Aş­ga­bat Azi­ada­syn­da Wa­ta­ny­my­za we­kil­çi­lik eden tür­gen­le­riň we tä­lim­çi­le­riň adyn­dan mil­li köp­çü­lik­le­ýin sport we be­den­ter­bi­ýe, olim­pi­ýa he­re­ke­ti­niň ös­dü­ril­me­gi­ne ägirt uly go­şant go­şan, “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ryny ge­çir­mek baş­lan­gy­jy bi­len çy­kyş edip, Azia­da taý­ýar­lyk döw­rü­niň tu­tuş do­wa­myn­da oňa gö­nü­den-gö­ni ýol­baş­çy­lyk eden, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň ta­rap­da­ry we wa­gyz­çy­sy hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze sow­gat ber­len we­lo­si­ped Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let mu­ze­ýi­niň Pre­zi­dent mu­ze­ýi­ne da­ba­ra­ly ýag­daý­da gow­şu­ryl­dy.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, “Aş­ga­bat 2017” ta­mam­la­nan­dan soň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýa­ryş­lar­da üs­tün­lik­li çy­kyş eden tür­gen­le­ri­mi­zi we ola­ryň tä­lim­çi­le­ri­ni gut­lap, hor­mat­ly at­la­ry we şa ser­paý­la­ry­ny gow­şur­dy. Ýur­du­my­zyň sport jem­gy­ýet­çi­li­gi bol­sa, bu be­lent hor­ma­ta çäk­siz ho­şal­lyk bi­len mil­li Li­de­ri­mi­ze döw­re­bap sport we­lo­si­pe­di sow­gat ber­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sow­ga­dy min­net­dar­lyk bi­len ka­bul edip, ony mu­ze­ýe ber­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Türk­men tä­lim­çi­le­ri we tür­gen­le­ri bu gym­mat­ly sow­ga­dy Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Döw­let mu­ze­ýin­de ýer­leş­ýän Pre­zi­dent mu­ze­ýi­ne gow­şur­dy­lar. “Türk­me­nis­tan” ky­sym­ly tä­ze we­lo­si­pe­diň ge­ti­ril­me­gi bi­len, Pre­zi­dent mu­ze­ýin­dä­ki we­lo­si­ped­le­riň sa­ny 5-e ýet­di. Tä­ze we­lo­si­ped mu­ze­ýiň iň gym­mat­ly eks­po­nat­la­ry­nyň bi­ri bo­lar – di­ýip, Döw­let mu­ze­ýi­niň ýol­baş­çy­sy Öwez­mu­ham­met Mäm­met­nu­row gür­rüň ber­ýär.