Beýik Bri­ta­ni­ýa­da ýa­şa­ýan 81 ýaş­ly Tom Klark 1979-njy ýyl­da ta­pan al­tyn ýü­zü­gi­ni 40 ýyl­lap sak­lap­dyr. Hü­när­men­le­re ýüz tu­tan bu go­ja or­ta asyr­la­ra de­giş­li bo­lan bu ar­te­fak­tyň gym­mat­ ba­ha­ly­dy­gy­ny bi­lip ga­lyp­dyr. Şol ýyl Tom Klark me­tal göz­leý­ji en­ja­myň kö­me­gi bi­len Ba­kin­gem­şir­dä­ki meý­dan­la­ryň bi­rin­de üýt­ge­şik ýü­zü­giň üs­tün­den bar­ýar. Ol ýü­zü­gi äh­mi­ýet­siz ta­pyn­dy­dyr öý­düp, goş­la­ry­nyň ara­sy­na taş­laýar. Go­laý­da bolsa, ýe­ne-de onuň üs­tün­den ba­ryp­dyr.
Klark ýü­zü­giň ba­ha­sy­ny bil­me­gi ýü­re­gi­ne düw­ýär we onuň 1350-nji ýy­la de­giş­li bo­lan or­ta asyr ta­pyn­dy­sy­dy­gy­na göz ýe­ti­rip, haý­ran gal­ýar. Ýü­zük la­tyn ýaz­gy­la­ry bi­len ha­şam­la­nyp­dyr. Ýa­kyn gün­ler­de ýü­zük “Han­sons Auctio­neers His­to­rica” auk­sio­nyn­da goý­lar. Oňa 7 müň­den 12 müň dol­la­ra çen­li nyrh ke­sil­ýär.