Köp wagt­dan bä­ri gür­rü­ňi edil­ýän ge­le­şik dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Hy­ta­ýyň döw­let hi­mi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy “Chi­na Na­tio­nal Che­mical Cor­po­ra­ti­on” (ChemChi­na) bi­len Şweý­sa­ri­ýa­nyň “Syn­gen­ta AG” hi­mi­ýa kon­ser­ni ara­syn­da ge­le­şik bag­laş­yldy. Hy­ta­ýyň kom­pa­ni­ýa­sy ahyr­so­ňy şweý­sar fir­ma­sy­ny sa­tyn al­ýar. Bu ge­le­şi­giň ba­ha­sy 43 mil­liard dol­la­ra deň bol­dy.
Go­laý­da ABŞ-nyň hal­ka­ra ma­ýa go­ýum­lar ko­mi­te­ti hem bu ge­le­şi­gi tas­syk­la­dy. Şu ýy­lyň few­ral aýyn­da Hy­ta­ýyň fir­ma­sy “Syn­gen­ta”-nyň her bir paý­na­ma­sy üçin 465 dol­lar tek­lip edip­di. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, ge­le­şi­giň ba­ha­sy 43 mil­liard dol­la­ra ba­ra­bar bol­dy. Iki kom­pa­ni­ýa­nyň ara­syn­da­ky ge­le­şi­giň şu ýy­lyň ahy­ryn­da ta­mam­lan­jak­dy­gy mä­lim edil­di.
“Syn­gen­ta” — dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy oba ho­ja­lyk dö­kün­le­ri­ni ön­dür­ýän kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň bi­ri. Onuň dün­ýä­niň 90 ýur­dun­da we­kil­ha­na­sy bo­lup, iş­gär­le­ri­niň sa­ny 28 mü­ňe go­laý­la­ýar. “ChemChi­na” bol­sa, Hy­ta­ýyň bu ugur­da­ky iri kom­pa­ni­ýa­sy­dyr. Onuň dü­zü­min­de 140 müň­den gow­rak iş­gär bo­lup, 45 mü­ňi şe­re­ke­tiň da­şa­ry ýurt­da­ky şa­ham­ça­la­ryn­da iş­le­ýär.