Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Kwan­žu şä­he­rin­de ge­çi­ri­len suw sport­la­ry bo­ýun­ça 18-nji Dün­ýä çem­pio­na­ty ta­mam­lan­dy. Iki hep­de­den gow­rak wagt­lap do­wam eden çem­pio­na­ta 193 ýurt­dan 2600 tö­we­re­gi tür­gen gat­naş­dy. Me­dal­la­ryň sa­na­wyn­da hy­taý­ly tür­gen­ler öňe saý­lan­dy. Olar goň­şy ýurt­da ge­çi­ri­len çem­pio­nat­da 16 al­tyn, 11 kü­müş, 3 bü­rünç, je­mi 30 me­dal ga­zan­dy­lar. Al­tyn me­dal­la­ry­nyň 12-si­ni su­wa bök­mek ýa­ryş­la­ryn­dan ga­za­nan hy­taý­ly­lar 1994-nji we 2015-nji ýyl­lar­dan soň, 3-nji ge­zek me­dal sa­na­wyn­da 1-nji ýe­ri eýe­le­di. Hy­taý­ly­lar­dan 1 al­tyn me­dal az alan ABŞ bu ge­zek 2-nji orun bi­len ka­na­gat­lan­ma­ly bol­dy. Suw sport­la­ry Dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň iň köp me­dal ga­za­nan ýur­dy bolan ABŞ, aý­ra­ty­nam suw­da ýüz­mek ýa­ryş­la­ryn­da ga­ra­şy­ly­şyn­dan az-kem pes­räk ne­ti­je gör­kez­di. Suw­da ýüz­mek­de kä­bir ga­za­ny­laý­ma­ly ýa­ryş­lar­da 2-nji ýe­ri eýe­län ABŞ umu­my­lyk­da 15 al­tyn, 11 kü­müş, 10 bü­rünç, je­mi 36 me­da­la my­na­syp bol­dy. 3-nji or­na rus­si­ýa­ly tür­gen­ler my­na­syp bo­lup, olar 12 al­tyn, 11 kü­müş, 7 bü­rünç, je­mi 30 me­dal ga­zan­dy­lar. Suw­da ýüz­mek­de to­par­la­ýyn bäs­le­şik­ler­de 4 al­tyn me­dal ga­za­nan Awst­ra­li­ýa 4-nji ýe­ri eýe­le­di. Ýer eýe­si ko­reý­ler bolsa, çem­pio­na­ty 1 bü­rünç me­dal bi­len ta­mam­la­dy­lar.
DRESSEL 5 MEDAL GAZANDY
Çem­pio­na­tyň soň­ky hep­de­sin­de ge­çi­ri­len suw­da ýüz­mek bäs­le­şik­le­ri, esa­san-da to­par­la­ýyn ýa­ryş­lar diý­seň çe­ke­le­şik­li ýag­daý­da geç­di. Suw­da ýüz­mek ýa­ryş­la­ry­nyň fi­nal tap­gy­ryn­da Dün­ýä re­kor­dla­ry­nyň 6-sy ha­sa­ba alyn­dy. Er­kek­le­riň ara­syn­da ame­ri­ka­ly Kae­leb Dres­sel 50 metr er­kin, 100 metr er­kin, 50 metr ke­be­lek­le­ýin, 100 metr ke­be­lek­le­ýin hem-de to­par­la­ýyn 4×100 metr er­kin ýa­ryş­la­ryn­da al­tyn, to­par­la­ýyn 4×100 metr ga­ry­şyk bäs­le­şi­gin­de-de kü­müş me­dal ga­zan­dy. 3 ýa­ryş­da çem­pio­na­tyň, 2 ýa­ryş­da ABŞ-nyň, 1 bäs­le­şik­de-de yk­ly­myň re­kor­dy­ny go­ýan 22 ýaş­ly ýü­zü­ji­niň ga­za­nan al­tyn me­dal­la­ry­nyň sa­ny 13-e ýet­di. Ol bu ugur­da wa­tan­daş­la­ry Maýk Felps (26 al­tyn me­dal) bi­len Ra­ýan Loh­te­den (18) soň, 3-nji ha­tar­da bar­ýar. Er­kek­le­riň ara­syn­da hy­taý­ly Sun Ýan 200 we 400 metr er­kin ýüz­mek­de öňe saý­lan­dy. Bri­tan­la­ryň soň­ky ýyl­lar­da­ky iň ök­de ýü­zü­ji­si Adam Pi­ti 50 we 100 metr brass ýa­ryş­la­ryn­da, to­par­la­ýyn 4×100 metr ga­ry­şyk bäs­le­şi­gin­de al­tyn hem-de ga­ry­şyk to­par­la­ýyn 4×100 metr ga­ry­şyk ýa­ry­şyn­da-da bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­dy. Ýa­po­ni­ýa­ly Dai­ýa Sa­to 200 we 400 metr ga­ry­şyk ýa­ryş­la­ryn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Rus­si­ýa­ly Ýew­ge­niý Ry­low ar­kan­la­ýyn ýüz­mek ýa­ryş­la­ryn­da 200 metr­de al­tyn, 50 we 100 metr­ler­de-de kü­müş me­da­la my­na­syp bol­dy. Ry­low 50 metr­de GAR-ly Zeýn Wad­dell­den, 100 metr­de-de hy­taý­ly Şu Žia­ýu­dan yza gal­dy. 22 ýa­şyn­da­ky ýü­zü­ji to­par­la­ýyn bäs­le­şik­ler­de-de Rus­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­nyň 1 kü­müş, 1 bü­rünç me­dal ga­zan­ma­gy­na uly go­şant goş­dy. 200 metr brass­da rus­si­ýa­ly An­ton Çup­kow al­tyn me­da­ly­nyň üs­tü­ni dün­ýä re­kor­dy bi­len ýe­tir­di. Uzak ara­lyk­lar­a — 800 we 1500 met­re ýüz­mek­de ita­li­ýa­ly Gre­go­rio Palt­ri­nie­ri de­giş­li­lik­de, al­tyn hem-de bü­rünç me­dal­la­ry boý­nu­na dak­dy. 1500 metr­de al­tyn me­da­ly ger­ma­ni­ýa­ly Flo­ri­an Wellb­rok eýe­le­di. 200 metr ke­be­lek­le­ýin­de bol­sa, weng­ri­ýa­ly 19 ýa­şyn­da­ky ýü­zü­ji Kris­tof Mi­lak ame­ri­ka­ly Maýkl Felp­siň 10 ýyl­lyk dün­ýä re­kor­dy­ny tä­ze­le­me­giň höt­de­sin­den gel­di.
IKI ÝARYŞDA-DA BASSYR 4-nji ÇEMPIONLYGY
Ze­nan­la­ryň ara­syn­da ame­ri­ka­ly ýü­zü­ji­ler — Si­mo­na Ma­nue­le 50 we 100 metr er­kin ýüz­mek­de, Lil­li Kin­ge 50 we 100 metr brass usul­da ýüz­mek­de taý ta­pyl­ma­dy. Şwe­si­ýa­ly Sa­ra Şöst­röm çem­pio­na­ty 5 me­dal bi­len ta­mam­la­dy. Ol 1 al­tyn (50 m ke­be­lek­le­ýin), 2 kü­müş (100 m ke­be­lek­le­ýin, 50 m er­kin) we 2 bü­rünç (100 we 200 m er­kin) me­dal ga­zan­dy. Weng­ri­ýa­ly Ka­tin­ka Hos­su bu ge­zek 200 we 400 metr ga­ry­şyk ýüz­mek­de al­tyn me­dal­la­ryň eýe­si bol­dy. “De­mir ze­nan” la­kam­ly ýü­zü­ji bas­syr 4-nji Dün­ýä çem­pio­na­tyn­da bu 2 ugur­da mün­be­riň iň ýo­ka­ry bas­gan­ça­gy­na çyk­ma­gy ba­şar­dy. Rus­si­ýa­ly Ýu­li­ýa Ýe­fi­mo­wa Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da­ky 6-njy al­tyn me­da­ly­ny ga­zan­dy. 27 ýaş­ly ýü­zü­ji Kwan­žu­da­ky çem­pio­nat­da ke­be­lek­le­ýin ýa­ryş­lar­da me­dal­la­ryň her gör­nü­şin­den bi­ri­ni boý­nu­na dak­dy (200 m — al­tyn, 100 m — kü­müş, 50 m — bü­rünç). 800 metr er­kin ýüz­mek­de 1-nji, 400 m er­kin ýüz­mek­de-de 2-nji ýe­ri eýe­län ame­ri­ka­ly Keý­ti Le­de­ki­niň Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da ga­za­nan al­tyn me­dal­la­ry­nyň sa­ny 15-e ýet­di. Ol bu ugur­da ze­nan­la­ryň ara­syn­da 1-nji orun­da bar­ýar. 200 metr er­kin ýüz­mek­de ita­li­ýa­ly meş­hur ýü­zü­ji Fe­de­ri­ka Pel­leg­ri­ni ýe­ňiş ga­za­nyp, Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da­ky 6-njy al­tyn me­da­ly­ny eýe­le­di. Bu­lar­dan baş­ga-da 400 metr er­kin ýüz­mek­de awst­ra­li­ýa­ly Ariar­ne Tit­mus, 1500 metr er­kin ýüz­mek­de ita­li­ýa­ly Si­mo­na Kua­da­rel­la ýe­ňi­ji bol­dy. Ar­kan­la­ýyn ýüz­mek­de 50, 100 we 200 metr ara­lyk­la­ry, de­giş­li­lik­de ame­ri­ka­ly Oli­wi­ýa Smo­li­ga, ka­na­da­ly Kaý­li Mas­se hem-de ame­ri­ka­ly Re­gan Smit ýe­ňiş bi­len ta­mam­la­dy. Ke­be­lek­le­ýin 100 metr­de ka­na­da­ly Meg­gi Mak­ne­il, 200 metr­de weng­ri­ýa­ly Bog­lar­ka Ka­paş al­tyn me­da­ly eýe­le­di. To­par­la­ýyn 3 ýa­ry­şyň iki­sin­de Awst­ra­li­ýa­nyň ýü­zü­ji­le­ri, beý­le­ki­sin­de-de ame­ri­ka­ly­lar ýe­ňiş ga­zan­dy. Awst­ra­li­ýa­ly­la­ryň ýe­ňiş ga­za­nan ýa­ryş­la­ryn­da ame­ri­ka­ly­lar 2-nji, ABŞ-ly­la­ryň çem­pi­on bo­lan bäs­le­şi­gin­de bol­sa, Awst­ra­li­ýa 2-nji or­ny eýe­le­di. 3 bäs­le­şik­de-de ka­na­da­ly gyz­lar mün­be­riň üçün­ji bas­gan­ça­gy­na çyk­dy.
Wa­ter­pol bo­ýun­ça er­kek­le­riň ara­syn­da Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 4-nji çem­pi­on­ly­gy­ny baý­ram et­di. Ze­nan­la­ryň ara­syn­da bol­sa, ame­ri­ka­ly gyz­lar bas­syr 3-nji, umu­my­lyk­da-da 6-njy al­tyn me­da­ly­ny ga­zan­dy. Çem­pi­on bo­lan ýy­gyn­dy­la­ryň iki­si-de fi­nal­da is­pan­lar­dan üs­tün çyk­dy.
Suw sport­la­ry bo­ýun­ça no­bat­da­ky çem­pio­nat 2021-nji ýyl­da ýe­ne-de Azi­ýa yk­ly­myn­da, Ýa­po­ni­ýa­nyň Fu­kuo­ka şä­he­rin­de ge­çi­ri­ler.