Ilkinji gezek
Germaniýanyň çempiony “Bawariýa” topary geçen hepdede Çempionlar ligasynyň çäklerinde PSŽ-den 3–0 hasabynda asgyn geldi. Bu ýeňlişden soň, nemes klubunyň ýolbaşçylary tälimçi Karlo Ançelottini wezipesinden boşatdy. Italiýaly tälimçi şol oýunda öňki klubunyň garşysyna Hummels, Robben, Riberi, Rafinýa ýaly esasy düzümiň oýunçylaryny ätiýaçda oturdypdy. Netijede, tejribeli tälimçi “Bawariýada” 2-nji möwsüminiň başynda wezipesinden gaýtmaly boldy. Şeýlelikde, 58 ýaşly tälimçi ilkinji gezek möwsüm tamamlanmanka wezipesinden boşadyldy. Ýewropanyň öňdebaryjy 4 çempionatynda (5-sinde-de işledi) çempionlyk gazanan ýeke-täk tälimçi adynyň eýesi Ançelottiniň ornuna “Bawariýa” toparyna wagtlaýynça onuň kömekçisi, fransiýaly ozalky futbolçy Willi Sanýol tälim berer. Metbugatda çykan habarlara görä, “Borussiýa Dortmundyň” ozalky tälimçisi Tomas Tuheliň ýa-da köne tälimçileri Ýupp Haýnkersiň bu wezipä bellenmegine garaşylýar. Ançelotti “Bawariýa” toparyna 2 Germaniýa Super kubogy bilen 1 “Bundesliga” çempionlygyny gazandyrdy.