XVII Azi­ýa Ku­bo­gy­na ta­rap

Fut­bol bo­ýun­ça Azi­ýa Ku­bo­gy bäs­le­şi­gi­niň 11-nji­si 1996-njy ýy­lyň 4–21-nji de­kab­ry ara­ly­gyn­da BAE-de ge­çi­ril­ýär. Oňa 12 ýy­gyn­dy gat­na­şyp, çem­pio­nat­da il­kin­ji ge­zek 10-dan köp to­par çy­kyş ed­ýär. Du­şu­şyk­lar ýur­duň paý­tag­ty Abu Da­bi, Du­baý hem-de Al-Ain şä­her­le­rin­dä­ki sta­di­on­lar­da oý­nal­ýar. Ýer eýe­le­ri BAE bi­len soň­ky çem­pi­on Ýa­po­ni­ýa gö­nü­mel gat­naş­sa, Öz­be­gis­ta­nyň hem-de In­do­ne­zi­ýa­nyň ýy­gyn­dy­la­ry çem­pio­na­tyň deb­ýu­tant­la­ry bol­ýar. Bu­lar­dan baş­ga-da, Hy­ta­ýyň, Si­ri­ýa­nyň, Eý­ra­nyň, Yra­gyň, Ku­weý­tiň, Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň, Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň hem-de Tai­lan­dyň mil­li to­par­la­ry çem­pio­na­ta gat­naş­ýar. Olar 2 to­par­ça­da çy­kyş ed­ýär. “A” to­par­ça­da ýer eýe­le­ri BAE bi­len bir ha­tar­da, Ku­weý­tiň, Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň hem-de In­do­ne­zi­ýa­nyň ýy­gyn­dy­la­ry öza­ra güýç sy­na­nyş­ýar. “B” to­par­ça Eý­ra­nyň, Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň, Yra­gyň hem-de Tai­lan­dyň ýy­gyn­dy­la­ry düş­ýär. “C” to­par­ça­ny-da Ýa­po­ni­ýa­nyň, Si­ri­ýa­nyň, Hy­ta­ýyň hem-de Öz­be­gis­ta­nyň mil­li to­par­la­ry düz­ýär.
Çem­pio­na­tyň il­kin­ji oý­ny “A” to­par­ça­da ýer eýe­le­ri BAE bi­len G. Ko­re­ýa­nyň du­şu­şy­gy 1–1 deň­lik­de ta­mam­lan­ýar. Şol gün­ki beý­le­ki du­şu­şyk­da-da ýe­ňiş ga­za­nan bol­ma­ýar (In­do­ne­zi­ýa-Ku­weýt: 2–2). Soň­ky 2 du­şu­şy­gyn­da BAE il­ki Ku­weý­ti 3–2, soň­ra-da In­do­ne­zi­ýa­ny 2–0 ha­sap­lar bi­len ýe­ňip, to­par­ça­da 1-nji or­ny eýe­le­ýär. Ko­reý­ler çem­pio­na­tyň tä­ze to­pa­ry In­do­ne­zi­ýa­ny 4–2 ýeň­ýär. Ku­weýt bol­sa, G. Ko­re­ýa­dan 2–0 üs­tün çyk­ýar. Bu to­par­ça­dan je­mi 3 ýy­gyn­dy ýa­ry­şy do­wam et­dir­ýär. 4 utuk­ly to­par­lar­dan Ku­weýt 2-nji, G. Ko­re­ýa 3-nji ýe­ri eýe­le­ýär.
“B” to­par­ça­da 3 to­par 6 utuk top­la­ýar. Utuk alyp bil­me­dik Tai­lan­dyň ýy­gyn­dy­sy Sa­ud Ara­bys­ta­ny­dan 6–0, Eý­ran­dan 3–1 (Saa­da­wi 38, Mi­na­wand 54, Ali Daei 70 — Kia­ti­suk 80), Yrak­da­nam 4–1 (Ýu­nus Mah­mud 17, 50, Hus­se­in 23, 63 – Du­sit 26) ýe­ňil­ýär. 6 utuk alan 3 to­pa­ryň öza­ra du­şu­şyk­la­ry­na se­re­de­ni­miz­de-de, her­si 1 oýun­da utul­ýar. Eý­ran Yrak­dan 2–1 (Faw­zi 37, Sab­bar 69 — Daei 90 p), Yrak S. Ara­bys­ta­ny­dan 1–0 (Al-Me­hal­lel 26), S. Ara­bys­ta­ny-da Eý­ran­dan 3–0 (Daei 12, Ba­ge­ri 37, Azi­zi 47) as­gyn gel­ýär.
“C” to­par­ça­da-da Ýa­po­ni­ýa 9 utuk top­lap, 1-nji or­ny eýe­le­ýär. 3 utuk alan 3 ýy­gyn­dy­nyň ara­syn­dan-da Hy­taý 2-nji bo­lup, to­par­ça­dan çyk­ýar. Ýa­po­ni­ýa Si­ri­ýa­ny soň­ky mi­nut­lar­da ge­çi­ren gol­la­ry bi­len 2–1 (Ab­bas 85 ö.d., Ta­ka­gi 88 — Jo­ha­dar 8) ýeň­ýär. Öz­bek­le­riň to­run­dan jo­gap­syz 4 pök­gi (Na­na­mi 7, Miu­ra 37, Mae­zo­no 86, 90) gi­ri­zen ýa­pon­lar Hy­ta­ýyň ýy­gyn­dy­sy­ny-da So­ma­nyň 90-njy mi­nut­da­ky go­ly bi­len ýeň­ýär. Öz­be­gis­ta­n Hy­ta­ýy 2–0 (Şkwi­rin 78, Şats­kih 90), Hy­ta­ý Si­ri­ýa­ny 3–0, Si­ri­ýa-da Öz­be­gis­ta­ny 2–1 ut­ýar. Gol ara­ta­pa­wu­dyn­da hy­taý­ly­lar öňe saý­la­nyp, to­par­ça­da 2-nji or­ny eýe­le­ýär.
Çem­pio­na­tyň çäk­le­rin­de il­kin­ji ge­zek çär­ýek fi­nal du­şu­şyk­la­ry ge­çi­ril­ýär. Ýer eýe­le­ri BAE-niň ýy­gyn­dy­sy Yra­gyň mil­li to­pa­ry­ny goş­ma­ça wagt­da Ib­ra­hi­miň 103-nji mi­nut­da­ky go­ly bi­len 1–0 ut­ýar. Ku­weýt soň­ky çem­pio­n Ýa­po­ni­ýa­ny Al-Hu­wai­di­niň 2 go­ly bi­len ýe­ňip, ola­ry ýa­ryş­dan çy­kar­ýar. Gü­nor­ta Ko­re­ýa bi­len Eý­ra­nyň ara­syn­da­ky oýun­da 8 gol ge­çi­ril­ýär. Il­kin­ji bo­lup ha­sa­by açan ko­reý­ler 2 ge­zek öňe geç­se­le­rem 6–2 ha­sa­byn­da as­gyn gel­ýär. Soň­ky 25 mi­nut­da Eý­ra­nyň meş­hur ýyl­dy­zy, umu­my­lyk­da tu­tuş dün­ýä­de mil­li ýy­gyn­dy­lar­da iň köp gol ge­çi­ren hü­jüm­çi Ali Daei­ni sak­la­mak ko­reý­le­re ba­şart­ma­ýar. Us­sat oýun­çy 23 mi­nu­tyň do­wa­myn­da 4 g­ol ge­çir­ýär (Ba­ge­ri 31, Azi­zi 52, Daei 66, 76, 83, 89 p — Kim Do-Hun 11, Şin Tae-Ýon 35). Gar­şy­lyk­ly gol­la­ryň ge­çi­ri­len du­şu­şy­gyn­da-da Sa­ud Ara­bys­ta­ny Hy­ta­ýyň ýy­gyn­dy­sy­ny 4–3 ha­sa­by bi­len ut­ýar.
Ýa­rym fi­nal­da BAE goň­şu­sy Ku­weý­ti Sai­diň 69-njy mi­nut­da­ky ýe­ke-täk go­ly bi­len 1–0 ýeň­ýär. Il­kin­ji sa­par fi­na­la çy­kan BAE gar­şy­da­şy­ny to­par­ça­da-da ýe­ňip­di. “B” to­par­ça­da du­şu­şan Eý­ran bi­len Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň mil­li to­par­la­ry­nyň ara­syn­da­ky ýa­rym fi­nal­da ha­sap açyl­ma­ýar. Pe­nal­ti ur­gu­la­ryn­da has us­sat­lyk gör­ke­zen arap­lar bas­syr 4-nji ge­zek fi­na­la çyk­ýar. Olar mu­ny ba­şa­ran il­kin­ji to­par bol­ýar.
3-nji ýer ug­run­da­ky oýun­da Eý­ran bi­len Ku­weýt du­şuş­ýar. 15-nji mi­nut­da Al-Hu­wai­di bi­len öňe saý­la­nan ku­weýt­li­le­re 40-njy mi­nut­da Ali Daei jo­gap ber­ýär. Du­şu­şyk­da ýe­ňi­ji pe­nal­ti­ler­den soň, bel­li bol­ýar. Eý­ra­nyň ýy­gyn­dy­sy 4–3 ha­sa­byn­da öňe saý­la­nyp, ýeň­şi­ni baý­ram ed­ýär.
Fi­nal du­şu­şy­gyn­da il­kin­ji sa­par 2 arap döw­le­ti – ýer eýe­si BAE bi­len Sa­ud Ara­bys­ta­ny du­şuş­ýar. Şeýh Za­ýe­diň ady­ny gö­ter­ýän sta­di­on­da­ky oý­na 60 müň jan­kö­ýer to­ma­şa edip, du­şu­şyk­da ma­laý­zi­ýa­ly Mohd Naz­ri Ab­dul­lah jür­le­wük çal­ýar. Oý­nuň esa­sy wag­tyn­da-da, goş­ma­ça 30 mi­nut­da-da ha­sap açyl­ma­ýar. Pe­nal­ti­ler­de ar­tyk­maç­lyk gör­ke­zen Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň ýy­gyn­dy­sy 4–2 ha­sa­byn­da ýeň­şi­ni baý­ram ed­ýär. Şeý­le­lik­de, Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy Eý­ran­dan soň, Azi­ýa Ku­bo­gy­ny 3 ge­zek alan 2-nji to­par bol­ýar.
Çem­pio­na­tyň iň gym­mat­ly oýun­çy­sy baý­ra­gy­na eý­ran­ly Ho­da­dad Azi­zi ­la­ýyk gö­rül­ýär. 8 gol ge­çi­ren eý­ran­ly Ali Daei iň ne­ti­je­li hü­jüm­çi baý­ra­gy­ny eýe­le­ýär. Çem­pi­on to­par­dan Mo­ha­med Al-Dea­ýea iň ök­de der­we­ze­çi diý­lip saý­lan­ýar. Ge­çi­ri­len 26 oýun­da 80 gol ha­sa­ba al­nyp, ola­ry 47 fut­bol­çy der­we­zä gi­riz­ýär.