Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda türkmen türgenleri ynamly ýeňiş gazandy. Medallaryň sanawynda ýaryşyň ilkinji gününden kerweniň başyny çeken ildeşlerimiz 245 medal, ýagny 89 altyn, 70 kümüş hem-de 86 bürünç medalyň eýesi boldular. Tutuşlygyna Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary öz bäsdeşlerinden has uly tapawut bilen umumy hasapda öňdeligi eýeledi.
HHR-iň to­pa­ry je­mi 97, şol san­da 42 al­tyn, 32 kü­müş, 23 bü­rünç me­dal bi­len ikin­ji or­ny, EYR-iň ýy­gyn­dy to­pa­ry je­mi 118 me­da­la, şol san­da 36 al­tyn, 23 kü­müş hem-de 59 bü­rünç me­da­la eýe bo­lup, üçün­ji or­ny eýe­le­di.
V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň tu­tuş do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry me­dal ha­sa­byn­da bi­rin­ji or­ny eýe­läp gel­di, hiç to­pa­ry öňe ge­çir­me­di. Ýa­ryş­la­ryň her bir gü­ni türk­men to­pa­ry­na dür­li de­re­je­li me­dal­la­ry ge­tir­di. Tür­gen­le­ri­miz “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­nyň mak­sat­na­ma­sy­na gi­ri­zi­len spor­tuň 21 gör­nü­şi­niň 15-si bo­ýun­ça baý­rak­ly orun­la­ry eýe­le­di­ler. Il­deş­le­ri­miz milli göreş, guşakly göreş, agyr atletika, ýe­ňil at­le­ti­ka, sport tans­la­ry, sambo, kon­kur, küşt hem-de bil­ýard bo­ýun­ça baý­rak­ly orun­la­ry eýe­le­di­ler. Türk­me­nis­tan­ly­lar to­par­la­ýyn oýun gör­nüş­le­rin­de hem baý­rak­syz gal­ma­dy­lar – ýur­du­my­zyň ze­nan­lar ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň 3×3 bas­ket­bol gör­nü­şi bo­ýun­ça baý­rak­ly orun ug­run­da çe­ke­le­şik­li bäs­le­şi­gi köp­le­riň ýa­dyn­da ga­lan­dyr. Şeý­le ýo­ka­ry de­re­je­li hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryn­da üs­tün­lik­li çy­kyş et­me­giň tej­ri­be­si gel­jek­de hem ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­zan­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. Mu­nuň üçin ýur­du­myz­da äh­li şert­ler dö­re­di­len­dir.
Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry ýo­ka­ry ne­ti­je­li türk­men spor­tu­ny ös­dür­mek­de hem-de hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kar­mak­da öňe ta­rap örän uly ädim bol­dy.