Pa­kis­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­syn­da 19 ýyl­dan soň­ra ilat ýa­zu­wy ge­çi­ril­ýär. Bu ba­ra­da “Du­nya News” te­le­ýaý­ly­my ha­bar ber­ýär. Ilat ýa­zu­wy­ny 9 ýyl mun­dan ozal, ge­çir­mek göz öňün­de tu­tu­lyp­dy. Ýö­ne kä­bir se­bäp­le­re gö­rä, onuň möh­le­ti yza süý­şü­ril­di. Soň­ky ge­zek 1998-nji ýyl­da ge­çi­ri­len ilat ýa­zu­wy­na gö­rä, ýurt­da 132 mil­li­on adam ýa­şa­ýar. Ýö­ne Bü­tin­dün­ýä ban­ky­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, ýur­duň ila­ty­nyň sa­ny 189 mil­lio­na ba­ra­bar­dyr. Bu ilat ýa­zu­wy ýur­duň 6-njy ilat ýa­zu­wy bo­lar. Mun­dan ozal­ky 3 sany ilat ýa­zu­wy­nyň möh­le­ti yza süý­şü­ri­lip­di.

Ilat ýa­zu­wy tap­gyr­ma-tap­gyr ge­çi­ri­ler. Sa­na­wyň iki aýa çek­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar. Bi­rin­ji tap­gyr­da ilat ýa­zu­wy­na gat­naş­ýan we­kil­ler ap­re­liň 15-ine çen­li 63 ok­rug­da iş ge­çir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär­ler.
Ilat ýa­zu­wy­na 175 müň har­by hem-de 120 müň ra­ýat jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň we­kil­le­ri gat­naş­ýar. Bu jem­gy­ýet­çi­lik çä­re­si üçin ýur­duň döw­let býu­je­tin­den 7,4 mil­liard pa­kis­tan ru­pi­ýa­sy möç­be­rin­de se­riş­de­ goý­be­ril­di.