Hepdäniň penşenbe güni, has takygy, 14-nji noýabrda EURO 2020-niň saýlama oýunlarynyň çäklerinde Angliýanyň ýygyndysy Garadagyň ýygyndysy bilen duşuşdy. “Wemblide” geçen bu oýunda iňlisler 7–0 hasabynda ýeňip, taryhynda 10-njy gezek Ýewropa çempionatynda çykyş etmäge hukuk gazandy. Oýunda Oksleýd-Çemberleýn (11), Harri Keýn (19, 24, 37), Reşford (30), Sofranak (66 ö.d.) hem-de Abraham (84) tapawutlandy.
569-njy ýeňiş
Duşuşygyň iň uly ähmiýeti Angliýanyň uly hasaply ýeňmegi ýa-da Ýewropa çempionatyna ýollanma almagy, hatda Keýniň het-trik etmegi däl. Oýnuň iň esasy aýratynlygy Angliýanyň milli ýygyndysynyň taryhdaky 1000-nji duşuşygy bolmagydyr. Taryhda ilkinji gezek bir ýygyndy topar 1000 duşuşyk geçirdi. Futbolyň watany hasaplanýan Angliýanyň ýygyndysy ilkinji duşuşygyny mundan 147 ozal, 1872-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Şotlandiýa bilen oýnapdy. Glazgoda oýnalan bu oýun milli ýygyndylaryň arasyndaky ilkinji duşuşyk bolupdy. 0–0 hasabynda tamamlanan oýna 4000 tomaşaçy tomaşa edipdi. Şondan bäri geçen 147 ýylda Angliýanyň ýygyndysy 1000 duşuşyk geçirip, bu görkezijä ýeten ilkinji topar boldy. Iňlisleriň şol 1000 duşuşygynyň 588-si resmi oýunlar bolsa, galan 422-si ýoldaşlyk duşuşyklarydyr. Umumylykda, 1000 duşuşygyň 569-synda ýeňiş gazanan (57 göterim) iňlisler 190-synda ýeňildiler. Olaryň 241 oýny deňlikde tamamlandy. Angliýaly futbolçylar şol duşuşyklarda 2195 gol geçirip, 984 gol geçirtdiler.
Ýubileý duşuşyklary
Iňlisler 100-nji duşuşygynda Uelsi 2–0 (1909), 200-nji oýnunda Germaniýany 3–0 (1935), 300-nji oýnunda D. Irlandiýany 3–0 (1955), 400-nji duşuşygynda Finlýandiýany 3–0 (1966) ýeňýär. 500-nji we 600-nji oýunlaryny 1976-njy hem-de 1985-nji ýyllarda Şotlandiýa bilen oýnan iňlisler ezeli bäsdeşinden bu iki oýunda-da degişlilikde, 2–1 we 1–0 hasaplar bilen ýeňilýär. 700-nji oýnunda “Wemblide” Polşany 3–0 (1993), 800-nji duşuşygynda Lihtenşteýni 2–0 utýar (2003). 900-nji oýnuny 1000-nji duşuşygyny geçiren garşydaşy Garadag bilen oýnaýar. 2011-nji ýyldaky bu oýun deňlikde gutarýar (2–2).
Iň köp çykyş eden futbolçy
— derwezeçi Piter Şilton
147 ýyllyk döwürde iňlislere 19 tälimçi tälim berdi. Olar ýygyndy topara 1244 oýunçy çagyrdy. Piter Şilton (125), Weýn Runi (120) hem-de Dewid Bekham (115) Angliýanyň ýygyndysynda iň köp duşuşyk geçiren oýunçylardyr. 53 gol geçiren Weýn Runi milli ýygyndynyň iň netijeli hüjümçisidir.
Angliýadan soň, Germaniýa
Eýsem Angliýadan soň, Ýewropada haýsy ýygyndy 1000-nji duşuşyga golaý? Olaryň ezeli bäsdeşi Germaniýanyň milli ýygyndysy bu ugurda 2-nji hatarda barýar. Ilkinji duşuşygyny 1908-nji ýylyň 5-nji aprelinde oýnan nemesler şondan bäri 959 duşuşyk geçirdi. 941 oýun bilen wengerler 3-nji hatarda barýarlar. Olaryň ilkinji duşuşygy 1902-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda hasaba alyndy. Fransiýa 854, Daniýa 852, Norwegiýa 848, Polşa 836, Italiýa 821 hem-de Niderlandlar 806 oýun bilen Ýewropanyň iň köp duşuşyk geçiren milli ýygyndylarydyr. Dünýäniň 5 gezek çempiony Braziliýanyň ýygyndysy şu wagta çenli 972 duşuşyk geçirdi.