Formula 1 boýunça möwsümiň 15-nji bäsleşigi Malaýziýanyň Selangor welaýatyndaky Halkara Sepang trassasynda geçirildi. 5543 metrlik trassadaky 56 aýlawdan ybarat ýaryşa “Mersedes” toparynyň britan piloty Lewis Hamilton ilkinji hatardan başlady. 3-nji bolup ýaryşa goşulan “Red Bulluň” gollandiýaly sürüjisi Maks Werstappen 4-nji aýlawda Hamiltondan öňe geçmegi başardy. Ýaş sürüji galan aýlawlarda ornuny saklap, pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Werstappen 56 aýlawy 1 sagat 30 minut 01,290 sekuntda tamamlap, şu ýylky 1-nji, karýerasyndaky 2-nji ýeňşini gazandy. Werstappenden 12,770 sekunt yza galan Hamilton 2-nji, ýeňijiniň topardaşy awstraliýaly Daniel Rikkiardo 3-nji orny eýeledi. Iň soňky orundan bat alan “Ferrariden” germaniýaly Sebastian Wettel 4-nji ýer bilen oňňut etmeli boldy. Çempionlyk ugrunda 3-nji hatarda barýan Waltteri Bottas 5-nji bolup pellehanadan geçdi.
Bu “Gran Priden” soň, Lewis Hamilton möwsümiň tamamlanmagyna 5 ýaryş galanda, 2-nji hatardaky Sebastian Wettelden 34 utuk öňde barýar. Hamiltonyň 281, Wetteliň 247 utugy bar. “Mersedesden” finlýandiýaly Waltteri Bottas bolsa, 222 utuk bilen 3-nji hatarda barýar. Möwsümiň indiki bäsleşigi 8-nji oktýabrda, ýagny ertir Ýaponiýada geçiriler. 1999-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýän Malaýziýa Gran Prisi indiki ýyldan başlap, sanawda bolmaz. Başgaça aýdylanda, Sepangda iň soňky sapar F1 bäsleşigi guraldy.