UEFA Çempionlar ligasynda toparçalardaky 5-nji duşuşyklar oýnalyp, ozal ikinji tapgyra çykan 3 toparyň hataryna ýene-de 5-si goşuldy. Başgaça aýdylanda, 1/8 finalda çykyş etjek klublaryň deň ýary aýan boldy. Galan 8 toparyň arasyna girmek üçin bolsa, ýiti göreş dowam edip, 6-njy tapgyrdaky oýunlaryň biri-birinden dartgynly we çekeleşikli geçjekdigini häzirden aýtsa bolar. Geçilen 16 duşuşykda 52 gol hasaba alyndy. Golsuz geçen duşuşyk bolman, 6 oýun deňlikde tamamlandy. 5 oýunda myhmanlar, 5 oýunda-da ýer eýeleri ýeňiş gazandy.