Ýu­waş um­ma­nyn­da­ky Nau­ru ada­sy­na mun­dan 3000 ýyl ozal adam­la­ryň gö­çüp ba­ryp, ýa­şap baş­lan­dy­gy çak­la­nyl­ýar. Nau­ru Res­pub­li­ka­sy dün­ýä­niň iň ki­çi ada döw­le­ti ha­sap­lan­ýar. Bu ýe­re il­ki bi­len, mik­ro­ne­zi­ýa­lylaryň we po­li­ne­zi­ýa­ly­la­ryň göçüp gelendigi çak­la­nyl­ýar. 21 ine­dör­dül ki­lo­metr meý­da­ny bo­lan ýurt­da 11 müň­den gow­rak adam ýa­şa­ýar. 1980-nji ýyl­lar­dan soň­ra ýe­ras­ty mag­dan­la­ryň üs­tü­niň açyl­ma­gy bi­len ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti has-da ösüp baş­la­ýar. Mun­dan baş­ga-da, te­bi­gy gö­zel­lik­le­re baý bo­lan ada­da ge­ze­lenç et­mek üçin ýer az däl. Ýur­duň De­mir­ga­zygyndaky wul­kan düzlügi ja­han­keş­de­le­riň iň köp bar­ýan ýer­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Adadaky Buada kö­li hem haý­ran gal­dy­ry­jy te­bi­gy gö­zel­lik­le­re eýe. Ady­bir ilat­ly no­ka­dyň go­la­ýyn­da­ky süý­ji suw­ly kö­le hiç hi­li der­ýa guý­ma­ýar, um­man bi­le­nem bi­rig­ýän ýe­ri ýok. Ol di­ňe ýa­gy­nyň ha­sa­by­na dol­ýar. Kö­lüň daş-tö­we­re­gin­de al-ýa­şyl to­kaý­lyk we ot­luk meý­dan bar. Şol se­bäp­li aras­sa ho­wa­ly te­bi­gat­da ge­ze­lenç et­mek üçin iň amat­ly ýer­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Kom­mand Rij da­gy ýur­duň iň be­ýik no­ka­dy bo­lup, onuň be­lent­li­gi 71 met­re ba­ra­bar. Bu de­pä çy­kyp Nau­ru­nyň tas äh­li ýe­ri­ni gör­mek bol­ýar. Şol se­bäp­li bu ýe­ri he­mi­şe köp adam­ly bol­ýar. Ada­da­ky Mo­kua go­wa­gy hem iň esa­sy sy­ýa­hat­çy­lyk no­kat­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Bu ýer­dä­ki süý­ji suw­ly ýerasty kö­lüň çuň­lu­gy 2-5 metr ara­ly­gyn­da.
1968-nji ýyl­da Ga­raş­syz­ly­gy­ny ga­za­nan ýurt­da pul bir­li­gi hök­mün­de awst­ra­li­ýa dol­la­ry ula­nyl­ýar. Res­mi taý­dan paý­tag­ty ýok hem bol­sa, Ýa­ren şä­he­rin­de par­la­ment bi­na­sy bar. Adanyň iň ýa­kyn goňşusy 300 ki­lo­metr go­la­ýyn­da­ky Ki­ri­ba­ti­niň Ba­na­ba ada­sy­dyr. Ýur­duň baý­da­gyn­da 12 burç­luk ýyl­dyz bo­lup, ola­ryň her bi­ri bu ýer­de ýa­şa­ýan bir taý­pa­ny alamatlandyrýar. Ada­nyň daş-tö­we­re­gi­niň su­was­ty te­bi­ga­ty hem örän tä­sin­dir. Şol sebäpli ada su­wa çüm­me­gi ha­la­ýan sy­ýa­hat­çy­la­ryň bar­ýan ýer­le­ri­niň bi­ri­dir.