Ada döw­le­ti ha­sap­lan­ýan Is­lan­di­ýa­da 1996-njy ýyl­dan soň­ra il­kin­ji ge­zek döw­let baş­tu­ta­ny tä­ze­den saý­lan­ýar. Buz­la­ryň ýur­du­nyň 73 ýa­şyn­da­ky Pre­zi­den­ti Ola­wur Rag­nar Grim­son maý aýyn­da 6-njy ge­zek döw­let baş­tu­ta­ny we­zi­pe­si­ne da­laş­gär bol­jak­dy­gy­ny mä­lim edip­di. Ýö­ne bu ge­zek onuň gar­şy­sy­na güýç­li da­laş­gär­ler çyk­dy.
Şeý­le­lik­de, ýurt­da ge­çi­ri­len äh­li­halk saý­law­y­nyň ne­ti­je­si bo­ýun­ça ta­ryh­çy Gud­ni Ýo­hans­son ýe­ňiş ga­za­nyp, Is­lan­di­ýa­nyň tä­ze Pre­zi­den­ti bol­dy. Bu ba­ra­da “Frans Press” ha­bar­lar gul­lu­gy ha­bar ber­ýär. Gud­ni Ýo­hans­son ses­le­riň 39,1 gö­te­ri­mini al­dy. Onuň iň ýa­kyn bäs­de­şi, te­le­ke­çi Hal­la To­mas­dot­tir bol­sa, 27,9 gö­te­rim ses al­dy. Gud­ni Ýo­hans­son ta­ryh ylym­la­ry bo­ýun­ça pro­fes­sor de­re­je­si­ne eýe­dir. Onuň par­ti­ýa ag­za­ly­gy ýok.
Is­lan­di­ýa par­la­ment res­pub­li­ka­sy­dyr. Şo­nuň üçin hem Pre­zi­den­tiň hem-de ýur­duň hö­kü­me­ti­niň öz kes­git­le­nen we­zi­pe­le­ri bar.
Is­lan­di­ýa De­mir­ga­zyk Ýew­ro­pa­da we At­lan­tik um­ma­ny­nyň de­mir­ga­zyk bö­le­gin­de ýer­leş­ýän ada döw­le­ti­dir. Döw­le­tiň umu­my meý­da­ny 103 müň ine­dör­dül ki­lo­met­re ba­ra­bar­dyr. Is­lan­di­ýa­da ulag gat­na­wy aw­to­bus, ýe­ňil we agyr ýük ulag­la­ry ar­ka­ly ama­la aşy­ryl­ýar. Şeý­le hem gä­mi we uçar gat­na­wy ýo­la goý­lan. De­mir­ ýol ul­ga­my ýok.
Ýur­duň paý­tag­ty Reýk­ýa­wik. Onuň ila­ty­nyň sa­ny 180 müň­den gow­rak­dyr. Ol ýur­duň esa­sy ma­li­ýe, me­de­ni we işe­wür­lik mer­ke­zi­dir. Ba­lyk­çy­lyk pu­da­gy­nyň iň ösen se­bi­ti ha­sap­lan­ýan Is­lan­di­ýa­da hä­zir­ki wagt­da bank ul­ga­my, sy­ýa­hat­çy­lyk, bio­teh­no­lo­gi­ýa, mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­sy has ösen­dir.