Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary hem-de taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan döwletimiz halkara derejesindäki syýasy, ykdysady, medeni hem-de sport ulgamlaryndaky iri göwrümli çäreleriň geçirilýän ýurduna öwrülip, dünýä jemgyýetçiliginiň ykrarnamasyna eýe boldy. Milli Liderimiziň baştutanlygynda paýtagtymyz Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary uly üstünliklere beslendi hem-de ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” şygaryndan ruhlanan türkmen türgenleri “Aşgabat 2017” oýunlarynda ýokary ussatlyk derejesini görkezip, 89 altyn, 70 kümüş, 86 bürünç bolmak bilen jemi 245 medal gazanyp, medallaryň umumy sanynda birinjiligi eýeledi.
Tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary ykrarnamasyna eýe bolan “Aşgabat 2017” oýunlary iri sport ýaryşyna gatnaşyjylaryň ýüreklerine mähir paýlady. 12 günüň dowamynda paýtagtymyz Aşgabat dünýäniň nazary düşen ýerine öwrüldi.
Uly şowhun hem-de şatlyk-şagalaňa beslenen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi ýapylyş dabarasy hem ýatda galyjy çäreleriň biri boldy.
Dünýäniň 82 ýurdundan gelen žurnalistleriň we synçylaryň bir ýarym müňden gowragy diňe bir ýaryşlaryň netijeleri hakynda däl, eýsem, Türkmenistan, onuň gözel paýtagty barada giňişleýin maglumatlary ýaýratdylar. Olar özlerinde galan täsirler barada aýdyp, myhmansöýer we bereketli ülkämizi dünýä üçin täzeden açdylar.
Žurnalistleriň, türgenleriň, wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň, köp sanly hormatly myhmanlaryň umumy pikirine görä, Aşgabat diňe bir Aziadany däl-de, eýsem, Olimpiýa oýunlaryny geçirmäge hem mynasypdyr. Munuň üçin bu ýerde iň häzirki zaman sport düzümlerini öz içine alýan, şeýle ýokary talaplara laýyk gelýän ähli şertler bar.
On gün mundan ozal Olimpiýa stadiony ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň taryhynyň häzirki döwür bilen baglanyşygyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary we içeri syýasatynyň esasyny düzýän milli ruhy gymmatlyklary, ynsanperwer ýörelgeleri beýan edýän sahnalaşdyrylan çykyşlaryň merkezine öwrüldi. Munuň özi Parahatçylyk, Rowaçlyk we Abadançylykdyr.
Stadionyň meýdançasynda Aziadanyň milli ýygyndy toparlarynyň dabaraly ýörişi başlanýar. Mälim bolşy ýaly, bu oýunlar Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň 64-siniň hem-de Aziýa oýunlaryna ilkinji gezek gatnaşýan bosgunlaryň wekilleriniň 6 müňe golaýyny jemledi. Ženewada Türkmenistanyň teklibi esasynda Adam hukuklary baradaky geňeşiň ýakynda geçen maslahatynda “Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakynda” Jarnamanyň kabul edilmegi “Aşgabat 2017” oýunlarynyň ýene bir üstünlikli tarapydyr.
Dabaranyň başynda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah söz sözledi. Oýunlar uly üstünliklere beslendi. Bularyň ählisi Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidentiniň öňdengörüjilikli syýasatynyň we ünsüniň netijesidir diýip, belent mertebeli myhman nygtady we Aşgabadyň has iri sport ýaryşlaryny guramaga ukyplydygyna ynam bildirdi.
Şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah ýokary ussatlyk derejesini görkezip, köp sanly altyn medallar alan türkmen türgenlerine hoşallyk bildirip, siz öz janköýerleriňize şatlyk paýladyňyz hem-de beýleki ýurtlaryň türgenlerine myhmansöýerlik görkezdiňiz diýip belledi. “Aşgabat 2017” oýunlary siziň ýurduňyza we paýtagtyňyza täsin gezelenç hökmünde hemmeleriň ýadynda galar diýip, şeýh Ahmad Al- Fahad Al-Sabah ähli türkmenistanlylara we türkmen Liderine ýüzlendi:
“Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň öňde-soňda geçirilenleriň iň gowusy hökmünde taryha giren bu yklymlaýyn ýaryşlaryň uly üstünlige beslenmegi bilen Sizi gutlaýaryn! Şu gün oýunlar tamamlandy. Ýöne biziň dostlugymyzyň we hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etjekdigine ynanýaryn. Aşgabat, biz seniň bilen ýene-de görşeris. Sebäbi biz seni örän söýýäris!”.
Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň adyndan bu guramanyň baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we tutuş türkmen halkyna, oýunlaryň guramaçylaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidentine söz berildi.
Milli Liderimiz ähli türgenleri we tälimçileri geçirilen oýunlarda görkezen üstünlikli çykyşlary bilen gutlap, olara mundan beýläk-de täze üstünlikleri hem-de uly sport ýeňişlerini arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz “Aşgabat 2017” oýunlaryny ýapyk diýip yglan etdi.
Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň marş sazy ýerine ýetirildi. Joşgunly sazyň owazy astynda Olimpiýa stadionynda AOG-nyň Baýdagy düşürilýär we dabaraly ýagdaýda meýdançadan äkidildi.
Ahalteke bedewiniň ägirt uly şekiliniň ýokarsyndaky çanakda on günläp ýanyp duran oýunlaryň alawuny öçürmek pursady gelip ýetdi. Wagty yzyna sanamagyň sekuntlary tiz geçýär, ony sanamaga ähli tomaşaçylar agzybirlikde goşuldy.
Oýunlaryň alawy on günläp paýtagtymyzyň aýdyň gijelerine şugla saçdy. Ol ýagşy umyt-arzuwlaryň, hoşniýetliligiň, dostlugyň we mähriň baş nyşanydyr. Bu alaw ak mermerli Aşgabadyň dürli öwüşginleri bilen utgaşyp, türkmen halkynyň kalbynyň ýürek ýylysyny bütin dünýä ýaýratdy. Bu şeýle-de bolmaly, çünki ol türkmen topragynyň milli baýlygyny goýnunda saklaýan we ägirt uly gory bolan kän hasaplanylýan “Galkynyş” ojagynyň kuwwatyny, ýylysyny özünde jemleýär.
Ähli ýaryşlara gatnaşyjylara, milli Liderimiziň belleýşi ýaly, parahatçylygyň we dostlugyň ilçileri bolan türgenlere iň gowy arzuwlar aýdyldy.
Goý, “Aşgabat 2017” oýunlarynyň “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.” şygary tutuş dünýäde has belentden ýaňlansyn!
Stadionda jemleýji çykyşlar başlandy. Bu ýerde häzirki zaman ösen tehnologiýalary esasynda meýdança küşt tagtasyna, woleýbol ýa-da tennis meýdançasyna, ringe, ylgaw ýodasyna, tans meýdançasyna we bowling üçin zala öwrüldi. Artistler özleriniň taýýarlan çykyşlarynyň üsti bilen “Aşgabat 2017” oýunlarynyň maksatnamasyna giren sportuň dürli görnüşlerini şekillendirýärler. Tomaşaçylar bu ýerde diňe bir bedenterbiýe hereketlerini, çydamlylygy, çeýeligi we tizligi däl, eýsem, hakyky sungat ýörelgelerini gördüler. Munuň özi adam we onuň gatnaşyklarynyň özgerýän sungatydyr.
Soňra ekranda Türkmenistanyň meşhur taryhy-medeni ýadygärlikleri, özboluşly milli mirasymyz barada söhbet açýan wideoşekiller görkezildi. Şunda türkmenleriň nagyşly milli lybaslaryny, zergärleriň şaý-seplerini, bedewleri we laçynlary, türkmen tebigatyny hem-de onuň köp dürli haýwanat dünýäsini, köp öwüşginli bahar çemenzarlyklaryny we Watanymyzyň jomart topragynyň miwelerini görmek bolýar.
Olimpiýa stadionyndaky dabaralaryň çäklerinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň estrada ýyldyzlarynyň uly konserti boldy.
Konserti “Dostluk aýdymy” atly çykyş açdy. Baýramçylyk konsertine ýurdumyzyň folklor we tans toparlary, belli çagalar aýdym-saz toparlary gatnaşdy. Bu ýerde guralan aýdym-sazly çykyşlara Özbegistan Respublikasynyň “Farhod we Şirin” topary, Russiýanyň meşhur aýdymçysy Nýuşa, Liwanyň wokal aýdymçysy Elissa, türkiýeli belli ýerine ýetiriji Mustafa Sandal, britaniýaly aýdymçy we sazanda Jon Nýuman hem gatnaşdy. Konsertiň jemleýji bölüminde baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylaryň hemmesi “Aşgabat 2017”-niň senasy hökmünde kabul edilen hem-de ählihalk söýgüsine mynasyp bolan milli Liderimiziň “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” aýdymyny bilelikde ýerine ýetirdiler.
Aýdym-sazly çykyşlaryň jemleýji bölegi bolan “Jan Watanym Türkmenistan!” atly aýdymyň tamamlanmagy bilen, Aşgabadyň Olimpiýa stadionynyň ýokarsynda älemgoşar öwüşginli feýerwerkler peýda boldy. Sport baýramçylygynyň jemlenýändigini äşgär eden bu ajaýyp görnüşler paýtagtymyzyň asuda asmanynda köp öwüşginli yşyklardan özboluşly sungat eserine çalymdaş şekilleri döretdi.
… “Aşgabat 2017” oýunlary taryhy waka öwrüldi. Ol ýurdumyzyň ýylýazgysyna altyn harplar bilen ýazyldy. Oýunlaryň Türkmenistan, tutuş Aziýa we Ýer ýüzi üçin ähmiýetine doly derejede baha beriljekdigi gürrüňsizdir. Bu oýunlar hemmelere ýatdan çykmajak täsirleri, şatlyk duýgularyny eçilip, mähriban Watanymyza bolan buýsanjymyzy artdyran giň möçberli baýramçylyk çärelerine öwrüldi.