Mä­lim bol­şy ýa­ly, Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­dä­ki Suw spor­t top­lu­my Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di. Ine, şu ägirt uly top­lum­da ge­çi­ri­len ýa­ryş­lar­da-da re­kord de­re­je­sin­dä­ki ýe­ňiş­ler ga­za­nyl­dy. Has ta­ky­gy, suwda ýüzmek boýunça ýa­ry­şyň il­kin­ji gü­nün­de oýun­la­ryň 7 re­kor­dy tä­ze­len­di.
Hy­taý­ly tür­gen Li­žou Wang 100 metr ara­ly­ga brass usu­lyn­da ýüz­mek bo­ýun­ça ýa­ryş­da bel­le­nen ara­ly­gy 58,24 se­kunt­da ge­çip, re­kor­dy tä­ze­le­di. Mun­dan ozal­ky re­kord 2009-njy ýyl­da Wýet­nam­da ge­çi­ri­len Ýa­pyk bi­na­lar­da­ky Azi­ýa oýun­la­ryn­da goý­lup­dy. Şol ge­zek ga­za­gys­tan­ly suw­da ýü­zü­ji Wla­dis­law Pol­ýa­kow bu ara­lyk üçin 58,28 se­kunt wagt sarp edip­di. Ýö­ne L.Wan­gyň gü­nüň ahy­ryn­da bu re­kor­dy hem tä­ze­län­di­gi ba­ra­da­ky mag­lu­mat has-da gy­zyk­ly­dyr. Me­dal­lar ug­run­da­ky jem­leý­ji ýü­züş­de ol bu ge­zek 57,02 se­kunt­lyk ne­ti­je gör­ke­zip, bir gü­nüň do­wa­myn­da oýun­la­ryň re­kor­dy­ny ikin­ji ge­zek tä­ze­le­di. Şeý­le­lik­de, ol bu gör­ke­zi­ji bi­len hem şu oýun­la­ryň, hem Okea­ni­ýa­nyň (57,14) re­kor­dy­ny yza gal­dy­ryp, Azi­ýa re­kor­dy­na (56,34) has go­laý­la­dy.
Tai­land­ly ze­nan suw­da ýü­zü­ji Jen­ji­ra Sri­sa-Ard 50 metr ara­ly­ga fris­taýl usu­lyn­da ýü­züş­de ozal il­de­şi Junk­ra­jang Nat­ha­na­na de­giş­li bo­lan, 2009-njy ýyl­da­ky Wýet­nam Azia­da­syn­da goý­lan 25,13 se­kunt­lyk re­kor­dy tä­ze­läp, oýun­la­ryň tä­ze re­kor­dy­ny 24,71 se­kun­da ge­tir­di. Bu ýa­ry­şyň has gy­zyk­ly baş­ga bir ta­ra­py tai­land­ly bäs­de­şin­den ba­ry-ýo­gy 0,28 se­kunt­lyk yza ga­lyp, kü­müş me­da­la my­na­syp bo­lan hy­taý­ly Li­hui Lao hem 2009-njy ýyl­da­ky re­kord­dan go­wy ne­ti­je gör­kez­di. Ol bel­le­nen ara­ly­gy 24,99 se­kunt­da geç­di.
Ze­nan­la­ryň ara­syn­da 200 metr ara­ly­ga top­lum­la­ýyn ýüz­mek­de ýe­ňiş ga­za­nan we al­tyn me­da­la my­na­syp bo­lan wýet­nam­ly Ngu­ýen Ti An Wi­en ozal özü­ne de­giş­li bo­lan re­kor­dy tä­ze­läp, re­kord­çy­la­ryň ha­ta­ry­na go­şul­dy. Edil şu ýa­ryş­da “Inç­hon 2013”-de 2 mi­nut 10,05 se­kunt­lyk ne­ti­je bi­len oýun­la­ryň re­kor­dy­ny go­ýan tür­gen bu ge­zek ne­ti­je­si­ni has go­wu­lan­dy­ryp, re­kor­dy 2 mi­nut 09,78 se­kun­da çen­li ge­tir­di.
200 metr ara­ly­ga brass­da er­kek­le­riň ara­syn­da­ky ýa­ryş­da hem oýun­la­ryň re­kor­dy tä­ze­len­di. Tä­ze re­kord hy­taý­ly Haiang Kui­ne de­giş­li. Ol Inç­hon Azia­da­syn­da il­de­şi Mao Fei­lia­nyň go­ýan re­kor­dy­ny (1 mi­nut 56,61 se­kunt) tä­ze­läp, bu ara­ly­gy 1 mi­nut 55,20 se­kunt­da geç­di.
Ze­nan­la­ryň ara­syn­da­ky es­ta­fe­ta­la­ýyn ýüz­mek ýa­ry­şyn­da­ky tä­ze re­kord Gon­kon­gyň ýy­gyn­dy­sy­na de­giş­li. Öň­ki re­kord mun­dan dört ýyl ozal, Ko­re­ýa­da ge­çi­ri­len oýun­lar­da ýer eýe­le­ri­niň öz­le­ri­ne de­giş­li­di. Ko­re­ýa­nyň ze­nan­lar ýy­gyn­dy­sy 400 metr­ ara­ly­gy 1 mi­nut 50,17 se­kunt­da ýü­züp ge­çip, oýun­la­ryň re­kor­dy­ny öz at­la­ry­na ýaz­dy­ryp­dy­lar. Bu ge­zek bol­sa, Gon­kon­gyň ýy­gyn­dy­sy bu ara­ly­gy geç­mek üçin 1 mi­nut 48,79 se­kunt wagt sarp et­di­ler.
Ko­re­ýa­ly tür­gen­ler Aş­ga­bat Azia­da­syn­da baş­ga bir re­kord goý­du­lar. Er­kek­le­riň ara­syn­da­ky es­ta­fe­ta­nyň ýe­ňi­ji­si bo­lan Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň we­kil­le­ri 400 metr ara­ly­gy 1 mi­nut 35,28 se­kunt­da ýü­züp geç­di­ler. Oýun­la­ryň ozal­ky re­kor­dy hy­taý­ly tür­gen­le­re de­giş­li­di. Olar 2013-nji ýyl­da­ky Inç­hon Azia­da­syn­da bu ara­ly­ga 1 mi­nut 36 se­kunt wag­ty sarp edip­di­ler.