* Is­pa­ni­ýa­nyň “La Li­ga­syn­da” 231-nji res­mi “El Kla­si­ko” oý­na­lyp, “Re­al Mad­rid” eze­li bäs­de­şi “Bar­se­lo­na­ny” myh­man­çy­lyk­da 2–1 ha­sa­byn­da ýeň­me­gi ba­şar­dy. Şun­luk­da, 39 oýun­dan bä­ri ýe­ňil­män gel­ýän “Bar­ça­nyň” bu üs­tün­li­gi­ni “Re­al Mad­rid” soň­lan­dyr­dy. Pi­ke bi­len öňe saý­la­nan ka­ta­lon­la­ryň to­run­dan 83-nji mi­nut­da 1 oýun­çy­sy (Ser­jio Ra­mos) gy­zyl alan “Rea­lyň” ýe­ňiş gol­la­ry­ny Ben­ze­ma bi­len Ro­nal­do to­ra gi­riz­di. Ro­nal­do “Kamp Nou­da” meý­dan­ça çykan 9-njy “El Kla­si­ko­syn­da” 10-njy pök­gü­si­ni öz ady­na ýaz­dyr­dy. Ga­ly­ber­se-de, soň­ky ýyl­lar­da­ky­dan üýt­ge­şik­lik­de, “Rea­lyň” tä­lim­çi­si Zi­ne­din Zi­dan il­kin­ji “El Kla­si­ko­syn­da” ýe­ňiş ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. “Re­al Mad­rid” 2012-nji ýyl­dan soň, “Bar­se­lo­na­ny” myh­man­çy­lyk­da il­kin­ji sa­par ut­dy. Katalonlaryň su­per ýyl­dy­zy Lio­nel Mes­si 500-nji go­lu­ny so­ňa goý­ma­ly bol­dy.
* Çem­pi­on bol­mak umy­dy­ny do­wam et­dir­ýän “At­le­ti­ko” öz meý­dan­ça­syn­da “Be­ti­si” 5–1 ha­sa­byn­da ýeň­di.
* Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da öň­de­ba­ry­jy “Ýu­wen­tus” “Em­po­li­den” Man­žu­ki­çiň ýe­ke to­py bi­len üs­tün çyk­ma­gyň höt­de­sin­den gel­di.
* “Udi­ne­ze­den” 3–1 ha­sa­byn­da utu­lan “Na­po­li” çem­pi­on­lyk ug­run­da uly ýit­gä se­ze­war bol­dy. Bu ýeň­liş­den soň, li­der “Ýu­wen­tus­dan” 6 utuk yza ga­lan “Na­po­li­niň” ýyl­dyz hü­jüm­çi­si Hi­guian bu oýun­da gy­zyl pe­tek al­dy we 4 du­şu­şyk­dan mah­rum edil­di.
* Rim der­bi­sin­de “La­sio” öz meý­dan­ça­syn­da “Ro­ma­dan” 4–1 ha­sa­byn­da utul­dy. Myh­man­la­ryň gol­la­ry­ny tä­ze klu­bun­da özü­ni dür­sän El Şaa­ra­wi, Je­ko, Flo­ren­zi we Pe­rot­ti der­we­zä gi­riz­di.
* Tür­ki­ýä­niň “Sü­per li­ga­syn­da” çem­pi­on­lyk ug­run­da ýi­ti gö­reş alyp bar­ýan “Be­şik­taş­dyr” “Fe­ner­bah­çe” bu tap­gy­ry ýe­ňiş­siz ta­mam­la­dy. “Fe­ner­bah­çe” öz meý­dan­ça­syn­da “Os­man­lys­por” bi­len deň­me-deň oý­nan bol­sa, “Be­şik­taş” myh­man­çy­lyk­da “Ka­sym­pa­şa­dan” 2–1 ha­sa­byn­da as­gyn gel­di.