Ýakyn garyndaşlary bilen işjeň gatnaşyk saklaýanlaryň ömri uzak bolup, insult we infarkt ýaly howplardan belli bir derejede uzakda eken. Kanadanyň lukmançylyk okuw mekdebiniň barlag geçirijileri şeýle netijä geldiler we bu barada ABŞ-nyň sosiologiýa assosiasiýasynyň maslahatynda mälim etdiler. Alymlar barlaga gatnaşmaga isleg bildiren 55-den 85 ýaş aralygyndaky adamlara gözegçilik etdiler. Olary iki topara böldüler: ýakynlary bilen az gatnaşyk saklaýanlar we olar bilen her günde gatnaşýanlar. Barlagyň netijelerinde, öz süňk hossarlary bilen gatnaşmaýanlaryň ölüm howpy 14 göterime barabar bolup, gatnaşýanlaryňky hem 6 göterime deň bolupdyr.
Şeýle hem kitap okamak, oňat ertirlik edinmek, rahat uky, oňat garaýyş we şowly nika ömre ömür goşýan eken. Bulardan başga-da, sport bilen meşgullanýan uly ýaşlylaryň, muny etmeýänler bilen deňeşdirilende uzak ýaşaýandygy belli bolupdyr.