Russiýanyň “Gazprom neft” kompaniýasynyň golçur kärhanasy “Gazprom neft Badra” Yrakda 2 ýylyň dowamynda 3 million tonna nebit öndürdi. Şu ýylyň başyndan bäri nebit önümçiligi 1,3 million tonna deň boldy. Yrakdaky “Badra” nebit ýatagynyň önümçilik kuwwatyny has-da artdyrmak üçin häzirki zaman tehnologiýasyndan ýerlikli peýdalanylýar. Ol ýurduň gündogarynda Wassit welaýatynyň çäginde ýerleşýär. Ýangyç serişdelerine baý ýatagyň gorunyň 3 milliard barrele deňdigi habar berildi. Nebit ýatagyndaky gazuw-agtaryş işlerini “Gazprom neft Badra” firmasy amala aşyrýar. Öndürilen nebit bolsa, “Gazprom Neft Trading GmbH” firmasy tarapyndan dünýä bazaryna ýerlenilýär.