Günorta Amerikada ýerleşýän Peru döwletiniň Kusko şäheri taryhy ýadygärlikleri, Inka medeniýetine degişli binalary, tebigy gurşawy bilen jahankeşdeleri özüne maýyl edýär. Şeýle gözel ýerleri, ajaýyp tebigaty ýokardan gije-gündiz synlamak islemeýän ýok bolsa gerek. Ýöne şäheriň merkezinden 224 kilometr daşlykda ýerleşýän Urubamba-Ollantaytambo diýilýän ýerde Perunyň Gizlin jülgesine abanyp duran dag gerişlerindäki täsin myhmanhanadan aşak seretmek hemmeler üçin ýeňil däl bolmagy mümkin. Dagyň gerşinden asylgy duran, aýnadan gurlan bu özboluşly kapsula görnüşli öýjagazlar başdan geçirmäni halaýanlaryň gelim-gidimli ýerine öwrülip başlady. Ýerden 400 metr ýokarda ýerleşýän bu kapsulalaryň ini 7, beýikligi 2,5 metre barabardyr. Howa şertleriniň ählisi üçin oňaýly bolan kapsulalarda 4 adama niýetlenen ýatyş diwanlary, şeýle-de kiçeňräk aşhana we duş almak üçin ýörite ýer bar. 6 penjiresi, 4 sany howa çalyşýan kiçi penjiresi bar bolan bu kapsulalara barmak welin o diýen ýeňil däl. Oňa dyrmaşyp ýa-da beýikli-pesli ençeme menzili ýöräp geçmek arkaly baryp bolýar. Batyrgaý, garadan gaýtmaz jahankeşdeleriň barýan bu ýerinde düşlemegiň çykdajysy bir adam üçin 500 dollara golaýdyr.