Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan ýurtda demokratik jemgyýeti has-da kämilleşdirmegiň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ýurdy ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň we özgertmegiň maksatnamalaýyn durmuşa geçirilmegi netijesinde, halkyň hal-ýagdaýy we ýaşaýyş-durmuş şertleri günsaýyn ýokarlanýar. Alnyp barylýan ägirt uly ykdysady we durmuş özgertmeleri, ýurduň ähli jemgyýetçilik-syýasy ulgamynyň düýpli täzelenmegine itergi berýär. Hukuk döwletini berkarar etmek maksady bilen, milli kanunçylyga ýurduň ösüş derejesine hem-de halkara guramalary bilen gatnaşyklaryň, dünýä syýasy, ykdysady, hukuk, maglumatlar giňişligine goşulyşmagynyň gerimine we hiline laýyklykda, üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär, döwrebap kanunlar kabul edilýär, ýurduň Esasy Kanuny — Konstitusiýasy yzygiderli kämilleşdirilýär. Biziň Konstitusiýamyzda kesgitlenen ýörelgeler we kadalar, ähli ulgamlarda üstünlikleriň gazanylmagyna esas bolup hyzmat etdi. Şeýle hem ýurtda demokratik täzelenişi çuňlaşdyrmaga, raýat jemgyýetiniň ýaýbaňlanmagyna, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegine itergi berdi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kesgitlenen esasy kadalar we ýörelgeler, biziň ýurdumyzyň ösen demokratik döwletleriň hataryna goşulmagynda, ýurduň ykdysady ösüş depginini üpjün etmekde, halkyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda, ýaş nesli terbiýelemekde we kemala getirmekde zerur şert bolup hyzmat etdi.
Ýurduň Esasy Kanuny adamyň syýasy, ykdysady, durmuş hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmekde esasy resminama bolup çykyş edýär. Ösüş we innowasiýalar eýýamynyň ykdysady, syýasy, medeni we hukuk özgertmeleri türkmen jemgyýetiniň döredijilik ruhunyň galkynmagyna hem-de jemgyýetimiziň ösüşiniň hil taýdan täze derejä çykmagyna mümkinçilik döretdi. Geçen ýyllaryň dowamynda jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň täze görnüşleri emele geldi, öňden bar bolan gatnaşyklar täze mazmun bilen baýlaşdyryldy.
Türkmenistan özbaşdak ösüşiniň ikinji ýylynda öz Esasy Kanunyny – Konstitusiýasyny kabul etdi. 2008-nji ýylda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi kabul edildi we ýurdumyzyň ösüşiniň hil taýdan täze tapgyrynyň ygtybarly kanunçylyk binýady döredildi.
Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmek baradaky Konstitusion toparyň, Türkmenistanyň Mejlisinde döredilen iş toparlarynyň bu ugurda ýokary derejeli hünärmenlerden, bilermenlerden ybarat agzalarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň işjeň gatnaşmagynda, hormatly Prezidentimiziň umumymilli derejeli maslahatlarda maksatnamalaýyn çykyşlarynda beýan eden garaýyşlary hem-de öňe süren hukuk taglymaty netijesinde, Konstitusiýamyzyň rejelenen görnüşiniň taslamasy işlenip taýýarlanyldy, metbugatda çap edilip, häzirki wagtda ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda ara alnyp maslahatlaşylýar.
Konstitusiýamyzyň täze taslamasynda demokratiýany, adam hukuklaryny we azatlyklaryny hem-de bähbitlerini, şeýle hem halkara konwensiýalarda göz öňünde tutulan ýörelgeleri has-da kämilleşdirilip, anyk görkezilýär. Muňa mysal hökmünde gender deňliginiň we halkara kanunçylygynyň ýörelgeleriniň giňişleýin girizilendigi we beýleki oňyn goşmaçalar görkezilip bilner. Esasy Kanunymyzyň rejelenen görnüşiniň taslamasynda anyk kadalary özünde jemleýän maddalaryň 143-si bolup, şolaryň 28-si täze maddalardyr. Olaryň 80-si bolsa, täze kadalar goşulan ýa-da üýtgedilen maddalar bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda döwletimiziň ykdysady işleri kadalaşdyrýandygynyň bellenilmegi adamyň we jemgyýetiň bähbitlerine gönükdirilip, türkmenistanlylaryň abadançylygynyň bähbidine durnukly ösüşiň bolmagyny üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiz ýurt başyna gelen ilkinji ýyllaryndan başlap, adam hukuklaryna we azatlyklaryna, onuň abadan we bolelin durmuşda ýaşamagyna aýratyn üns bermek bilen, adam hukuklaryna ynsanperwerlik jähtden garamagy öz syýasatynyň merkezinde goýdy. Soňky ýyllarda adamyň we raýatyň halkara hukugynyň ösen ölçeglerine laýyk gelýän, umumy ykrar edilen hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmekde berk hukuk binýady döredildi, ilatyň durmuş taýdan goraglylygy gazanyldy.
BMG-niň iki sany Kararnamasy bilen berkidilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň hukuk derejesini kesgitleýän maddalar, ilaty durmuş taýdan goldamak babatda dünýäde deňi-taýy bolmadyk tejribe bilen baglanyşykly maddalar Baş Kanunyň taslamasynda öz beýanyny tapýar.
Türkmenistan adam hukuklary we azatlyklary boýunça esasy konwensiýalara gatnaşmak bilen, şol halkara şertnamalarynyň kadalaryny milli kanunçylygymyza işjeň ornaşdyrýar. Bu taslamada her bir adamyň öz mertebesini goramaga hukugynyň bardygy, şahsyýetiň mertebesini peseltmek üçin hiç bir ýagdaýyň esas bolup durmaýandygy barada aýdylýar. Türkmenistanyň adam hukuklary we azatlyklary boýunça esasy halkara şertnamalaryna gatnaşýandygyny, şol şertnamalaryň kadalaryny öz milli kanunçylygyna işjeň ornaşdyrýandygy bellenilýär. Nesip bolsa, Konstitusiýamyzyň täze redaksiýasy şu ýyl Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda kabul ediler.
Hormatly Prezidentimiziň milli kanunçylyk işlerini kämilleşdirmek baradaky parasatly garaýyşlaryny, halkymyzyň asyrlaryň synagyndan geçen iň asylly ýörelgelerini, bu ugurda dünýä tejribesiniň gazananlaryny özünde jemleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi ýurdumyzyň ösüşinde täze eýýamy açar.
Enejan DIDAROWA,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.