Merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň esasy aladalarynyň biridir. Munuň hut şeýledigi milli Liderimiziň 28-nji aprelde Ahal welaýaty we paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrmak bilen, onuň barşynda Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde täze ýaşaýyş jaýlarynyň düýbüni tutmak dabarasyna hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň şu etrapda ýerleşýän Mebel toplumynyň açylyşyna gatnaşan mahalynda, şeýle hem Aşgabadyň Olimpiýa şäherjigindäki desgalarda alnyp barylýan işler bilen tanşanynda has-da aýdyň ýüze çykdy.
Hormatly Prezidentimiziň iş sapary mahaly gol çeken Änew şäherinde 5 sany 4 gatly, 32 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmäge we olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmaga degişli Karary hem bu ulgamdaky wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň häkimligi desgalaryň buýrujysy, “Ahalgurluşyk” önümçilik birleşigi bolsa potratçysy bolup çykyş edýär. Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda jemi 160 hojalyga niýetlenen täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna badalga berildi.
Bu ýerde hödürlenen taslamalara laýyklykda, Änew şäherinde düýbi tutuljak her biri 4 gatly, 32 öýli 5 sany ýaşaýyş jaýlarynyň her birinde ýaşaýjylar üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutuldy.
Döwlet Baştutanymyz täze ýaşaýyş jaý toplumlary gurlanda, zerur bolan durmuş düzümini, ýaşaýjylaryň işjeň we peýdaly dynç almagy üçin ähli şertleri göz öňünde tutmagyň möhümdigini, jaýlaryň ýanaşyk ýerlerinde ýaşyl zolaklary döretmegiň, sport we çagalaryň oýun meýdançalaryny gurmagyň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz gurluşyk işleriniň ýokary hilini üpjün etmegiň we desgalary ulanmaga bermegiň bellenen möhletlerini berjaý etmegiň möhümdigini nygtap, degişli ýolbaşçylara bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň oba hojalyk ekinlerini, şol sanda bugdaý meýdanlaryny synlady, güýzlük bugdaýyň ýagdaýyna, galla oragyna taýýarlyk görmegiň barşynda agrotehniki çäreleriň öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirilişine üns berdi.
Milli Liderimiz iş saparyny dowam edip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde gurlan Mebel toplumyna geldi. Bu ýerde, 50 gektar meýdanda şu ugur boýunça önümleriň dürli görnüşlerini öndürmäge ýöriteleşdirilen hususy kärhanalaryň 18-si ýerleşýär.
Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça hem-de Ahal welaýatynyň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlary hakyndaky Kararyna laýyklykda, Ak bugdaý etrabynda uly Mebel toplumynyň gurluşygy üçin ýer bölünip berildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň tagallalary bilen gysga wagtyň içinde bu ýerde ýokary hilli mebelleri we beýleki degişli önümleriň köp görnüşini öndürýän köp ugurly, importuň ornuny tutýan, eksport ugurly döwrebap önümçilik döredildi. Onuň düzümine “Türkmen mebel”, “Çigildem”, “Şahym-şa”, “Alp Arslan”, “Tehnika we mebel”, “Bahar mebel”, “Türkmen şöhle”, “Ak penjire”, “Daş”, “Iňňe” hususy kärhanalary, “Bäş çynar”, “Kümüş käriz”, “Ak ýaýla” hojalyk jemgyýetleri hem-de ýurdumyzyň telekeçileri A.Ataýewiň, B.Döwletgylyjowyň, M.Gurtmämmedowyň, S.Aşyralyýewiň, M.Amannazarowanyň kärhanalary girýär.
Olaryň ählisi Ýewropa ýurtlarynda öndürilen öňdebaryjy tehnologik enjamlar bilen üpjün edildi. Bu toplumyň işe girizilmegi bilen täze iş orunlarynyň 800-e golaýy döredilýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň mebel önümçiliginiň ösdürilmegi bu önüme bolan islegiň 60 göterimine golaýyny kanagatlandyrýar. Çaklanylyşy ýaly, toplumyň taslamada göz öňünde tutulan kuwwatlylygyna çykmagy bilen, özümizde öndürilýän önümler daşary ýurtlardan getirilýän mebelleriň 90 göteriminiň ornuny tutar. Türkmen telekeçileri geljekde gymmat bahaly agaçlardan naýbaşy mebelleri çykarmagy göz öňünde tutýarlar.
Hormatly Prezidentimiz “Türkmen mebel” kärhanasynyň önümçilik binasyna geldi hem-de ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesip, täze desgany açdy. Milli Liderimiz önümçilik bölümine baryp, onuň enjamlaşdyrylyşy, kärhananyň işiniň guralyşy hem-de bu ýerde öndürilýän önümler bilen tanyşdy. “Türkmen mebel” öý üçin mebelleri-diwarlyk, ýatakhana we aşhana garniturlaryny, şifonýerleri hem-de edara mebellerini, hususan-da, şkaflary we dürli görnüşli stollary öndürmäge ýöriteleşdirilendir. Önümleri taýýarlamak üçin mebel işinde giňden ulanylýan döwrebap serişdelerden peýdalanylýar. Önümleriň bezegini bolsa, kärhananyň hünärmenleri işläp taýýarlaýarlar.
Döwlet Baştutanymyz tanyşlygyň barşynda bu ýerde ornaşdyrylan enjamlar, önümçiligiň tehnologiýalary we aýratynlyklary, çykarylýan mebelleriň görnüşleri bilen gyzyklanyp, olaryň hiline üns berdi.
Bölümiň çäginde ýurdumyzyň mebel ulgamynyň iri wekilleriniň biri bolan “Aýbölek” hususy kärhanasynyň sergisi hem guraldy. Bu kärhananyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekläp, bu önümçiligiň işi, çykarýan önümleri we geljekki meýilnamalary barada gürrüň berdi. “Aýbölegiň” ýokary hilli önümleri ýurdumyzda uly islegden peýdalanýar, şeýle hem daşary ýurtlarda olara ýokary baha berilýär.
Döwlet Baştutanymyz ýatakhana mebeliniň nusgalaryny gözden geçirip we ýassyklaryň bezegi hökmünde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşanlarynyň ulanylandygyna üns berip, şeýle mebelleriň Olimpiýa şäherjiginiň ýaşaýyş otaglarynda goýlup bilinjekdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz “Türkmen mebel” kärhanasynyň önümçilik binasyndan çykyp, Mebel toplumynyň kärhanalarynda we beýleki hususy önümçiliklerde çykarylýan önümleriň sergisini synlady.
Milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamynyň wekilleri hemmetaraplaýyn goldaw üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiziň özlerine bildiren ynamyny ödemek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.
Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynda möhüm orun eýeleýän telekeçileriň öndürýän önümleriniň halkyň ösen islegine laýyk gelmegi, olaryň ýokary hilli bolmagy ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belläp, bu babatda öňde durýan wezipelere örän jogapkärçilikli we toplumlaýyn çemeleşmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurulýan desgalary, binalary enjamlaşdyrmakda ýurdumyzyň telekeçileriniň öndürýän mebelleriniň we beýleki harytlarynyň ulanylmagynyň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.
Ýurdumyzda durmuş-medeni maksatly desgalaryň, edara binalarynyň we beýleki maksatly desgalaryň, täze döwrebap obalaryň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurluşygynyň giň gerimde ýaýbaňlandyrylandygyny nazara almak bilen, häzirki wagtda ýurdumyzyň mebel önümçiligini işjeňleşdirmek, öýleriň hem-de edara binalarynyň we beýleki desgalaryň bezegleri üçin çykarylýan harytlaryň görnüşlerini giňeltmek üçin hem giň mümkinçilikler açylýar.
Iş saparynyň barşynda milli Liderimiz paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Bellenilişi ýaly, ýokary derejeli hem-de giň möçberli yklym ýaryşlarynyň barşynda talabalaýyk hyzmaty üpjün etmek babatda degişli maksatnama işlenip taýýarlanyldy. Taýýarlyk işleriniň häzirki tapgyry hem-de geçirilýän çäreleriň anyk tertibi meýilleşdirilen işleriň möhüm bölegi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň anyk ugurlary kesgitlendi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara derejesindäki ýaryşlaryň guralýan merkezine öwrülmeginde Olimpiýa şäherjiginiň möhüm orun eýelejekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz şäherjikde gurluşygy alnyp barylýan desgalarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, olaryň bellenilen möhletlerde tamamlanmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny belledi.
Olimpiýa şäherjiginde meýilleşdirilen desgalaryň köpüsinde gurluşyk işleri doly tamamlanypdyr. Monorels boýunça gatnawy amala aşyrýan otlular, şäherjigiň birnäçe suw çüwdürimleri herekete girizilipdir.
“Zaman-Türkmenistan”.