“Suzuki” kompaniýasyna degişli “Maruti” brendiniň “Alto” kysymly awtoulagy 16 ýyldan bäri Hindistan bazarynda iň köp satylan ulag boldy. Kiçi göwrümli awtoulaglary we motosiklleri öndürýän brend bu ulagynyň ilkinji nusgasyny 2000-nji ýylda satuwa çykarypdy. Kompaniýanyň ulaglary ýangyjy tygşytly sarp edýändigi, ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar. Ilkinji gezek 2004-nji ýylda Hindistanyň iň köp satylan ulagy bolan “Alto” şondan bäri bu ady elinden gidermedi. Kompaniýanyň marketing bölüminiň başlygy Şaşank Şriwastawa bu ulagyň Hindistanyň awtoulag senagatyndaky ülňüleri ýokarlandyrmaga ýardam edendigini, ýurtda ilkinji gezek awtoulag alan müşderileriň 76 göteriminiň bu ulagy saýlandygyny aýtdy. Ulagyň dizaýn we tehniki aýratynlyklary yzygiderli täzelenýär. “Alto” sürüjiler we ýolagçylar üçin howa ýassyklary, ABS, EBD, duruzyjylar, ýokary tizlikde duýduryş beriji sensor we beýleki howpsuzlyk aýratynlyklary bilen üpjün edilen. Benzin hem-de gysylan gaz bilen işleýän görnüşleri bolan ulag 1 litr benzin bilen 22,05 km, 1 kg gysylan gaz (CNG) bilen 31,5 km ýol geçýär.