed\u00fd\u00e4n Williams doganlary\u0148 ulusy, 28 \u00fda\u015fyndaky Iniaki Ganany\u0148 milli \u00fdygyndysyny sa\u00fdlady. 21 \u00fda\u015fyndaky inisi Niko bolsa, Ispani\u00fdany\u0148 d\u00fcz\u00fcminde o\u00fdna\u00fdar. Iki o\u00fdun\u00e7y-da h\u00fcj\u00fcmde o\u00fdnap, Iniaki Ganany\u0148 d\u00fcz\u00fcminde 19-njy, Niko Ispani\u00fdany\u0148 \u00fdygndysynda 12-nji belgili k\u00f6\u00fdnek\u00e7\u00e4ni ge\u00fd\u00fd\u00e4r. Iniaki Ganany\u0148 ge\u00e7iren 3 du\u015fu\u015fygynda-da esasy d\u00fcz\u00fcmde me\u00fddan\u00e7a \u00e7yksa-da, o\u0148a tapawutlanmak ba\u015fartmady.<\/p>\n","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>D\u00fcn\u00fd\u00e4 Kubogyna gatna\u015f\u00fdan 831 futbol\u00e7yny\u0148 arasynda bir ma\u015fgalany\u0148 agzalary, \u00fdagny dogan futbol\u00e7ylar hem bar. Bu \u00e7empionatda futbol\u00e7y doganlary\u0148 5 j\u00fcb\u00fcti hasaby alyndy. \u015eol 5 j\u00fcb\u00fcti\u0148 4-si\u00a0 \u00a0bir milli toparda \u00e7yky\u015f ed\u00fd\u00e4r. Galan birini\u0148 bolsa, milli toparlary ba\u015fga\u00e7a. Belgi\u00fdany\u0148 d\u00fcz\u00fcminde doganlar Hazarlar bolup, olary\u0148 ulusy Edin 10-njy, ki\u00e7isi Torgan 21-nji belgide o\u00fdna\u00fdar. Iki futbol\u00e7y-da milli \u00fdygyndyny\u0148 [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":2,"featured_media":68958,"comment_status":"open","ping_status":"closed","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[7175,3,1778,13],"tags":[],"acf":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/68957"}],"collection":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/2"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=68957"}],"version-history":[{"count":1,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/68957\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":68959,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/68957\/revisions\/68959"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/media\/68958"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=68957"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=68957"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=68957"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}