Dünýäniň iň gadymy kino festiwaly bolan Wenesiýa film şüweleňinde bäsleşjek ekran eserleri mälim edildi. Öňdebaryjy film festiwallarynyň biri diýlip görkezilýän Wenesiýa kino şüweleňi bu ýyl 74-nji gezek geçirilýär. 30-njy awgustda başlap, 9-njy sentýabrda tamamlanjak festiwalda baş baýrak bolan “Altyn ýolbars” ugrunda 21 film sanawa alyndy. Olaryň arasynda belli režissýorlaryň kinolary-da bolup, şol filmlere baha berjek eminler toparyna 4 gezek Oskaryň dalaşgäri, amerikaly meşhur aktrisa Annette Bening baştutanlyk eder. Eminler toparyna-da wengriýaly režissýor hem ssenariçi Ildiko Enýedi, meksikaly režissýor Miçel Franko, iňlis aktrisasy Rebekka Holl, fransiýaly aktrisa Anna Muglalis, awstraliýaly kino bilermeni Dewid Stratton, italiýaly aktrisa Jasmin Trinka, angliýaly režissýor Edgar Raýt hem-de gonkongly kinoçy Ýonfan ýaly belli şahsyýetler çagyryldy. 12 günläp dowam etjek festiwalda Darren Aranofskiniň “Mother!”, Abdellatif Keşişiň “Mektoub, My Love: Canto Uno”, Gillermo Del Toronyň “The Shape of Water”, Jorj Kluniniň “Suburbicon” hem-de açylyş dabarasynda-da görkeziljek Aleksander Peýniň “Downsizing” filmleri baş baýragyň esasy dalaşgärleri hasaplanýar.