ABŞ-nyň alym­la­ry­nyň giň ge­rim­li bar­lag­la­ry­nyň do­wa­myn­da adam­la­ryň dur­muş ýö­rel­ge­si­ne ola­ryň ýa­şa­ýan ýe­ri­niň tä­sir ed­ýän­di­gi ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Ka­li­for­ni­ýa uni­wer­si­te­ti­niň bar­lag ge­çi­ri­ji­le­ri 18-den 66 ýaş ara­ly­gyn­da bo­lan 8 müň meý­le­tin­çi­den dört gün­läp ada­myň fi­zi­ki iş­jeň­li­gi­ni öl­çe­ýän dat­çik­le­ri da­ky­nyp gez­mek­le­ri­ni ha­ýyş etdiler.
Ne­ti­je­de, alym­la­ra adam­la­ryň ýa­şa­ýan et­ra­by­nyň ola­ryň fi­zi­ki iş­jeň­lik de­re­je­si­ne ed­ýän tä­si­ri­ni sel­jer­mek ba­şar­tdy. Gö­rüp otur­sa­lar, se­ýil­gäh­le­riň we ba­zar­la­ryň go­la­ýyn­da ýa­şa­ýan­la­ryň dur­muş ýö­rel­ge­si, şä­he­riň beý­le­ki et­rap­la­ryn­da ýa­şa­ýan­la­ra ga­ra­nyň­da, has iş­jeň bolup çykdy di­ýip, “Pla­net To­day” ha­bar ber­ýär.