{"id":89024,"date":"2023-10-10T11:08:46","date_gmt":"2023-10-10T06:08:46","guid":{"rendered":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=89024"},"modified":"2023-10-10T11:08:46","modified_gmt":"2023-10-10T06:08:46","slug":"balkan-welayatynda-kuwwatlylygy-1574-megawat-bolan-elektrik-stansiyasy-gurlar","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=89024","title":{"rendered":"Balkan wela\u00fdatynda kuwwatlylygy 1574 megawat bolan elektrik stansi\u00fdasy gurlar"},"content":{"rendered":"<p>9-njy okt\u00fdabrda t\u00fcrkmen halkyny\u0148 Milli Lideri, Halk Maslahatyny\u0148 Ba\u015flygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimizi\u0148 tab\u015fyrygy esasynda pa\u00fdtagtymyz bo\u00fdun\u00e7a i\u015f saparyny amala a\u015fyryp, me\u00fdille\u015fdiril\u00fd\u00e4n d\u00fcrli maksatly desgalary\u0148 gurlu\u015fygyny\u0148 taslamalary bilen tany\u015fdy.<\/p>\n<p>Gahryman Arkadagymyz h\u00e4zirki d\u00f6w\u00fcrde gurlu\u015fygy g\u00fc\u00fd\u00e7li depginde alnyp baryl\u00fdan Halkara fiziologi\u00fda ylmy-kliniki merkezine geldi. T\u00fcrkmen halkyny\u0148 Milli Lideri A\u015fgabatda we Arkadag \u015f\u00e4herinde hem-de \u00fdurdumyzy\u0148 sebitlerinde d\u00fcrli maksatly binalary\u0148 gurlu\u015fygy, \u015f\u00e4hergurlu\u015fyk maksatnamasyny \u00fcst\u00fcnlikli \u00fderine \u00fdetirmegi\u0148 \u00e7\u00e4klerinde gurul\u00fdan desgalardaky i\u015fleri\u0148 \u00fdagda\u00fdy, gurlu\u015fyklarda ulanyl\u00fdan seri\u015fdeleri\u0148 a\u00fdratynlyklaryna degi\u015fli taslamalar we gurlu\u015fygy dowam ed\u00fd\u00e4n desgalary\u0148 \u00fderle\u015f\u00fd\u00e4n \u00fderlerini\u0148 \u00e7yzgylary bilen tany\u015fdy.<\/p>\n<p>D\u00fcrli maksatly desgalary\u0148 \u015fekil taslamalarydyr \u00e7yzgylary bilen tany\u015fdyryly\u015f \u00e7\u00e4resine H\u00f6k\u00fcmet agzalary, ugurda\u015f ministrlikleri\u0148 we dolandyry\u015f edaralaryny\u0148 \u00fdolba\u015f\u00e7ylary, da\u015fary \u00fdurtlary\u0148 T\u00fcrkmenistanda i\u015fle\u00fd\u00e4n gurlu\u015fyk kompani\u00fdalaryny\u0148 wekilleri gatna\u015fdylar.<\/p>\n<p>Bu \u00fderde Balkan wela\u00fdatyny\u0148 \u00e7\u00e4ginde bina edilmegi g\u00f6z \u00f6\u0148\u00fcnde tutul\u00fdan, kuwwatlylygy 1574 megawat bolan utga\u015fykly dolany\u015fykda i\u015fle\u00fd\u00e4n d\u00f6wrebap elektrik stansi\u00fdasyny\u0148 taslamalary we binalary\u0148 \u00fderle\u015fjek \u00fderlerini\u0148 \u00e7yzgylary g\u00f6rkezildi. Bular barada wise-prem\u00fder B.Annam\u00e4mmedow t\u00fcrkmen halkyny\u0148 Milli Liderine hasabat berdi.<\/p>\n<p>Gahryman Arkadagymyz Balkan wela\u00fdatyny\u0148 \u00e7\u00e4ginde bina edilmegi g\u00f6z \u00f6\u0148\u00fcnde tutul\u00fdan, kuwwatlylygy 1574 megawat bolan elektrik stansi\u00fdasyny\u0148 gurlu\u015fygyna toplumla\u00fdyn we jogapk\u00e4rli \u00e7emele\u015fmelidigini belledi.<\/p>\n<p>H\u00e4zirki d\u00f6w\u00fcrde T\u00fcrkmenistandan Merkezi Azi\u00fda \u00fdurtlaryna, \u015fol sanda \u00d6zbegistan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna, E\u00fdran Yslam Respublikasyna we Owganystana elektrik energi\u00fdasy iberil\u00fd\u00e4r. T\u00e4ze desgany\u0148 ulanmaga berilmegi bilen, \u00fdurdumyzy\u0148 energoulgamyny\u0148 kuwwaty \u00fdene-de artar. \u015ee\u00fdlelikde, t\u00fcrkmen energi\u00fdasyny sarp edijileri\u0148 energi\u00fda \u00fcpj\u00fcn\u00e7iligini\u0148 ygtybarlylygy pugtalanar. \u015eol bir wagty\u0148 \u00f6z\u00fcnde, ykdysady\u00fdetimizi\u0148 eksport m\u00fcmkin\u00e7iligi \u00fdokarlanar we t\u00e4ze i\u015f orunlary d\u00f6rediler.<\/p>\n<p>Halk Maslahatyny\u0148 Ba\u015flygy Gurbanguly Berdimuhamedowy\u0148 belle\u00fd\u015fi \u00fdaly, hormatly Prezidentimizi\u0148 ba\u015ftutanlygynda \u00fcst\u00fcnlikli durmu\u015fa ge\u00e7iril\u00fd\u00e4n energetika sy\u00fdasatyny\u0148 ileri tutul\u00fdan ugurlaryna la\u00fdyklykda, \u00fdurdumyzda da\u015fky gur\u015fawy goramaga g\u00f6n\u00fckdirilen \u00e7\u00e4reler yzygiderli amala a\u015fyryl\u00fdar. \u015eunda energetika desgalary gurlanda, da\u015fky gur\u015fawa \u00fdaramaz t\u00e4siri\u0148 \u00fdetirilmegini azaltmaga \u00fdardam ed\u00fd\u00e4n d\u00f6wrebap tehnologi\u00fdalary\u0148 orna\u015fdyrylmagyna hem uly \u00fcns beril\u00fd\u00e4r. Mary d\u00f6wlet elektrik stansi\u00fdasyny\u0148 \u00e7\u00e4ginde gurlan, sebitde de\u0148i-ta\u00fdy bolmadyk, utga\u015fykly dolany\u015fykda i\u015fle\u00fd\u00e4n bug-gaz elektrik stansi\u00fdasyny mu\u0148a mysal h\u00f6km\u00fcnde getirip bolar. \u015ee\u00fdlelikde, Balkan wela\u00fdatyny\u0148 \u00e7\u00e4ginde gurulmagy me\u00fdille\u015fdiril\u00fd\u00e4n elektrik stansi\u00fdasyny\u0148 utga\u015fykly dolany\u015fykda i\u015flemegi bu pudaga d\u00fcn\u00fd\u00e4ni\u0148 \u00f6\u0148debaryjy tejribesini\u0148 i\u015fje\u0148 orna\u015fdyryl\u00fdandygyny\u0148 nobatdaky be\u00fdanydyr.<\/p>\n<p>&nbsp;<\/p>\n","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>9-njy okt\u00fdabrda t\u00fcrkmen halkyny\u0148 Milli Lideri, Halk Maslahatyny\u0148 Ba\u015flygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimizi\u0148 tab\u015fyrygy esasynda pa\u00fdtagtymyz bo\u00fdun\u00e7a i\u015f saparyny amala a\u015fyryp, me\u00fdille\u015fdiril\u00fd\u00e4n d\u00fcrli maksatly desgalary\u0148 gurlu\u015fygyny\u0148 taslamalary bilen tany\u015fdy. Gahryman Arkadagymyz h\u00e4zirki d\u00f6w\u00fcrde gurlu\u015fygy g\u00fc\u00fd\u00e7li depginde alnyp baryl\u00fdan Halkara fiziologi\u00fda ylmy-kliniki merkezine geldi. T\u00fcrkmen halkyny\u0148 Milli Lideri A\u015fgabatda we Arkadag \u015f\u00e4herinde hem-de \u00fdurdumyzy\u0148 sebitlerinde d\u00fcrli [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":2,"featured_media":89025,"comment_status":"open","ping_status":"closed","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[3],"tags":[],"acf":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/89024"}],"collection":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/2"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=89024"}],"version-history":[{"count":1,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/89024\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":89026,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/89024\/revisions\/89026"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/media\/89025"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=89024"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=89024"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=89024"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}