Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli yza süýşürilen Tokioda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň täze maksatnamasy mälim edildi. Halkara Olimpiada komiteti indiki ýyla geçirilen oýunlardaky maksatnamanyň şu ýyl üçin taýýarlanan maksatnama örän meňzeş boljakdygyny mälim etdi. Ýaponiýanyň paýtagtynda Olimpiýa şäherjigini, mediýa merkezlerini we beýleki desgalary öz içine alýan bu oýunlaryň geçirilmegi üçin ozaldan taýýar edilen 43 binanyň ählisiniň ulanyljakdygy habar berildi. Tokio 2020-niň açylyş dabarasy 2021-nji ýylyň 23-nji iýulynda täze gurlan Millet stadionynda geçiriler. Iň köp medalyň (339) paýlanjak Olimpiadasy bolmagyna garaşylýan Tokio 2020 8-nji awgusta çenli dowam eder.