Öňü­miz­dä­ki ýy­lyň tom­sun­da Rus­si­ýa­da ge­çi­ril­jek XXI Dün­ýä Ku­bo­gyn­da çy­kyş et­jek 32 ýy­gyn­dy­nyň hem­me­si-de bel­li bol­dy. Öň­ki bel­li bo­lan 23 to­pa­ryň ha­ta­ryn­a ýe­ne-de Ýew­ro­pa­dan 4, Af­ri­ka­da­n 3 ýy­gyn­dy go­şul­dy. 2 to­par bol­sa, yk­lym­la­ra­ra­sy pleý-off­dan soň, ýol­lan­ma al­ma­gy ba­şar­dy. Yk­ly­myň soň­ky çem­pio­ny Ka­me­run, Ga­na, Kot-d’Iwuar ýa­ly Af­ri­ka­nyň güýç­li ýy­gyn­dy­la­ry welin, fut­bol baý­ram­çy­ly­gy­nyň daşynda galdy. 32 ýygyndynyň 20-si Braziliýa 2014-de hem çykyş edipdi.

GAT­NA­ŞYP BIL­MEDIK ÝE­KE-TÄK ÇEM­PI­ON
Ýew­ro­pa pleý-off tap­gy­ryn­da ge­çi­ri­len 8 oý­nuň 4-sin­de ha­sap açyl­ma­dy. 1-nji du­şu­şyk­lar­da 1, 2-nji du­şu­şyk­lar­da-da 3 oýun­dan gol se­si çyk­ma­dy. Ýew­ro­pa­da Gol­lan­di­ýa­dan soň, Ita­li­ýa-da ýa­ry­şyň da­şyn­da gal­dy. Stok­golm şä­he­rin­de ýer­leş­ýän “Friends” sta­dio­nyn­da Şwe­si­ýa güýç­li gar­şy­da­şy Ita­li­ýa­ny 1–0 ha­sa­byn­da ýe­ňip, jo­gap du­şu­şy­gy üçin uly müm­kin­çi­lik ga­zan­dy. 3 gün soň, “San Si­ro­da­ky” oý­na ital­ýan­lar yz­ly-yzy­na hü­jüm­ler bi­len baş­la­dy. Ol oý­nuň so­ňu­na çen­li-de do­wam et­di. Ýö­ne ýer eýe­le­ri­ne ha­sa­by aç­mak ba­şart­ma­dy. Şun­luk­da, Dün­ýä Ku­bo­gy­ny 4 ge­zek eýe­län we mu­ny ba­şa­ran 3 to­pa­ryň bi­ri Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy Rus­si­ýa 2018-e ýol­lan­ma alyp bil­me­di. Şeý­le wa­ka soň­ky 60 ýyl­da il­kin­ji ge­zek ga­bat ge­lin­ýär. Ýag­ny Ita­li­ýa iň soň­ky sa­par mun­dan 60 ýyl ozal, Dün­ýä Ku­bo­gy­na gat­na­şyp bil­män­di. Geň ga­laý­ma­ly za­dam 1958-nji ýyl­da­ky şol çem­pio­nat Ita­li­ýa­ny 21-nji Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň da­şyn­da gal­dy­ran Şwe­si­ýa­da ge­çi­ri­lip­di. Dün­ýä çem­pio­nat­la­ry­nyň hem­me­si­ne gat­na­şan ýe­ke-täk to­par Bra­zi­li­ýa­dyr. Dün­ýä­niň 4 ge­zek çem­pio­ny Ger­ma­ni­ýa bi­len Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy-da mun­dan öň, di­ňe 2 ýa­ryş­da orun alyp bil­män­di. In­di ital­ýan­lar üçin bu gör­ke­zi­ji 3-e çyk­dy. Ýag­ny Ita­li­ýa 1930-njy ýyl­da Urug­waý­da gu­ra­lan il­kin­ji çem­pio­na­ta sy­ýa­sy me­se­le­ler se­bäp­li gat­naş­man­dy. 1958-nji ýyl­da-da Şwe­si­ýa­da ge­çi­ri­len ýa­ry­şa ýol­lan­ma alyp bil­män­di. Ýe­ne-de bel­le­me­li zat­la­ryň bi­ri-de, Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 1970-nji ýyl­dan soň, her 12 ýyl­dan 1 ge­zek Dün­ýä Ku­bo­gyn­da fi­na­la çy­kyp­dy (1970, 1982, 1994, 2006). De­giş­li dö­wür­de 2 ge­zek (1982, 2006) ku­bo­gy as­ma­na gö­te­ren Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy, şol ha­sa­ba­ta gö­rä, gel­jek ýy­lam fi­na­la çy­kyp bi­ler­di. Bu ga­ra­şyl­ma­dyk wa­ka­dan soň, to­pa­ryň ka­pi­ta­ny Ji­an­lui­ji Buf­fon, Da­nie­le De Ros­si we And­rea Bar­za­li mil­li to­par bi­len hoş­la­şdyla­r. Ga­ly­ber­se-de, ital­ýan­la­ryň bu şow­suz­ly­gy ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne gö­nü­mel ýag­daý­da 500–600 mil­li­on, umu­my­lyk­da-da 1 mil­liard ýew­ro­lyk zy­ýan be­rer. Şol bir­wag­tyň özün­de Ita­li­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy Rus­si­ýa 2018-de orun alyp bil­me­dik ýe­ke-täk çem­pi­on to­par bo­lar. Beý­le­ki çem­pi­on to­par­lar – Bra­zi­li­ýa (5), Ger­ma­ni­ýa (4), Urug­waý (2), Ar­gen­ti­na (2), Ang­li­ýa (1), Fran­si­ýa (1) hem-de Is­pa­ni­ýa­nyň (1) ýy­gyn­dy­la­ry­dyr.
Ko­pen­ga­gen­dä­ki “Par­ken” sta­dio­nyn­da Da­ni­ýa bi­len Ir­lan­di­ýan­yň ara­syn­da ge­çi­ri­len 1-nji du­şu­şyk­da ha­sap açyl­man­dy. 2-nji du­şu­şyk we­lin, ju­da baş­ga­ça ýag­daý­da geç­di. 6-njy mi­nut­da Daf­fi bi­len öňe saý­la­nan ýer eýe­le­ri­niň to­run­dan myh­man­lar 5 pök­gi gi­riz­di. To­pa­ryň ýyl­dy­zy Kris­ti­an Erik­sen het-trik edip, to­pa­ry­nyň Dün­ýä çem­pio­na­ty­na pe­tek ga­zan­ma­gyn­da esa­sy ro­ly oý­na­dy. Ol mil­li to­par­da­ky soň­ky 15 oýun­da 14 gol ge­çi­rdi. Şeý­le­lik­de, il­kin­ji ge­zek 1986-njy ýyl­da gat­na­şan Da­ni­ýa 5-nji sa­par Dünýä çempionatynda gö­reş­mä­ge hu­kuk ga­zan­dy.
De­mir­ga­zyk Ir­lan­di­ýa bi­len Şweý­sa­ri­ýa­nyň ara­syn­da­ky oýun­da ýe­ke-täk pök­gi ýe­ňi­ji­ni kes­git­le­di. Myh­man­çy­lyk­da Ri­kar­do Rod­ri­ge­siň 58-nji mi­nut­da pe­nal­ti­den ge­çi­ren go­ly şweý­sar­la­ra ýe­ňiş ge­tir­di. Ba­zel­dä­ki jo­gap oý­nun­da-da ha­sap açyl­ma­dy. Aý­ra­ty­nam soň­ky mi­nut­lar­da myh­man­la­ryň dö­re­den howp­ly pur­sat­la­ryn­dan baş alyp çy­kan şweý­sar­lar yz­ly-yzy­na 4-nji, umu­my­lyk­da-da 11-nji ge­zek Dün­ýä Ku­bo­gy­na ýol­lan­ma ga­zan­dy.
Öz meý­dan­ça­syn­da eý­ýäm 1-nji ýa­rym­da 3 pök­gi gi­ri­zen hor­wat­la­ra grek­ler­den üs­tün çyk­mak o di­ýen kyn düş­me­di. 1-nji oýunda 4–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan Hor­wa­ti­ýa umumy netijäni şol duşuşykda kesgitledi. Pi­reý­de ge­çi­ri­len 2-nji du­şu­şyk­ başlaýşy ýaly tamamlandy. Ne­ti­je­de, Hor­wa­ti­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy bas­syr 2-nji, umu­my­lyk­da-da 5-nji ge­zek Dün­ýä Ku­bo­gyn­da çy­kyş et­mä­ge yg­ty­ýar al­dy.

20 ÝYLDAN SOŇ, 5-nji GE­ZEK
Af­ri­ka zo­la­gyn­da Ni­ge­ri­ýa (“B” to­par­ça) bi­len Mü­sür (“E” to­par­ça) mun­dan öň­ki oýun­lar­da hukuk gazanyp­dy. Bu ge­zek­ki du­şu­şyk­lar­dan soň, ýe­ne-de 3 ýy­gyn­dy Dün­ýä çem­pio­na­tyn­da yk­ly­myň adyn­dan we­kil­çi­lik eder. “A” to­par­ça­da Li­wi­ýa bi­len deň­me-deň oý­nan Tu­ni­siň ýy­gyn­dy­sy Gwi­ne­ýa­dan 3–1 üs­tün çy­kan DR Kon­go­dan 1 utuk öňe saý­lan­dy. Tu­ni­siň mil­li to­pa­ry 5-nji ge­zek Dün­ýä Ku­bo­gy­na ýol­lan­ma al­dy. “C” to­par­ça­da-da myh­man­çy­lyk­da Kot-d’Iwuary Di­rar (25) we Be­na­tia­nyň (30) gol­la­ry bi­len 2–0 ýeňen Ma­rok­ko 20 ýyl­dan soň, 5-nji ge­zek Dün­ýä çem­pio­na­ty­na gat­naş­ar. “D” to­par­ça­da-da Gü­nor­ta Af­ri­ka­ny tä­ze­den oý­na­lan oýun­da 2–0 (Sak­ho 12, Mkhi­ze 38 ö.d.), öz meý­dan­ça­syn­da-da 2–1 (Nguet­te 55, Mbod­ži 90+3 – Tau 65) ha­sa­byn­da ýe­ňen Senegal Dün­ýä Ku­bo­gy­nda çykyş etmäge ygtyýar aldy. Bu ola­ryň 2-nji pe­te­gi bo­lup, Se­ne­gal 2002-nji ýyl­da il­kin­ji ge­zek çy­kyş eden çem­pio­na­tyn­da çär­ýek fi­na­la çy­kmagy başaryp­dy.

36 ÝYL GA­RAŞ­DY
Yk­lym­lar ara­sy pleý-off tap­gy­ry­nyň 1-nji du­şu­şyk­la­ryn­da ýag­ny, Tä­ze Ze­lan­di­ýa–Pe­ru hem-de Gon­du­ras–Awst­ra­li­ýa oýun­la­ryn­da ha­sap açyl­ma­dy. Jo­gap oýun­la­ryn­da Awst­ra­li­ýa bas­syr 3-nji ge­zek gat­naş­ma­gyň bo­sa­ga­sy­na ge­len Gon­du­ra­sy 3–1 ha­sa­byn­da ut­ýar. 54-nji mi­nut­da Fi­ge­roa­nyň öz der­we­ze­si­ne ge­çi­ren go­lun­dan soň, ýer eýe­le­ri Ýe­di­na­gyň 2 pe­nal­ti (72, 85) go­ly bi­len ha­sa­by 3–0-a ýe­tir­ýär. Eli­siň 90+4-nji mi­nut­da­ky go­ly De­mir­ga­zyk ame­ri­ka­ly­lar üçin ýe­ter­lik bol­maýar. Şeý­le­lik­de, Awst­ra­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy yz­ly-yzy­na 4-nji, umu­my­lyk­da-da 5-nji sa­par Dün­ýä Ku­bo­gy­na gat­na­şar. Pe­ru bol­sa, öz meý­dan­ça­syn­da Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň mil­li to­pa­ry­ny Far­fan we Ra­mo­syň gol­la­ry bi­len 2–0 ha­sa­byn­da ýe­ňip, 5-nji ge­zek çem­pio­nat­da çy­kyş et­mä­ge hu­kuk ga­zanýar. Pe­ru döw­le­ti­niň fut­bol ýy­gyn­dy­sy iň soň­ky sa­par 36 ýyl mun­dan ozal, ha­s ta­ky­gy, Is­pa­ni­ýa–1982-ä gat­na­şyp­dy.
1-nji OÝUNLAR: De­mir­ga­zyk Ir­lan­di­ýa–Şweý­sa­ri­ýa: 0–1 (Ri­kar­do Rod­ri­ges 58 p); Hor­wa­ti­ýa–Gre­si­ýa: 4–1 (Mod­riç 13 p, Ka­li­niç 19, Pe­ri­şiç 33, Kra­ma­riç 49 – Sok­ra­tis 30); Da­ni­ýa–Ir­lan­di­ýa: 0–0; Şwe­si­ýa–Ita­li­ýa: 1–0 (Ýa­kob Ýo­hans­son 61); Gon­du­ras–Awst­ra­li­ýa: 0–0; Tä­ze Ze­lan­di­ýa–Pe­ru: 0–0.

2-nji OÝUNLAR: Şweý­sa­ri­ýa–De­mir­ga­zyk Ir­lan­di­ýa: 0–0, Gre­si­ýa–Hor­wa­ti­ýa: 0–0, Ita­li­ýa–Şwe­si­ýa: 0–0, Ir­lan­di­ýa–Da­ni­ýa: 1–5 (Daf­fi 6 – Kris­ten­sen 29, Erik­sen 32, 63, 74, Bendt­ner 90 p); Awst­ra­li­ýa – Gon­du­ras: 3–1 (Fi­ge­roa 54 ö.d., Ýe­di­nak 72 p, 85 p – Elis 90+4); Pe­ru–Tä­ze Ze­lan­di­ýa: 2–0 (Far­fan 27, K. Ra­mos 65).

BI­JE­LER 1-nji DE­KABR­DA
21-nji Dün­ýä Ku­bo­gy­na gat­naş­jak 32 ýy­gyn­dy bel­li bo­la­nyn­dan soň, FI­FA ola­ry 4 tor­ba paý­la­dy. Bu 4 tor­ba FI­FA-nyň okt­ýabr aýyn­da yg­lan eden sa­na­wy­na gö­rä dü­zül­di. To­par­lar 8 to­par­ça paý­la­nar. Bijä laýyklykda 1 to­par­ça­ Ýew­ro­pa­dan iň köp 2 ýy­gyn­dy­ saýlanar. Dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň to­par­ça­la­ry­nyň bi­je çe­ki­liş da­ba­ra­sy 1-nji de­kabr­da, an­na gü­ni Mosk­wa­da ge­çi­ri­ler.
1-nji tor­ba: Rus­si­ýa, Ger­ma­ni­ýa, Bra­zi­li­ýa, Por­tu­ga­li­ýa, Ar­gen­ti­na, Bel­gi­ýa, Pol­şa, Fran­si­ýa.
2-nji tor­ba: Is­pa­ni­ýa, Pe­ru, Şweý­sa­ri­ýa, Ang­li­ýa, Ko­lum­bi­ýa, Mek­si­ka, Urug­waý, Hor­wa­ti­ýa.
3-nji tor­ba: Da­ni­ýa, Is­lan­di­ýa, Kos­ta Ri­ka, Şwe­si­ýa, Tu­nis, Mü­sür, Se­ne­gal, Eý­ran.
4-nji tor­ba: Ser­bi­ýa, Ni­ge­ri­ýa, Awst­ra­li­ýa, Ýa­po­ni­ýa, Ma­rok­ko, Pa­na­ma, Gü­nor­ta Ko­re­ýa, Sa­ud Ara­bys­ta­ny.