Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly mynasybetli ýurdumyzda giň gerime eýe bolýan işlerde öz ykballaryny ynsan saglygy bilen bagly meselelere bagyşlan saglyk ulgamynyň işgärleri hem uly işeňňirlik görkezýärler. Olar hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli başlangyçlaryna jogap edip, netijeli zähmet çekýärler. Bu meselede, aýratyn-da, maşgala lukmanlaryna uly paý degişlidir. Olar her öýde bolanlarynda halkyň sagdyn durmuş ýaşaýşyny kepillendirýän mähriban Arkadagymyzyň kabul edýän kararlary, beýleki döwlet namalary bilen baglanyşykly wagyz-nesihat gürrüňdeşliklerini-de gurap durýarlar. Bu babatda nusgawy şahyrlarymyzyň nesillere miras goýup giden pähim-parasada ýugrulan eserleri her bir saglyk işgärine ýakyn hemaýatçy bolýar.
Magtymguly Pyragydyr Döwletmämmet Azady, Şabendedir Şeýdaýy, Andalypdyr Gaýyby, Zelilidir Seýdi, Mollanepesdir Mätäji ýaly beýik nusgawy şahyrlarymyzyň dürdäne döredijiligi her döwürde bolşy ýaly, bagtyýar zamanamyzda hem her bir işde ygtybarly gollanma bolup hyzmat edýär. Diňe bir ýokarda atlary agzalan söz ussatlarymyz däl, eýsem, Zynharydyr Kätibi, Aşykydyr Dosmämmet Balgyzyl, Misgingylyç ýaly şahyrlarymyzyň edebi mirasynyň bu meselede bahasyna ýetip bolmajak hyzmaty bar.
Magtymgulynyň edebi mekdebini dowam etdiriji, ХIХ asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Misgingylyjyň döredijiliginde hem ynsan saglygy bilen baglanyşykly meseleler örän inçelik bilen gozgalýar. Şahyr özüniň “Daş gitse” goşgusynda adam bedenini baga meňzetmek arkaly, daragtyň gyş ötensoň gül açýandygyny örän çeper meňzetmeler bilen beýan edip, munuň adamyň ruhuny göterýändigini, ruhubelentligiň bagtyýar ýaşaýşy emele getirýändigini nygtap şeýle ýazýar:
Bilbil dek zowk eder bu jahan göýä,
Ten bagynda gül açylsa, gyş gitse.
Ýokardaky setirlerde şahyr “ten bagynyň güllemeginiň” adamyň öz elindedigini, onuň üçin mydama bilbil dek şat ýaşamagyň aladasyny etmelidigini sargaýar. Çünki, şahyryň ýene şol goşgusynyň soňky setirlerinde nygtaýşy ýaly:
Jan saglygy deger dünýä zerine,
Maldan, zerden ne peýda bar, baş gitse.
Görnüşi ýaly, Misgingylyç şahyr jan saglygyny dünýäniň baýlygyna deňeýär. Bu pikir Magtymgulynyň:
Jan saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy,
Agşam ýatyp, ertir şükrün kyl ýagşy
diýen parasatly pähimleri bilen utgaşyp gidýär. Dogrudan hem, beýik akyldaryň aýdyşy ýaly, agşam ýatyp, ertir sag-aman öreniňe şükür etmeli. Biziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen adamlaryň rahat, parahat durmuşda ýaşamagy üçin uly aladalar edilýär. Her bir saglyk işgäriniň muny edebi mirasa salgylanyp, adamlaryň arasynda netijeli düşündiriş işlerini alyp barmagy ynsan saglygyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Gynansak-da, durmuşda çilimkeşlik, naskeşlik ýaly ýaramaz nogsanlyklara baş goşup, özleriniň saglyklaryny öz elleri bilen haraplaýan kişilere-de duş gelmek bolýar. Şeýtmek bilen, olar özleriniň şirin janyna kast edýändiklerini ýatdan çykarýarlar.
Misgingylyç “Çag olar” atly goşgusynda saglyk barada başda aýdylan pikiri has-da ösdürip:
Jan bir guşdur, awlar şum ajal saýýat,
Diýmegil ten dürüs mydam sag olar
– diýýär. Şahyryň şeýle setirleri her bir adamy öz saglygy barada oýlanmaga mejbur edýär. Elbetde, ol adamlar diňe öz saglyklary barada däl, töweregindäkileriň saglyklary barada hem oýlanmalydyrlar. Çünki temmäki tüssesi diňe bir çilim çekýän adama däl, eýsem, şol zährimar tüssäniň ysyny alýan adamlara-da erbet täsirini ýetirýär.
Misgingylyç neşekeşligiň adamyň abraýyny dökýän närseleriň biridigini aýtmak bilen, neşe çekmegiň edil şor ýere tohum ekmeklik bilen barabardygyny nygtaýar:
Hasyl görmez şora tohum ekenler,
Uýat bilmez abraýyny dökenler,
Beň çekip bimaýa sandan çykanlar
Sana girip, gaýdyp ýola gelmez hiç.
Nusgawy şahyrlarymyzyň ýokardakylar ýaly pikirleri edebi mirasymyzyň dürdänelerini emele getirmek bilen, adamlaryň saglygynyň öz ellerindedigini, saglygyňa diňe guwanyp ýaşamalydygyny ündeýär. Şeýle öwüt-ündewler öz işlerinde üstünliklere eýe bolmak üçin jan çekýän saglyk ulgamynyň işgärlerine hem uly goltgy-goldaw berýär.
Sapargül Aşyrowa,
Daşoguz welaýatynyň Akdepe
etrap hassahanasynyň lukmany.