“Volkswagen” kompaniýasynyň iň köp öndüren modeli bolan “Golf”-yň döredilenine 45 ýyl doldy. Häzirki wagtda modeliň ýedinji nesli öndürilýär. Ulag 1974-nji ýylyň martynda Wolfsburgda öndürilip başlandy. Şol döwürde kompaniýanyň inženerleri bu modeli uly islegden peýdalanýan “Beetle” modeliniň tutuşlygyna täzelenen görnüşi hökmünde çykarypdyrlar. Emma 1930-njy ýyllaryň ahyrynda satuwa çykarylan “Beetle” ulaglarynyň önümçiligini hem dowam etdiripdirler. 1960-njy ýyllarda dünýäniň dürli ýurtlaryndaky satuwy rekord derejä ýeten “Beetle” özboluşly dizaýny hem-de hereketlendirijisiniň yz tarapynda bolmagy bilen tapawutlanypdy. Nemes awtoulag ägirdi “Beetle”-yň şeýle ýokary netije gazanandygyna garamazdan, “Golf” ulagynyň motoryny öň tarapda ýerleşdirmegi makul bilipdirler. Bu ulagdan iki ýyldan gowrak wagtda bir milliony satylypdyr. Häzirki wagtda hem önümçiligi dowam edýän modeliň sekizinji nesli 25-nji oktýabrda tanyşdyrylar.