– Türk­me­nis­tan umu­my me­dal­la­ryň sa­ny bo­ýun­ça bi­rin­jiligi eýe­läp, 245 me­dal ga­zan­dy. Ikin­ji iň köp me­dal alan ýurt gün­do­gardaky goň­şu­myz Öz­be­gis­tan bol­dy. Öz­bek tür­gen­le­ri 131 me­dal al­dy. Ýö­ne ola­ryň al­tyn me­da­ly az bo­lan­dy­gy üçin umu­my sa­naw­da 5-nji or­ny eýe­le­di.

– Al­tyn me­dal­la­ryň sa­na­wyn­da il­kin­ji ýe­ri eýe­län Türk­me­nis­tan Azi­ýa yk­ly­my­nyň ýa­ryş­la­ryn­da ta­ry­ha gir­di. Iň ýo­ka­ry baý­rak­ly orun­lar­da ikin­ji­lik Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­na de­giş­li­dir. Hy­taý­ly tür­gen­ler 42 al­tyn me­dal ga­za­nyp, il­deş­le­ri­mi­ziň­ki­den 2 es­se az­dyr.

– Kü­müş me­dal­la­ryň sa­na­wyn­da Türk­me­nis­tan­dan (70) soň­ra ikin­ji­li­gi 33 me­dal bi­len ýe­ne-de Öz­be­gis­tan eýe­le­di.

– Bü­rünç me­dal­la­ryň sa­na­wyn­da bol­sa, Türk­me­nis­tan­dan (86) soň­ra ikin­ji­li­gi 74 me­dal bi­len Öz­be­gis­tan ta­mam­la­dy.

– Me­dal­la­ryň umu­my sa­na­wyn­da bi­rin­ji orun Türk­me­nis­ta­na, ikin­ji ýer Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­na, üçün­ji orun­ bol­sa, Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­na de­giş­li­dir.

– “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ryn­da 35 ýur­duň tür­gen­le­ri baý­rak­ly orun­la­ry eýe­le­di. Spor­tuň köp gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça baý­rak­ly orun­lar­da ýer eýe­le­ri türk­me­nis­tan­ly tür­gen­le­riň ar­tyk­maç­ly­gy mese-mälim duýuldy. Bir me­da­ly bol­sa, ga­raş­syz tür­gen ga­zan­dy.

– Oýun­la­ryň do­wa­myn­da köp me­dal alan tür­gen­le­riň sa­na­wyn­da-da türk­men tür­gen­le­ri öň­de­li­gi eýe­le­di. Il­deş­le­ri­miz­den Seý­di Ba­ty­row (6 al­tyn), Zuh­ra Mad­rai­mo­wa (5 al­tyn), Na­si­ba Sur­ki­ýe­wa (5 al­tyn), Gül­nar Ha­ýyt­ba­ýe­wa (4 al­tyn, 1 kü­müş), La­çyn Ba­dag­ly­ýe­wa (4 al­tyn, 1 bü­rünç) da­gy­lar öňe saý­lan­ma­gy ba­şar­dy.

– Gu­şak­ly gö­reş­de türk­men tür­gen­le­ri­ne taý ta­pyl­mady. Bu ugur­da 39 al­tyn me­dal ga­za­nyl­dy. Şeý­le hem il­deş­le­ri­miz spor­tuň bu gör­nü­şin­de 39 al­tyn, 23 kü­müş, 23 bü­rünç je­mi 85 me­dal eýe­le­me­giň höt­de­sind­en gel­di­ler.

– Aş­ga­bat Azia­da­sy köp san­ly re­kord­lar bi­len hem sport ta­ry­hyn­da öz mynasyp or­nu­ny al­dy. Eý­ran­ly tür­gen agyr at­le­ti­ka boýunça 18 ýy­lyň dün­ýä re­kor­dy­ny tä­ze­le­di. Mun­dan baş­ga-da spor­tuň suw­da ýüz­mek, ýe­ňil at­le­ti­ka ýa­ly ugur­la­ryn­da hem tä­ze re­kord­lar go­ýul­dy. Bu­la­ryň ählisi ýur­du­my­zyň sport ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gal­dy­ryp, dün­ýä spor­tu­nyň sa­hy­pa­la­ryn­da öç­me­jek yz goý­dy.