Özüniň, kakasynyň hem-de atasynyň ady-da Wladimir Waýss. Üçüsem futbolçy. Hawa, olar 3 nesil boýunça kär hökmünde futboly saýlan, şol birwagtda-da, birmeňzeş başarnyk görkezen we bu babatda-da başga mysal getirip bolmajak ýeke-täk maşgala.
Ady Wladimir Waýss. Kakasynyň ady-da, atasynyň ady-da Wladimir Waýss. Özem, kakasam, atasam futbolçy. Hawa, olar 3 nesil boýunça kär hökmünde futboly saýlan, şol birwagtyň özünde-de, birmeňzeş başarnyk görkezen we bu babatda-da başga mysal getirip bolmajak ýeke-täk maşgala.
Ata Waýss 1939-njy ýylyň 21-nji sentýabrynda dünýä inýär. 1958–1969-njy ýyllar aralygynda Bratislawanyň “Inter” toparynyň köýnekçesini geýýär. Toparyň esasy goragçysy bolýar. “Banik Priewidza” we “Trnawka” toparlarynda-da oýnaýar. Ol şol wagtky Çehoslowakiýanyň ýygyndysynda 3 oýun geçirýär. Futbolçylygy taşlanyndan soň, tälimçilik bilen gümra bolan Waýss “Trnawka”, “Rapid Bratislawa”, “Slowenskiý Grob”, “Pezinok”, “Limbah” ýaly klublarda işleýär. 1964-nji ýylda Çehoslowakiýanyň Olimpiýa ýygyndysy Tokio Olimpiadasynda kümüş medala mynasyp bolýar. Şol ýylyň 22-nji sentýabrynda onuň ogly Wladimir dünýä inýär.
1976-njy ýylda 12 ýaşynda “Rapid Bratislawa” toparynyň ýaşlar düzüminde futbola başlan ogul Wladimir Waýss kakasyndan tapawutlylykda, goragçy däl-de, ýarymgoragçy bolýar. 1984-nji ýylda “Agro Hurbanowo” toparynda professional derejede oýnap başlaýar. 1986–1993-nji ýyllar aralygynda kakasynyň-da çykyş eden kluby “Inter Bratislawanyň” köýnekçesini geýýär. Ondan soňam “Sparta Praga”, “Petra Drnowise”, “Dunaýskaýa Streda”, “Koşise”, “Artmedia Petražalka” ýaly klublarda oýnaýar we 2000-nji ýylda professional karýerasyny soňlandyrýar. Ogul Wladimir Waýssyň kakasyndan ýene bir tapawudy ol hem 2 ýurduň milli ýygyndysynyň köýnekçesini geýmegidir. Ol ozalky Çehoslowakiýanyň düzüminde 19 gezek çykyş edýär. Çehoslowakiýa Çehiýa we Slowakiýa diýlip, 2-ä bölüneninden soň, ol olaryň ikinjisini saýlaýar. Waýss Slowakiýanyň milli toparynda-da 12 duşuşyk geçirýär. 2006-njy ýyla çenli “Artmedia Petražalkada” ilki-ilkiler kömekçi tälimçi, soňra-da baş tälimçi bolup işleýär. 2006–2007 möwsüminde Russiýanyň “Saturn” (Moskwa oblasty) toparynyň tälimçisi bolýar. Waýss 2008-nji ýylda Slowakiýanyň milli ýygyndysynyň tälimçiligine bellenilýär. Slowakiýa onuň tälimçiliginde ilkinji gezek Dünýä Kubogynda çykyş edýär. 1990-njy ýylda Italiýadaky Dünýä Kubogynda Çehoslowakiýanyň düzüminde meýdança çykan Wladimir Waýss bu gezek 20 ýyldan soň, futbolyň iň uly bäsleşigine tälimçi hökmünde gatnaşýar. 2010-njy ýylda Günorta Afrikada guralan Dünýä Kubogynda Slowakiýanyň ýygyndysy Italiýadyr Paragwaýyň hem-de Täze Zelandiýanyň milli toparlary bilen bir toparça düşýär. Olar soňky oýnunda güýçli italýanlardan 3–2 hasabynda üstün çykyp, 2-nji tapgyrda oýnamaga hukuk gazanýar. Topar 2-nji tapgyrda-da Gollandiýadan asgyn gelip, öýüne dolansa-da, ilkinji gezek Dünýä Kubogyna gatnaşýan topar üçin bu görkeziji taryhy başarnyk diýmekdi. Ogul Wladimir Waýss 2011–12 möwsüminde “Slowan Bratislawada” işleýär. Şondan soňam Gazagystanyň meşhur “Kairat” topary bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşýar. Almatylylara ýurduň kubogyny 2 gezek gazandyran tälimçi 2015-nji ýylda çempionaty 2-nji orunda tamamlaýar. Ol şol ýylam wezipesini taşlaýar. 2016-njy ýylda-da Gruziýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçiligine bellenilýär we häzirem bu ýerde işini dowam etdirýär.
Agtyk Wladimir Waýss 1989-njy ýylyň 30-njy noýabrynda dünýä inýär. Ol atasy ýaly goragçy-da däl, kakasy ýaly ýarymgoragçy-da. 3-nji arka Waýss hüjümde, has takygy, hüjüme 2 gapdaldan goldaw berýän oýunçynyň ýerinde oýnaýar. Olam maşgalanyň beýleki futbolçy agzalary ýaly, “Inter Bratislawa” toparynyň tälimini alýar. Toparyň ýaşlar düzüminde oýnaýar. 2009-njy ýylda-da “Mançester Sitiniň” hataryna goşulýar we professional futbolçylyga ilkinji ädimini bu klubda ädýär. Uly ynam bildirilen ýaşajyk Waýss ilki “Boltonda”, soňra “Reýnjersde”, 2011/12 möwsüminde-de “Espanýolda” kärendesine oýnaýar. “Mançester Sitide” diňe 1 duşuşyk geçiren Waýss 2012-nji ýylda Italiýanyň “Peskara” toparyna transfer bolýar. Bir möwsümden soň, Gresiýanyň “Olimpiakosyna” we bu ýerde-de 1 ýyl oýnap, 2014-nji ýylda Kataryň “Lehwiýa” toparynyň düzümine goşulýar. Geçen tomusda-da Kataryň başga bir kluby “Al-Garafa” bilen şertnama baglaşýar. Şotlandiýada, Gresiýada hem-de Katarda çempionlyklar gazanan Waýss 2009-njy ýyldan bäri-de Slowakiýanyň ýygyndysynda jemi 58 duşuşyk geçirdi we 5 gezek tapawutlandy.
MALDINILERIŇ MAŞGALASY-DA…
Edil Waýsslar ýaly Maldiniler hem 3 nesli futbol oýnan maşgala. Ata Çezare Maldininiň ogly Paolo dünýä belli ýyldyz bolup ýetişýär. Paolo karýerasy boýunça diňe “Milanyň” düzüminde çykyş edip, onlarça kubogy asmana göterýär. Onuň kakasy-da özüniň zähmet ýolunda – futbolçylykda-da, tälimçilikde-de az ýeňiş gazanmaýar. Maldinileriň maşgalasyndan 3-nji futbolçydan hem tama uly bolýar. Ýöne Çezareniň agtygy, Paolonyň ogly, 1996-njy ýylda doglan Kristian garaşylyşy ýaly, ynamy ödärden daşrakda. Entek 9 ýaşynda “Milan” bilen şertnama baglaşan Kristiana häzirlikçe atasynyň we kakasynyň ýaşyl meýdançalarda gazanan mertebesine ýetmek başardanok. Ol şu günlerde Maltanyň “Hamrun Spartans” toparynda kärendesine çykyş edýär.
Umuman alnanda, ataly-ogul, ýagny 2 nesil futbol oýnan we başarnyk gazanan futbolçylaryň sany az däl. Ýöne atasy, kakasy we agtygy futbol oýnap, toparlaryna ýeňişler gazandyran maşgala welin, häzirlikçe 2 sany. Olaryň 1-njisi ortatap başarnyk görkezen bolsa, 2-njisinde agtyk atasy we kakasyndan juda pes derejede karýerasyny dowam etdirýär. Şol nukdaýnazardan Wladimir Waýsslar bu ugurda mysal berip boljak ýeke-täk maşgala diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Häzirki wagtda ataly-ogul futbol oýnaýanlaryň sanyndan çen tutsak, belki-de mundan soň, 3 nesli futbol oýnan maşgalalaryň sany köpeler.