{"id":99035,"date":"2024-02-07T10:01:08","date_gmt":"2024-02-07T05:01:08","guid":{"rendered":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=99035"},"modified":"2024-02-07T10:01:08","modified_gmt":"2024-02-07T05:01:08","slug":"turkmenistanyn-prezidentinin-we-gyrgyz-respublikasynyn-prezidentinin-arasynda-telefon-arkaly-sohbetdeslik","status":"publish","type":"post","link":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/?p=99035","title":{"rendered":"T\u00fcrkmenistany\u0148 Prezidentini\u0148 we Gyrgyz Respublikasyny\u0148 Prezidentini\u0148 arasynda telefon arkaly s\u00f6hbetde\u015flik"},"content":{"rendered":"<p>\u015eu g\u00fcn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasyny\u0148 Prezidenti Sadyr \u017daparowy\u0148 arasynda telefon arkaly s\u00f6hbetde\u015flik boldy.<\/p>\n<p>D\u00f6wlet Ba\u015ftutanymyz dostlukly \u00fdurdu\u0148 Lideri bilen gadyrly salamla\u015fyp, t\u00fcrkmen halkyny\u0148 adyndan hem-de hut \u00f6z adyndan Bi\u015fkek \u015f\u00e4herind\u00e4ki \u00fdylylyk elektrosentralynda bolup ge\u00e7en hadysa baradaky habara du\u00fdguda\u015flyk bildirdi.<\/p>\n<p>Bellenili\u015fi \u00fdaly, T\u00fcrkmenistan Gyrgyzystanda bolan hadysa zerarly dostlukly \u00fdurda ynsanperwerlik \u00fd\u00fck\u00fcni ugratdy we zerur bolan \u00fdagda\u00fdynda, \u00e4hli k\u00f6megi berm\u00e4ge ta\u00fd\u00fdardyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu barada a\u00fdtmak bilen, doganlyk \u00fdurda \u00e7yl\u015fyrymly \u00fdagda\u00fdy \u00fde\u0148ip ge\u00e7mekde goldaw beriji s\u00f6zlerini a\u00fdtdy we \u00fdylylyk elektrosentralyndaky dikeldi\u015f i\u015flerini\u0148 tiz wagtda tamamlanmagyny arzuw etdi.<\/p>\n<p>Prezident Sadyr \u017daparow gyrgyz halkyny\u0148 adyndan we \u00f6z adyndan bu \u00e7yl\u015fyrymly pursatda du\u00fdguda\u015flyk s\u00f6zleri \u00fc\u00e7in t\u00fc\u00fds \u00fd\u00fcrekden ho\u015fallygyny bildirdi. Gyrgyzystany\u0148 Ba\u015ftutanyny\u0148 nygta\u00fd\u015fy \u00fdaly, go\u0148\u015fy d\u00f6wlete ilkinjileri\u0148 hatarynda k\u00f6mek eden T\u00fcrkmenistan bilen dostlukly gatna\u015fyklara onu\u0148 \u00fdurdunda \u00fdokary baha ber\u00fd\u00e4rler. M\u00fcmkin\u00e7ilikden pe\u00fddalanyp, Prezident Sadyr \u017daparow t\u00fcrkmen halkyny\u0148 Milli Lideri, T\u00fcrkmenistany\u0148 Halk Maslahatyny\u0148 Ba\u015flygy Gurbanguly Berdimuhamedowa m\u00e4hirli salamyny be\u00fdan etdi hem-de berlen goldaw \u00fc\u00e7in t\u00fc\u00fds \u00fd\u00fcrekden ho\u015fallygyny bildirdi.<\/p>\n<p>Telefon arkaly s\u00f6hbetde\u015fligi\u0148 dowamynda T\u00fcrkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasyny\u0148 arasyndaky gatna\u015fyklary\u0148 \u00f6zara d\u00fc\u015f\u00fcni\u015fmegi\u0148 we a\u00e7yklygy\u0148 \u00fdokary derejesi bilen tapawutlan\u00fdandygy bellenildi. \u00ddurtlarymyz netijeli sy\u00fdasy dialogy \u00f6sd\u00fcrmek bilen, halkara guramalary\u0148, \u015fol sanda BMG-ni\u0148 we GDA-ny\u0148 \u00e7\u00e4klerinde i\u015fje\u0148 hyzmatda\u015flyk ed\u00fd\u00e4rler. \u015eunda s\u00f6wda-ykdysady ulgam ileri tutul\u00fdan ugurlary\u0148 biridir. D\u00e4p bolan medeni-ynsanperwer gatna\u015fyklar hem i\u015fje\u0148 \u00f6sd\u00fcril\u00fd\u00e4r.<\/p>\n<p>Telefon arkaly s\u00f6hbetde\u015fligi\u0148 ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Prezident Sadyr \u017daparow birek-birege berk jan saglyk, jogapk\u00e4rli d\u00f6wlet i\u015flerinde \u00fcst\u00fcnlikleri, T\u00fcrkmenistany\u0148 we Gyrgyzystany\u0148 doganlyk halklaryna bolsa parahat\u00e7ylyk, rowa\u00e7lyk, abadan\u00e7ylyk arzuw etdiler.<\/p>\n<p>Telefon arkaly s\u00f6hbetde\u015flik gyrgyz tarapyny\u0148 ba\u015flangyjy bo\u00fdun\u00e7a ge\u00e7irildi.<\/p>\n","protected":false},"excerpt":{"rendered":"<p>\u015eu g\u00fcn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasyny\u0148 Prezidenti Sadyr \u017daparowy\u0148 arasynda telefon arkaly s\u00f6hbetde\u015flik boldy. D\u00f6wlet Ba\u015ftutanymyz dostlukly \u00fdurdu\u0148 Lideri bilen gadyrly salamla\u015fyp, t\u00fcrkmen halkyny\u0148 adyndan hem-de hut \u00f6z adyndan Bi\u015fkek \u015f\u00e4herind\u00e4ki \u00fdylylyk elektrosentralynda bolup ge\u00e7en hadysa baradaky habara du\u00fdguda\u015flyk bildirdi. Bellenili\u015fi \u00fdaly, T\u00fcrkmenistan Gyrgyzystanda bolan hadysa zerarly dostlukly \u00fdurda ynsanperwerlik \u00fd\u00fck\u00fcni ugratdy [&hellip;]<\/p>\n","protected":false},"author":2,"featured_media":99036,"comment_status":"open","ping_status":"closed","sticky":false,"template":"","format":"standard","meta":{"footnotes":""},"categories":[3],"tags":[],"acf":[],"_links":{"self":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/99035"}],"collection":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts"}],"about":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/types\/post"}],"author":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/users\/2"}],"replies":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcomments&post=99035"}],"version-history":[{"count":1,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/99035\/revisions"}],"predecessor-version":[{"id":99037,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/posts\/99035\/revisions\/99037"}],"wp:featuredmedia":[{"embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=\/wp\/v2\/media\/99036"}],"wp:attachment":[{"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fmedia&parent=99035"}],"wp:term":[{"taxonomy":"category","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Fcategories&post=99035"},{"taxonomy":"post_tag","embeddable":true,"href":"https:\/\/zamanturkmenistan.com.tm\/index.php?rest_route=%2Fwp%2Fv2%2Ftags&post=99035"}],"curies":[{"name":"wp","href":"https:\/\/api.w.org\/{rel}","templated":true}]}}