2019-njy ýylda BAE-de geçiriljek Aziýa çempionatynyň 3-nji saýlama tapgyrynda çykyş edýän Türkmenistanyň futbol ýygyndysy 10-njy oktýabrda Singapuryň milli topary bilen duşuşar. Duşuşyk paýtagtymyzdaky “Köpetdag” stadionynda oýnalar. Oýun 16:30-da başlanar. Türkmenistanyň ýygyndysy “E” toparçada çykyş edip, 3 oýundan soň, 4 utuk bilen 2-nji orunda barýar. 7 utukly Bahreýn 1-nji ýeri eýelese, Hytaý Taýpeýiniň 3, Singapuryňam 2 utugy bar. Ildeşlerimiz mundan öňki duşuşygynda myhmançylykda Singapur bilen duşuşypdy we 1–1 hasabynda deňme-deň oýnapdy. Toparçada öňdäki 2 orny eýelän toparlaryň BAE–2019-a ýollanma alýandygyny ýatladýarys. Ildeşlerimize bu jogapkärli duşuşykda uly üstünlik arzuw edýäris.
Türkmenistanyň milli toparynyň tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew ýygyndymyzyň Singapur bilen boljak duşuşygyna şu oýunçylary çagyrdy: Derwezeçiler: Nurgeldi Astanow (“Aşgabat”), Mämmet Orazmuhammedow, Nikita Gorbunow (ikisem –“Altyn asyr”); Goragçylar: Söhbet Allanurow (“Şagadam”), Mekan Saparow (“Balkan”), Bahtiýar Hojaahmedow, Zafar Babajanow, Akmyrat Jumanazarow, Şöhrat Söýünow, Döwran Orazalyýew, Gurbangeldi Batyrow (“Altyn asyr”); Ýarymgoragçylar: Ilýa Tamurkin (“Merw”), Merdan Gurbanow (“Dnepr Mogilew”), Ahmet Ataýew (“Arema”), Elman Tagaýew (“Sabail”), Begenç Annagurbanow (“Şagadam”), Arslanmyrat Amanow, Umidjan Astanow, Serdar Geldiýew, Altymyrat Annadurdyýew, Myrat Annaýew (“Altyn asyr”); Hüjümçiler: Wahyt Orazsähedow (“Ahal”), Murat Ýakşiýew (“Altyn asyr”).