üýn ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Hatyra güni bellenildi. Her ýylyň 6-njy oktýabrynda halkymyz şöhratly taryhynda watançylygyň, gahrymançylygyň öçmez yzlaryny goýan merdana ata-babalarymyzy, milli gahrymanlary uly hormat bilen hatyralaýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda tebigatyň ajaýyp künjeginde ähli uruşlarda wepat bolan gahrymanlarymyzyň, şeýle hem 1948-nji ýylda Aşgabat ýer titremesinde şehit bolan watandaşlarymyzyň hormatyna gurlan “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumy hemişe köp adamly. Düýn bu ýerde Watanyň parahatçylygy ugrunda gara başdan geçen, söweşlerde mukaddes ene toprak diýip döş geren merdana ata-babalarymyzyň ruhuna tagzym edildi.
Olaryň gaýduwsyzlygy bu günki nesiller üçin Watany goramaga hemişelik görelde mekdebi bolup durýar. Milli gahrymanlarymyzy hatyralamak çäreleriniň tutuş ýurdumyzy gurşap alyp, Watan ogullarynyň ruhuna goýulýan beýik hormatdan nyşandyr. Mertligiň, gaýduwsyzlygyň, Watany söýmegiň nusgasyna öwrülen şol gahrymanlaryň hatyrasy hemişe ýüreklerde saklanýar.
Watan ogullarynyň, milli gahrymanlarynyň hormatyna bina edilen Ýadygärlikler toplumy paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde ýaýylyp gidýär. Ol 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň hormatyna dikeldilen ýadygärligi, şeýle hem Watan ugrunda başyny goýan gahrymanlarymyz, 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesiniň şehitleri baradaky hakydany ebedileşdiren ýadygärlikleri öz içine alýar. Olar halkymyzyň gaýduwsyz gahrymanlaryna, türkmen halkynyň öz beýik geçmişine çuňňur hormatynyň nyşanlaryna öwrüldi. Ýadygärlikler toplumy taryhy nukdaýnazardan, şeýle hem ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek nukdaýnazaryndan hem türkmen halkynyň parasatly, mizemez däpleriniň biri bolan gahrymanlara hormat goýmak, ata-babalarymyzyň ýagty ýadygärligine tagzym etmek ýaly dessurynyň berjaý edilýän ýerine öwrüldi.
Düýn matam çäreleri paýtagtymyzda bolşy ýaly, ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda hem geçirilip, olarda aýat-töwirler okaldy we sadakalar berildi.
Goý, Beýik Biribar okalan ähli aýat-dogalary öz dergähinde kabul etsin! Goý, türkmen topragynda asudalyk, agzybirlik, abadançylyk we rowaçlyk höküm sürsün! Beren sadakalaryňyz kabul bolsun!