Ge­çen hep­dä­niň an­na gü­ni, ýag­ny 2016-njy ýy­lyň 19-njy aw­gus­tyn­da in­ter­net äle­mi­niň meş­hur saý­ty “Go­og­le”-yň paý­na­ma­la­ry­nyň bir­ža çy­ka­ry­la­ny­na 12 ýyl dol­dy. Şon­dan bä­ri kom­pa­ni­ýa­nyň gym­matba­ha­ly ka­gyz­la­ry he­mi­şe art­ýar. Şu ýer­de kom­pa­ni­ýa­nyň ösüş ta­ry­hy­na ser sal­sak, 2004-nji ýy­lyň 19-njy aw­gus­tyn­da onuň paý­na­ma­la­ry­nyň bi­ri 85 dol­la­ra deň bo­lup, şe­re­ke­tiň gym­ma­ty 23 mil­liard dol­la­ra ba­ra­bar bo­lup­dy.
Ge­çen ýyl kom­pa­ni­ýa öz için­de bir­nä­çe fir­ma­la­ry dö­ret­di. “Alp­ha­bet” kom­pa­ni­ýa­sy­ny “Go­og­le”-yň özi do­lan­dyr­ýar. Şo­nuň üçin onuň paý­na­ma­la­ry “Alp­ha­bet” şe­re­ke­ti­ne de­giş­li­dir. 2015-nji ýyl­da kom­pa­ni­ýa­nyň ýyl­lyk gir­de­ji­si 75 mil­liard dol­la­ra deň bol­dy, 2014-nji ýyl­da bu gör­ke­zi­ji 66 mil­liard dol­la­ra ba­ra­bar­dy. 2004-nji ýyl bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, 20 es­se köp. Ge­çen ýyl sap gir­de­ji 16,3 mil­liard dol­la­ra go­laý­la­dy.
“Go­og­le” kom­pa­ni­ýa­sy bireý­ýäm in­ter­net ul­ga­myn­da di­ňe göz­leg iş­le­ri­ni ama­la aşyr­ýan ul­gam bol­mak­dan çyk­dy. Onuň tas­la­ma­la­ry köp ug­ry gur­şap al­ýar. Go­laý­da kom­pa­ni­ýa­nyň yl­my-bar­lag iş­le­ri­ne gö­nük­di­ri­len dü­zü­mi “Alp­ha­bet” “GlaxoS­mithK­li­ne” far­ma­sew­ti­ka şe­re­ke­ti bi­len bi­le­lik­de kär­ha­na dö­re­dip, luk­man­çy­lyk pu­da­gyn­da iş­le­me­gi göz öňün­de tut­ýar.