Italiýanyň çempionatynda “Napoli” öz meýdançasynda “Kaliarini” 3–0 hasabynda utdy. Oýunda 1 gezek tapawutlanan Marek Hamşik ýene-de 2 gol geçirse, ol toparyň iň netijeli oýunçysy bolar. Bu ugurda häzirki wagtda 115 goly bolan rowaýaty Diego Maradona öňde barýar. “Milan” öz meýdançasynda “Romadan” 2–0 hasabynda asgyn geldi. “Atalanta” bilen 2–2 deňme-deň oýnan “Ýuwentus” şu möwsümdäki ilkinji utuklaryny ýitirdi.
Angliýanyň çempionatynda tapgyryň iň esasy oýnunda “Çelsi” öz meýdançasynda “Mançester Sitiden” Kewin de Bruýneniň ýeke-täk goly bilen 1–0 hasabynda asgyn geldi. “Mançester Ýunaýtedden” 4–0 hasabynda utulan “Kristal Palas” şu möwsümdäki 7-nji duşuşygynda-da gol geçirip bilmedi.
Ispaniýanyň çempionatynda “Barselona” “Las Palmasy” 3–0, “Real Madridem” “Espanýoly” 2–0 hasabynda ýeňdi. Bu duşuşyklarda Messi hem-de Isko 2 gezekden tapawutlandy.

Goluň goly we yzly-yzyna 4-nji ýeňliş
Russiýanyň çempionatynda Gurban Berdiýewiň tälimçili­gindäki “Rubin” yzly-yzyna 4-nji gezek ýeňlişe sezewar boldy (4-sinde-de 1–0 hasaby bilen utuldy. Şeýle-de şol gollary 80-nji minutdan soň geçirtdi). Kazanlylar 12-nji tapgyrda öz meýdançasynda “Amkardan” 1–0 hasabynda utuldy. Myhmanlaryň ýeke-täk pökgüsini 83-nji minutda Ýanuş Gol geçirdi.