Rus­si­ýa­nyň Prezidenti Wla­di­mir Pu­ti­ni Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow “Oguz­han” köşk­ler top­lu­myn­da mä­hir­li gar­şy­la­dy. Iki ýur­duň Li­der­le­ri dost­lar­ça sa­lam­la­şyp, “Oguz­han” za­ly­na bar­dy­lar, bu ýer­de be­lent mer­te­be­li myh­ma­ny res­mi taý­dan gar­şy­la­mak da­ba­ra­sy bol­dy. Iki ýur­duň Döw­let baý­dak­la­ry­nyň öňün­de res­mi taý­dan su­ra­ta düş­mek da­ba­ra­syn­dan soň, iki­çäk dü­züm­de türk­men-rus gep­le­şik­le­ri ge­çi­ril­di. Ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň bar­şyn­da iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­lar, söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk, se­bit we hal­ka­ra howp­suz­lyk hem-de Mer­ke­zi Azi­ýa me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Gep­le­şik­le­riň do­wa­myn­da iki ýur­duň Li­der­le­ri türk­men-rus­ gat­na­şyk­la­ry­nyň ile­ri tu­tul­ýan me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar, iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň esa­sy ugur­la­ry­ny kes­git­le­di­ler, şol ugur­lar­da ta­gal­la­la­ryň bir­leş­di­ril­me­gi­niň gel­je­gi uly bo­lup dur­ýar.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, söw­da-yk­dy­sa­dy ul­gam­da öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek we di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak, hä­zir­ki ýag­daý­la­ry na­za­ra al­mak bi­len dür­li pu­dak­lar­da hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze ne­ti­je­li gör­nüş­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­mak, Türk­me­nis­ta­nyň hem-de Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň iri se­bit­le­ri­niň ara­syn­da­ky ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry has-da ös­dür­mek üçin köp­ta­rap­la­ýyn müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy bel­le­nil­di.
Yn­san­per­wer ul­ga­my türk­men-rus­ gat­na­şyk­la­ry­nyň mö­hüm ug­ry bo­lup dur­ýar, bu ugur­da bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet ul­gam­la­ryn­da dä­be öw­rü­len gat­na­şyk­la­ry baý­laş­dyr­mak üçin amat­ly şert­ler bar. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, sport we sy­ýa­hat­çy­lyk ug­ry bo­ýun­ça iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek hem-de tej­ri­be alyş­mak üçin go­wy müm­kin­çi­lik­ler açyl­ýar.
Soň­ra gep­le­şik­ler “Gor­kut ata” za­lyn­da gi­ňiş­le­ýin dü­züm­de, iki ýur­duň res­mi we­ki­li­ýet­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da do­wam et­di.

IKI­TA­RAP­LA­ÝYN
RES­MI­NA­MA­LA­RYŇ GIŇ
TOP­LU­MY­NA GOL ÇE­KIL­DI
Gi­ňiş­le­ýin dü­züm­dä­ki du­şu­şyk ta­mam­la­nan soň, “Sel­juk han” za­lyn­da iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ra gol çek­mek da­ba­ra­sy bol­dy. Pre­zi­dent­ler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wla­di­mir Pu­tin Bi­le­lik­dä­ki Be­ýan­na­ma hem-de Türk­me­nis­tan bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ara­syn­da stra­te­gik hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da Şert­na­ma gol çekdi­ler. Iki döw­le­tiň Baş­tu­tan­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ryň uly top­lu­my­na gol çe­kil­di. Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­tin­de gol çe­ki­len yn­san­per­wer ugur­da – bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet ul­gam­la­ryn­da ne­ti­je­li iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry has-da gi­ňelt­mä­ge gö­nük­di­ri­len res­mi­na­ma­la­ryň uly buk­ja­sy­nyň ýo­ka­ry de­re­je­de gol çe­ki­len res­mi­na­ma­la­ryň üs­tü­ni ýe­ti­ren­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek.
Umu­man, bu wa­ka uzak­ möh­let­le­ýin gel­je­gi, ta­rap­la­ryň gel­jek­de hem dä­be öw­rü­len gat­na­şyk­la­ry has-da ber­kit­mek, öza­ra gat­na­şyk­la­ryň uly müm­kin­çi­lik­le­ri­ni do­ly peý­da­lan­mak mak­sat­la­ry­ny na­za­ra al­mak bi­len gu­ral­ýan türk­men-rus hyz­mat­daş­ly­gy­nyň stra­te­gik hä­si­ýe­ti­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy bo­lup dur­ýar.
ÝO­KA­RY SY­LAG­LAR
BI­LEN SY­LAG­LAN­DY­LAR
Res­mi­na­ma­la­ra gol çek­mek da­ba­ra­sy ta­mam­la­nan­dan soň, Pre­zi­dent­ler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wla­di­mir Pu­tin “Mag­tym­gu­ly” za­ly­na bardy­lar. Bu ýer­de ola­ry Türk­me­nis­ta­nyň hö­kü­me­ti­niň, iki ýur­duň res­mi we­ki­li­ýet­le­ri­niň ag­za­la­ry, Mej­li­siň ýol­baş­çy­la­ry, ýur­du­my­zyň we da­şa­ry ýurt­la­ryň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri şow­hun­ly el­çar­pyş­ma­lar bi­len gar­şy­lady­lar.
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowy döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mä­ge, Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de dur­nuk­ly­ly­gy we howp­suz­ly­gy üp­jün et­mä­ge go­şan uly şah­sy go­şan­dy üçin Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ýo­ka­ry döw­let sy­la­gy – Alek­sandr News­kiý or­de­ni bi­len sy­lag­la­mak ha­kyn­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň Per­ma­ny okaldy. “Da­şa­ry döw­let­le­riň gör­nük­li sy­ýa­sy iş­gär­le­ri Rus­si­ýa bi­len hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ber­kit­mek işi­ne go­şan şah­sy go­şant­la­ry üçin şu or­den bi­len sy­lag­lan­ýar­lar” di­ýip, be­lent mer­te­be­li myh­man Mosk­wa­nyň we Aş­ga­ba­dyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň köp ba­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­tiniň ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de ös­ýän­di­gi­ni bel­le­di.
Pre­zi­dent Wla­di­mir Pu­tin türk­men Li­de­ri­ni bu hor­mat­ly sy­lag bi­len mä­hir­li gut­lap, bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ryň el­çar­pyş­ma­gyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze Alek­sandr News­kiý or­de­ni­ni gow­şur­dy.
Mil­li Li­de­ri­miz bil­di­ri­len uly hor­mat üçin rus kär­de­şi­ne tüýs ýü­rek­den min­net­dar­lyk bil­di­rip, bu sy­la­gy uly mer­te­be, tu­tuş türk­men hal­ky­na goý­lan be­lent sar­pa, däp bo­lan dost­luk­ly türk­men-rus­ gat­na­şyk­la­ry­nyň ok­gun­ly ös­ýän­di­gi­niň we hem­me­ta­rap­la­ýyn pug­ta­lan­ýan­dy­gy­nyň ny­şa­ny hök­mün­de ka­bul ed­ýän­di­gi­ni aýt­dy.

On­dan soň döw­let Baş­tu­ta­ny­myz köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­ne ýüz­len­me bi­len çy­kyş et­di.
Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz da­ba­ra gat­na­şy­jy­la­ra hem-de rus­si­ýa­ly kär­de­şi­ne ýüz­le­nip, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Wla­di­mi­ro­wiç Pu­ti­niň ýur­du­my­zyň iň ýo­ka­ry döw­let sy­lag­la­ry­nyň bi­ri – “Hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge go­şan­dy üçin” di­ýen or­den bi­len sy­lag­lan­ýan­dy­gy­ny yg­lan et­di.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, bu çöz­güt Rus­si­ýa­nyň Baş­tu­ta­ny­nyň türk­men-rus gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mek we pug­ta­lan­dyr­mak işi­ne, onuň pa­ra­hat­çy­ly­gyň üp­jün edil­me­gi­ne hem-de hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň gi­ňel­dil­me­gi­ne go­şan uly go­şan­dy­nyň yk­rar edil­me­gi bo­lup dur­ýar.
Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti jo­gap sö­zün­de öz işi­ne ber­len ýo­ka­ry ba­ha üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze, türk­men hal­ky­na, da­ba­ra gat­na­şy­jy­la­ra tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk söz­le­ri­ni aýt­dy. Wla­di­mir Pu­tin özü­ne gow­şu­ryl­an hor­mat­ly sy­la­gy Rus­si­ýa we rus hal­ky­na uly hor­ma­tyň ny­şa­ny hök­mün­de ka­bul ed­ýän­di­gi­ni bel­läp, bu wa­ka­nyň bi­ziň halk­la­ry­my­zyň kö­pa­syr­lyk do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň çuň­ňur­ly­gy­nyň we mä­käm­li­gi­niň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di.
Pre­zi­dent Wla­di­mir Pu­tin şu gün­ki gep­le­şik­ler ba­ra­da du­rup geç­mek bi­len, ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­ne ýüz­le­nip, ola­ryň örän ne­ti­je­li bo­lan­dy­gy­ny, hal­ka­ra me­se­le­le­ri­niň hem­me­si bo­ýun­ça di­ýen ýa­ly, bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň ga­ra­ýyş­la­ry­nyň ga­bat gel­ýän­di­gi­ni we örän ýa­kyn­dy­gy­ny bel­le­di.
Ag­şam be­lent mer­te­be­li myh­ma­nyň hor­ma­ty­na Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­denti Gurbanguly Berdimuhamedow res­mi ag­şam­lyk na­ha­ry­ny ber­di, on­da iki ýur­duň Li­der­le­ri söz söz­le­di­ler. Da­ba­ra­ly ka­bul ediş­lik ta­mam­la­nan­dan soň, Türk­me­nis­ta­nyň we Rus­si­ýa­nyň Baş­tu­tan­la­ry mä­hir­li hoş­laş­dy­lar.
Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Baş­tu­ta­ny Türk­me­nis­ta­na res­mi sa­pa­ry­ny ta­mam­lap, paý­tag­ty­my­zyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne gel­di hem-de Aş­ga­bat­dan ug­ra­dy.

TÜRK­ME­NIS­TAN­DA RUS­SI­ÝA­NYŇ
ME­DE­NI­ÝET GÜN­LE­RI
Paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Me­de­ni­ýet gün­le­ri ge­çi­ril­di. RF-niň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­ti­niň Türk­me­nis­ta­na res­mi sa­pa­ry my­na­sy­bet­li ge­çi­ri­len bu dö­re­di­ji­lik çä­re­si ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki hä­zir­ki du­şu­şy­gyň bar­şyn­da iki dost­luk­ly ýur­duň tä­ze ösü­şe ba­dal­ga alan stra­te­gi­ki hyz­mat­daş­ly­gyn­da me­de­ni-yn­san­per­wer ul­ga­my­nyň uly äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär.
Dö­re­di­ji­lik çä­re­si­niň da­ba­ra­ly açy­ly­şy üçin saý­la­nyp al­nan Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Mu­kam­lar köş­gü­ne me­de­ni­ýet ul­ga­my­nyň, ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri, dö­re­di­ji­lik in­tel­li­gen­si­ýa­sy, paý­tag­ty­my­zyň ýaş­la­ry, do­gan­lyk hal­kyň sun­ga­ty­nyň köp­san­ly muş­dak­la­ry ge­lip­dir.
Aş­ga­bat­da­ky çy­kyş­la­ryň mak­sat­na­ma­sy “Öýü­miz­de myh­man­çy­lyk­da” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar, bu bol­sa, dün­ýä­niň dür­li halk­la­ry­nyň tans­la­ryn­dan dü­zü­len köp öwüş­gin­li çy­kyş­la­ry be­ýan et­di. Igor Moi­se­ýew adyn­da­ky Döw­let aka­de­mi­ki halk tans to­pa­ry­na Rus­si­ýa­nyň me­de­ni­ýe­ti­ni gör­kez­mek hu­ku­gy be­ril­di.
Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Me­de­ni­ýet gün­le­ri­niň çäk­le­rin­de Mu­kam­lar köş­gü­niň eý­wa­nyn­da “De­mir­ga­zyk Rus­si­ýa­nyň te­bi­ga­ty” di­ýen fo­to­ser­gi açyl­dy.
3-nji okt­ýabr­da me­de­ni çä­rä­niň çäk­le­rin­de “Aş­ga­bat” ki­no­mer­ke­zin­de Rus­si­ýa­nyň hä­zir­ki za­man çe­per film­le­ri­niň gör­ke­zi­li­şi bol­dy. Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tu­tyn­da Aş­ga­ba­dyň ho­re­og­ra­fi­ýa mek­de­bi­niň okuw­çy­la­ry hem-de tans to­par­la­ry üçin Igor Moi­se­ýe­wiň to­pa­ry­nyň ar­tist­le­ri­niň us­sat­lyk sa­pak­la­ry ge­çi­ril­di. Ag­şam bol­sa, Mu­kam­lar köş­gü­niň sah­na­syn­da rus tans­çy­la­ry paý­tag­ty­my­zyň ýa­şaý­jy­la­ry­na hem-de myh­man­la­ry­na ýe­ne-de öz sun­ga­ty­ny gör­kez­di­ler.