Re­žiss­ýo­ry: De­ni Willn­ýow
Keşp­ler­de: Ra­ýan Gos­ling, Har­ri­son Ford, Ana de Ar­mas, Sil­wi­ýa Huks, Ro­bin Raýt, Mak­ken­zi De­wis, Kar­la Ýu­ri, Len­ni Jeýms, Deýw Bau­tis­ta, Ja­red Le­to
Prod­ýu­ser­le­ri: Andr­ýuw A. Ko­so­we, Bro­de­rik Jon­son, Bud Ýor­kin, Sin­tia Ýor­kin
Sse­na­ri­çi­le­ri: Hemp­ton Fan­çer, Maýkl Grin
Kom­po­zi­tor­la­ry: Hans Zim­mer, Ben­ža­min Woll­fiş
Ope­ra­to­ry: Ro­jer Di­kins
Ön­dü­ri­ji: “Alcon En­ter­ta­in­ment”, “Colum­bia Pictu­res”, “Scott Free Pro­ductions”, “Tor­ri­don Films”, “16:14 En­ter­ta­in­ment”, “Thun­der­bird En­ter­ta­in­ment”
Paý­laý­jy: “War­ner Bros. Pictu­res”
Do­wam­ly­ly­gy: 163 mi­nut
Gör­nü­şi: yl­my-fan­tas­tik
Ýur­dy: ABŞ
Di­li: iň­lis­çe
Býu­je­ti: 185 mil­li­on $

Mun­dan 35 ýyl ozal, has ta­ky­gy, 1982-nji ýyl­da Rid­leý Skott ta­ra­pyn­dan su­ra­ta dü­şü­ri­len “Tyg­da yl­ga­ýan” fil­mi köp­le­riň uly söý­gü­si­ni ga­za­nyp­dy. Şol film­de baş keş­bi us­sat akt­ýor Har­ri­son Ford jan­lan­dy­ryp­dy. “Tyg­da yl­ga­ýan 2049” at­ly tä­ze fil­me ka­na­da­ly De­ni Willn­ýow re­žiss­ýor­lyk et­se, ki­no­nyň baş keş­bin­de soň­ky ýyl­lar­da şöh­ra­ty ha­sam art­ýan aktýor Ra­ýan Gos­ling çy­kyş ed­ýär. Ek­ran ese­rin­de baş­ga-da Gol­li­wu­dyň gör­nük­li we­kil­le­rin­den Har­ri­son Ford, Ana de Ar­mas, Sil­wi­ýa Huks, Ro­bin Raýt, Mak­ken­zi De­wis da­gy hem dür­li keşp­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Weng­ri­ýa­nyň paý­tag­ty Bu­da­peşt­de su­ra­ta al­nan film üçin 165 mil­li­on dol­lar çyk­da­jy edil­di. ABŞ we Ka­na­da­da­ky 4000-e go­laý ki­no­teatr­da gör­ke­zi­lip baş­la­nan fil­me bi­ler­men­ler ta­ra­pyn­dan ýo­ka­ry ba­ha be­ril­di.
Ozal­ky ha­dy­sa­lar­dan soň, 30 ýyl geç­ýär. Ofi­ser K kö­ne­den ga­lan me­se­lä­ni ag­tar­ýar we syr­ly wa­ka­la­ryň üs­tün­den bar­ýar. Giz­lin mag­lu­mat­lar oňa 30 ýyl ozal ýi­ti­rim bo­lan Rik De­kar­dy tap­ma­ga iter­gi berýär…