«Li­wer­pul» to­pa­ry soň­ky ge­zek çem­pi­on bo­lan­da, Ang­li­ýa­nyň hö­kü­met baş­ly­gy Mar­ga­ret Tet­çer bo­lup, şon­dan bä­ri 6 prem­ýer-mi­nistr ça­lyş­ýar. «Li­wer­pu­lyň» soň­ky sa­par çem­pi­on bo­la­ny­na çär­ýek asyr­dan gow­rak wagt ge­çip, şol ýyl dün­ýä inen ça­ga­lar bu wagt öý­li-işik­li, ul­la­kan adam­lar bo­lup git­di. «Li­wer­pul» soň­ky ge­zek çem­pi­on­lyk ga­za­nan­da, to­pa­ryň hä­zir­ki dü­zü­min­de oý­na­ýan we çem­pi­on­lyk ga­za­nan oýun­çy­la­ryň kö­pü­si en­tek do­gul­man­dy­lar hem. Ine, şol nuk­daý­na­zar­dan to­pa­ryň çem­pi­on­ly­gy­nyň äh­mi­ýe­ti «li­wer­pul­ly­lar» üçin diý­seň uly. To­par şol 30 ýyl­lyk dö­wür­de je­mi 5 ge­zek 2-nji ýe­ri eýe­läp, aý­ra­ty­nam şo­la­ryň soň­ky iki­sin­de çem­pi­on­ly­gyň bo­sa­ga­syn­dan gaýd­ýar. Iki­sin­de-de ag­za-bur­na ge­len çem­pi­on­ly­gy «Man­çes­ter Si­tä» al­dyr­ýar. Birinjisi 2013–2014, beý­le­ki­si bolsa 2018–2019 fut­bol möw­süm­le­ri. «Li­wer­pul» ge­çen möw­süm­de 97 utuk top­lap, çem­pio­na­ty 2-nji ha­tar­da ta­mam­la­ýar. Ol bu gör­ke­zi­ji esa­syn­da Ýew­ro­pa­da 97 utuk bi­len çem­pi­on­lyk ga­za­nyp bil­me­dik il­kin­ji klub bol­ýar. Ga­ly­ber­se-de, «Pre­mi­er li­ga­nyň» çem­pi­on­lyk has­ra­ty­nyň çe­ki­len 30 ýy­lyn­da «Li­wer­pul» de­giş­li­lik­de, Ýew­ro­pa li­ga­syn­da 1, Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da 2, UEFA Su­per Ku­bo­gyn­da 3 ge­zek ýe­ňiş ga­zan­ýar.
2015-nji ýy­lyň okt­ýab­ryn­da tä­lim­çi­li­ge bel­le­nen Ýur­gen Klop­puň tak­ti­ki til­sim­le­ri­ni to­pa­ryň süň­ňü­ne or­naş­dyr­ma­gy o di­ýen köp wag­ta çek­me­ýär. Ýö­ne mu­ňa ga­ra­maz­dan, çem­pi­on­lyk üçin Klop­pam, to­pa­ram 5 ýyl ga­raş­ma­ly bol­ýar (30 ýy­la se­re­de­niň­de, 5 ýy­lyň gür­rü­ňi bol­maz). Se­bä­bi Klop­puň gar­şy­syn­da çem­pi­on­lyk ug­run­da ýi­ti gö­reş alyp bar­ýan us­sat tä­lim­çi Pep Gu­ar­dio­la bar. Jan­kö­ýer­le­riň iň esa­sy ar­zu­wy «Pre­mi­er li­ga­da» klub­la­ry­nyň çem­pi­on­lyk ga­za­na­ny­na şa­ýat bol­mak­dy. Şol se­bäp­li ge­çen möw­süm­de ga­za­ny­lan Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň ku­bo­gy-da jan­kö­ýer­le­ri o diýen ka­na­gat­lan­dyr­ma­ýar. Tä­ze möw­sü­me trans­fer­siz baş­lan «Li­wer­pul» çem­pi­on­ly­gyň iň esa­sy da­laş­gä­ri diý­lip gör­ke­zil­ýär. 2019–2020 möw­sü­mi­ne «Li­wer­pul» ju­da şow­ly başlaýar. To­par öz meý­dan­ça­syn­da-da, myh­man­çy­lyk­da-da yzy­gi­der­li ýe­ňiş­ler ga­zan­ýar. Hat­da 28-nji tap­gy­ra çen­li hiç hi­li ýe­ňil­män gel­ýär (di­ňe 1 oýun­da deň­me-deň bol­ýar). «Man­çes­ter Si­ti­niň» ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­da utuk ýi­tir­me­gin­den soň, ara­ta­pa­wut ep-es­li açyl­ýar. Eý­ýäm 1-nji aý­law ta­mam­lan­man­ka, çem­pi­on bel­li di­ýen ýa­ly­dy. Jan­kö­ýer­le­riň ara­syn­da «Li­wer­pu­lyň» möw­sü­miň ta­mam­lan­ma­gy­na nä­çe tap­gyr ga­lan­da çem­pi­on­ly­gy­ny yg­lan et­jek­di­gi ba­ra­da gür­rüň­ler edil­ýär.
Dün­ýä­de eme­le ge­len çylşyrymly ýag­daýlar se­bäp­li mej­bu­ry ara­kes­me­den soň, tä­ze­den baş­lan çem­pio­na­tyň 30-njy tap­gy­ryn­da «Li­wer­pul» myh­man­çy­lyk­da şä­her­de­şi «Ewer­ton» bi­len deň­me-deň oý­na­ýar. On­dan so­ňam, öz meý­dan­ça­syn­da «Kris­tal Pa­la­sy» 4–0 ýe­ňip, «Çel­si»–«Man­çes­ter Si­ti» du­şu­şy­gy­nyň ne­ti­je­si­ne ga­ra­şyp baş­la­ýar. Bu oýun­da «Si­ti­niň» utul­ma­gyn­dan soň, to­pa­ryň jan­kö­ýer­le­ri bi­len bir ha­tar­da, äh­li fut­bol muş­dak­la­ry­nyň 30 ýyl­lyk ar­zu­wy ahy­ry ha­syl bol­ýar. Ang­li­ýa­nyň hal­ka­ra ýa­ryş­lar­da­ky iň ba­şar­nyk­ly klu­by, ýer­li li­ga­da­ iň köp ýe­ňi­ji bo­lan 2-nji klu­by «Li­wer­pul» dün­ýä­niň iň söý­gü­li çem­pio­na­ty ha­sap­lan­ýan «Pre­mi­er li­ga­nyň» 28 ýyl­lyk ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek çem­pi­on bol­ma­gy ba­şar­ýar. «Pre­mi­er li­ga» ady­ny al­ýan­ça ýur­duň iň öň­de­ba­ry­jy to­pa­ry bo­lan «Li­wer­pul» üçin bu ýag­daý geň ga­lar­ly. Se­bä­bi «Blek­börn», «Les­ter» ýa­ly klub­la­ryň çem­pi­on­lyk ga­za­nan «Pre­mi­er li­ga­syn­da» «Li­wer­pulyň» şu wag­ta çen­li çem­pi­on­ly­gy­nyň bol­maz­ly­gy ga­ty tä­sin. Ine-de, soň­ky ýyl­lar­da di­ňe bir «li­wer­pul­ly­la­ryň» däl, eý­sem, beý­le­ki fut­bol jan­kö­ýer­le­ri­niň-de esa­sy üns mer­ke­zi­ne öw­rü­len bu 30 ýyl­lyk düýş ahy­ry ha­ky­kat ýü­zün­de-de ama­la aş­ýar.

BIRNÄÇE REKORD TÄZELENDI
El­bet­de, ju­da köp ga­raş­y­lan bu çem­pi­on­lyk re­kord­syz bol­ma­ýar. Bu ta­ry­hy çem­pi­on­lyk ýa­ny bi­len bir­nä­çe re­kord­lar hem ga­zan­dyr­ýar. Şo­la­ryň bi­ri çem­pi­on­ly­gyň möw­sü­miň ta­mam­lan­ma­gy­na 7 tap­gyr ga­lan­da, ýa-da 31-nji tap­gyr­da ga­za­nyl­ma­gy «Pre­mi­er li­ga­nyň» ta­ry­hyn­da­ky iň ir çem­pi­on­lyk hök­mün­de ha­sa­ba alyn­ýar. Şeý­le-de few­ral aýyn­da «West Ha­my» 3–2 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war eden «Li­wer­pul» öz meý­dan­ça­syn­da bas­syr 21-nji du­şu­şy­gyn­da ýe­ňiş ga­za­nyp, bu ugur­da «Man­çes­ter Si­ti­niň» re­kor­dy­ny tä­ze­le­ýär. Hä­zir­ki wagt­da bu re­kord 23 du­şu­şy­ga ýet­di. Çem­pio­nat­da yz­ly-yzy­na 18 du­şu­şyk­da ýe­ňiş ga­za­nyp, bu ba­bat­da «Si­ti­niň» re­kor­dy­na şä­rik bol­ýar. 1-nji few­ral­da «So­ut­hemp­to­ny» 4–0 ýe­ňen «Li­wer­pul» 2-nji ha­tar­da­ky «Si­ti» bi­len utuk ara­ta­pa­wu­dy­ny 22-ä ýe­ti­rip, bu ugur­da-da re­kord goý­ýar. Şol bir wag­tyň özün­de çem­pio­nat­da­ky äh­li to­pa­ry ýe­ňen «Li­wer­pul» 128 ýyl­lyk ta­ry­hyn­da il­kin­ji ýo­la şeý­le üstünlik gazanýar. 29-njy few­ral­da ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­da «Wat­ford­dan» 3–0 as­gyn ge­len «Li­wer­pul» «Pre­mi­er li­ga­da» 44 oýun­dan soň ýeň­lip, «Ar­se­na­lyň» re­kor­dy­nyň bo­sa­ga­syn­dan gaýd­ýar. Şeý­le-de to­pa­ryň tä­lim­çi­si Klopp «Pre­mi­er li­ga­da» çem­pi­on­lyk ga­za­nan il­kin­ji ne­mes tä­lim­çi­si bol­ýar. «Li­wer­pulyň» soň­ky 2 çem­pi­on­ly­gy­nyň ara­syn­da 11016 gün bo­lup, ol şol 30 ýyl­da çem­pio­na­tyň çä­gin­de 1151 du­şu­şyk ge­çir­ýär we şol oýun­lar­da 1975 go­ly der­we­zä gi­riz­ýär.