{"id":98323,"date":"2024-01-29T10:42:03","date_gmt":"2024-01-29T05:42:03","guid":{"rendered":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=98323"},"modified":"2024-01-29T12:47:55","modified_gmt":"2024-01-29T07:47:55","slug":"turkmen-talyplary-mirai-maksatnamasynyn-caklerinde-tokioda-gecirilen-okuwlara-gatnasdylar","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=98323","title":{"rendered":"T\u00fcrkmen talyplary MIRAI maksatnamasyny\u0148 \u00e7\u00e4klerinde Tokioda ge\u00e7irilen okuwlara gatna\u015fdylar"},"content":{"rendered":"<p>T\u00fcrkmen talyplary \u00ddaponi\u00fdany\u0148 Halkara Hyzmatda\u015flyk Merkezi (Japan\u2019s International Cooperation Center, JICE) tarapyndan gurnal\u00fdan MIRAI okuw maksatnamasyny\u0148 \u00e7\u00e4klerinde ge\u00e7irilen gysga m\u00f6hletli okuwlaryna gatna\u015fdylar. Halkara ynsanperwer ylymlary we \u00f6s\u00fc\u015f uniwersitetini\u0148 talyplary Nowruz Nurberdi\u00fdew we Dursunjemal \u00ddylkyba\u00fdewa, hem-de T\u00fcrkmenistany\u0148 Da\u015fary i\u015fler ministrligini\u0148 Halkara gatna\u015fyklary institutyny\u0148 talyby Serdar Rahymow t\u00fcrkmen talyplaryna wekil\u00e7ilik edip, 2024-nji \u00fdyly\u0148 16-22-nji \u00fdanwary aralygynda \u00ddaponi\u00fdany\u0148 Tokio \u015f\u00e4herinde ge\u00e7irilen MIRAI maksatnamasyna gatna\u015fdylar.<br \/>\n\u00ddaponi\u00fdany\u0148 MIRAI okuw maksatnamasyny\u0148 mowzugy \u201cHukugy\u0148 h\u00f6km\u00fcrowanlygy\u201d (\u201cRule of Law\u201d) bolup, Merkezi Azi\u00fda we Kawkaz d\u00f6wletlerinden hukuk ugrundan bilim al\u00fdan we hukuk ulgamynda i\u015fle\u00fd\u00e4n 24 sany \u00fda\u015f h\u00fcn\u00e4rmenler we talyplar bu gysga m\u00f6hletli okuwlaryna gatna\u015fyp, \u00f6z bilimlerini artdyrdylar we ba\u00fd tejribe gazandylar. MIRAI gysga m\u00f6hletli okuw maksatnamasyny\u0148 \u00e7\u00e4klerinde o\u0148a gatna\u015fyjylar \u00ddaponi\u00fdany\u0148 Da\u015fary i\u015fler ministrliginde, Keio Uniwersitetini\u0148 Hukuk fakultetinde, Ni\u015fimura&amp;Asahi hukuk firmasynda, \u00ddaponi\u00fdany\u0148 \u00ddokary Kazy\u00fdetinde, Birle\u015fen Milletler Guramasyny\u0148 Azi\u00fda we Uzak G\u00fcndogar bo\u00fdun\u00e7a Jena\u00fdaty\u0148 \u00f6\u0148\u00fcni almak we jena\u00fdat\u00e7ylara \u00e7emele\u015fmek bo\u00fdun\u00e7a Institutynda (United Nations Asia and Far East Institute for the Prevention of Crime and the Treatment of Offenders \u2013 UNAFEI), \u00ddaponi\u00fdany\u0148 Adalat ministrligini\u0148 Halkara Adalat Merkezinde (International Justice Center of the Ministry of Justice) gurnalan okuw sapaklaryna, seminarlara i\u015fje\u0148 gatna\u015fyp, \u00ddaponi\u00fdany\u0148 kanun\u00e7ylygy we Halkara hukugyny\u0148 umumy ykrar edilen \u00fd\u00f6relgeleri, \u201cHukugy\u0148 h\u00f6km\u00fcrowanlygy\u201d mowzuklary bo\u00fdun\u00e7a bilim aldylar.<br \/>\nOkuw me\u00fdilnamasyndan ba\u015fga-da, maksatnama gatna\u015fyjylara \u00ddaponi\u00fdany\u0148 taryhy, ba\u00fd medeni\u00fdeti we \u00f6zbolu\u015fly d\u00e4p-dessurlary bilen i\u00e7gin tany\u015fmak \u00fc\u00e7in hem m\u00fcmkin\u00e7ilik d\u00f6redildi. Medeni maksatnama \u00f6r\u00e4n ba\u00fd we gi\u0148 gerimli boldy. Me\u015fhur Tokio di\u0148i, gadymy \u201cAsakusa\u201d taryhy me\u00fddan\u00e7asy we Senso-ji ybadathanasy, \u00fdapon baglaryna gezelen\u00e7 bu halky\u0148 tebigat bilen arabaglany\u015fygyny, medeni\u00fdetini hem-de taryhyny has-da i\u00e7gin \u00f6wrenmek \u00f6r\u00e4n uly t\u00e4sir galdyrdy. Bu gezelen\u00e7leri\u0148 dowamynda \u00fdapon milli tagamlaryny dadyp g\u00f6rmek, i\u0148 esasy bolsa \u00c7a\u00fd dabarasyny\u0148 \u00e7\u00e4klerinde \u201cMat\u00e7a\u201d \u00e7a\u00fdyny ta\u00fd\u00fdarlamak we i\u00e7mek medeni\u00fdetini \u00f6wrendiler. Okuw we medeni \u00e7\u00e4releri \u00f6z i\u00e7ine al\u00fdan bu tejribe, gatna\u015fyjylarda aja\u00fdyp t\u00e4sir galdyrdy we \u00ddaponi\u00fdany\u0148 \u00f6zbolu\u015fly a\u00fdratynlyklaryny i\u00e7gin \u00f6wrenmekde uly me\u00fddan\u00e7a bolup \u00e7yky\u015f etdi.<br \/>\nMaksatnamada i\u0148 t\u00e4sir galdyryjy gezelen\u00e7lerini\u0148 biri hem Fuji dagyna, O\u015fino Hakka\u00fd we Fuji dagyny\u0148 B\u00fctind\u00fcn\u00fd\u00e4 miras merkezine (Mt. Fuji World Heritage Center) sy\u00fdahat bolup dur\u00fdar. Gatna\u015fyjylar \u00ddaponi\u00fdany\u0148 me\u015fhur \u00fderlerini\u0148 biri bolan Fuji dagyny\u0148 aja\u00fdyp g\u00f6rn\u00fc\u015finden lezzet aldylar. O\u015fino Hakka\u00fd Fuji dagyny\u0148 eteginde \u00fderle\u015f\u00fd\u00e4n me\u015fhur sekiz sany k\u00f6lden ybarat bolan sy\u00fdahat\u00e7ylyk nokadydyr. B\u00fctind\u00fcn\u00fd\u00e4 miras merkezi bolsa bu aja\u00fdyp dagy\u0148 medeni we tebigy \u00e4hmi\u00fdetine has \u00e7u\u0148\u0148ur \u00f6wrenmeklik \u00fc\u00e7in d\u00f6redilen muze\u00fd bolup dur\u00fdar. Umuman, maksatnamany\u0148 bilim we medeni b\u00f6lekleri bilen utga\u015fdyrylan gyzykly me\u00fdilnamasyny\u0148 \u00e7\u00e4klerinde o\u0148a gatna\u015fyjylar \u00ddaponi\u00fda, \u00fdapon halky, onu\u0148 kanun\u00e7ylyk ulgamy we \u201cHukugy\u0148 h\u00f6km\u00fcrowanlygy\u201d medeni\u00fdeti barada bilim alyp, geljekde hem ony \u00f6z de\u0148-du\u015flary bilen pa\u00fdla\u015farlar we \u00f6zara bilim, medeni aly\u015f-\u00e7al\u015fygy has-da berkiderler.<br \/>\nBu maksatnamany\u0148 jemle\u00fdji g\u00fcn\u00fcnde, o\u0148a gatna\u015fyjylar \u00ddaponi\u00fdany\u0148 ba\u00fd medeni mirasy, taryhy we d\u00e4p-dessurlary, \u201cHukugy\u0148 h\u00f6km\u00fcrowanlygy\u201d di\u00fden mowzukda \u00f6wrenen maglumatlary barada \u00ddaponi\u00fdany\u0148 Da\u015fary i\u015fler ministrliginde hasabat bilen \u00e7yky\u015f etdiler we maksatnama gatna\u015fyjylara gysga m\u00f6hletli okuwlary \u00fcst\u00fcnlikli tamamlandyklary \u00fc\u00e7in degi\u015fli \u015fahadatnamalar gow\u015furyldy.<\/p>\n<p style=\"text-align: right;\"><strong>Now\u00adruz Nur\u00adber\u00addi\u00ad\u00fdew,<\/strong><br \/>\n<strong>Hal\u00adka\u00adra yn\u00adsan\u00adper\u00adwer ylym\u00adla\u00adry we \u00f6s\u00fc\u015f uni\u00adwer\u00adsi\u00adte\u00adti\u00adni\u0148 ta\u00adly\u00adby.<\/strong><\/p>\n","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>T\u00fcrkmen talyplary \u00ddaponi\u00fdany\u0148 Halkara Hyzmatda\u015flyk Merkezi (Japan\u2019s International Cooperation Center, JICE) tarapyndan gurnal\u00fdan MIRAI okuw maksatnamasyny\u0148 \u00e7\u00e4klerinde ge\u00e7irilen gysga m\u00f6hletli okuwlaryna gatna\u015fdylar. Halkara ynsanperwer ylymlary we \u00f6s\u00fc\u015f uniwersitetini\u0148 talyplary Nowruz Nurberdi\u00fdew we Dursunjemal \u00ddylkyba\u00fdewa, hem-de T\u00fcrkmenistany\u0148 Da\u015fary i\u015fler ministrligini\u0148 Halkara gatna\u015fyklary institutyny\u0148 talyby Serdar Rahymow t\u00fcrkmen talyplaryna wekil\u00e7ilik edip, 2024-nji \u00fdyly\u0148 16-22-nji \u00fdanwary aralygynda \u00ddaponi\u00fdany\u0148 [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":2,"featured_media":98324,"comment_status":"open","ping_status":"closed","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[3],"tags":[],"acf":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/98323"}],"collection":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/2"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=98323"}],"version-history":[{"count":3,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/98323\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":98340,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/98323\/revisions\/98340"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/media\/98324"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=98323"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=98323"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=98323"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}