Eýranly türgen Sohrab Moradiniň “Aşgabat 2017” oýunlarynda agyr atletika sporty boýunça 18 ýyl mundan ozal goýlan rekordy täzelemegi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň taryhynda iň ýatdan çykmajak pursatlaryň biri boldy. Rio 2016 Olimpiýa çempiony erkekleriň arasynda 94 kg agramlykda geçirilýän agyr atletika ýaryşynda jemi 413 kg göterip, täze jemlenen utugy görkezdi. Geçenki rekordy 1999-njy ýylda grek türgeni Akakios Kakiaswilis goýupdy.
Şeýle hem bu ugurda okeaniýaly türgen öz rekordyny täzeledi. Fijiden gelen agyr atletikaçy gyz Eilin Çikamatana Okeaniýanyň ozal hem özüne degişli bolan 250 kilogramlyk görkezijini “Aşgabat 2017” oýunlarynda 253-e ýetirdi.