2017-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda şanly waka öwrülen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynda geçirilen maslahatda ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilen resminamalaryň ençemesine gol çekildi. Şol resminamalaryň hatarynda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018–2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” tassyklamak hakynda milli Liderimiziň gol çeken taryhy Karary berkarar döwletimizde täze ösüşler döwrüne gadam basylandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.
Şeýle hem umumymilli maslahatda hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Gahrymany diýen at dakyldy hem-de ýokary döwlet sylagy bolan “Altyn Aý” medaly dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Mundan başga-da, milli Liderimize Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýokary derejede geçirilmeginiň özygtyýarly ýurdumyzyň dünýäniň olimpiýa hereketindäki abraýyny has-da belende galdyrandygyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň sport merkezi hökmünde ykrar edilmegine ýardam edendigi üçin ýurdumyzyň türgenleriniň adyndan milli Liderimize ýadygärlik nyşany berildi.
“Eziz halkyma gulluk etmegi öz ömrümiň we alyp barýan işimiň iň ýokary maksady hasaplaýaryn! Ýakynda ýurdumyzda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary halkymyzyň we ýurdumyzyň taryhyna, şeýle hem tutuş Aziýanyň sport hereketiniň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylar” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatynda geljekde ýurdumyzda durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriniň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Maslahatyň wekilleriniň arasynda hormatly ýaşulular, Hökümet agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň zähmetkeşleri, ylym we bilim işgärleri gatnaşdylar. Maslahata şeýle-de türkmen ilçileri we Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Ýaşulularyň maslahatynyň mejlisinde çykyş edip, Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017–2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna laýyklykda, abraýly halkara guramalary, şeýle hem dünýäniň dürli ýurtlary bilen ýola goýlan syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary berkitmäge we yzygiderli ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady. Milli Liderimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan edendigini, şeýle hem 2017-nji ýylyň 19-njy aprelinde bolsa, biziň Bitarap döwletimizi bu guramanyň Çagalar Gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 2018–2020-nji ýyllar üçin agzalygyna we Zenanlaryň hukuk ýagdaýy boýunça Komissiýasynyň 2018–2022-nji ýyllar üçin agzalygyna saýlandygyny kanagatlanma bilen belledi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ösüşiniň ykdysady görkezijilerine şu ýylyň 9 aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde seredilendigini aýdyp, foruma gatnaşyjylaryň ünsüni amala aşyrylýan döwlet strategiýasynyň esasy meselelerine çekdi.
Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda özgertmeler geçirilýär. Ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň möhüm çeşmeleriniň onlarçasy üçin düýpli esaslar goýuldy. Bu işleriň yzygiderli ýerine ýetirilmegi netijesinde, ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etjek kuwwatly önümçilik, durmuş we inženerçilik ulgamlarynyň berk esaslaryny döretmek dowam edýär.
“Häzirki döwürde biz ýurdumyzda durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen kuwwatly häzirki zaman ykdysady ulgamyň ýokary ösüşe eýe bolandygyny doly tassyklap bileris. Bu ulgam eýeçiligiň dürli görnüşlerine esaslanýar hem-de bazar gatnaşyklaryna tapgyrma-tapgyr geçmegi göz öňünde tutýar” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatynyň ikinji jemleýji güni boldy. Forumyň dowamynda ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşiniň öňdebaryjy meseleleri bellenildi, şeýle hem aýratyn resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna üýtgetme girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunlaryna, “Ýer hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetme girizmek hakynda”, “Erkin ykdysady zolaklar hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna, “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda”, “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018–2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” tassyklamak hakynda” Kararyna, “Ähli sarp edijiler üçin tebigy gazyň, elektrik energiýasynyň, ýaşaýyş jaý-jemagat, awtoulag we aragatnaşyk hyzmatlarynyň bahalaryny tertipleşdirmek hakynda” Karara, “Türkmenistanda dynç alyş günleri berilmezden bellenilýän baýramçylyk we hatyra günleri hakynda”, “Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisini 2018-nji ýylda çagyrmak hakynda”, “Türkmenistanyň “Zenan kalby” ordeni bilen sylaglamak hakyndaky”, “Hormatly il ýaşulusy” diýen ady dakmak hakyndaky” Permanlara gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Berkarar Watanymyzda döwrüň talaplaryna we möhüm wakalaryna bagyşlanyp, her ýyly döwrebap atlandyrmak baradaky ýörelgäniň indi asylly däbe öwrülendigini aýtdy. Şu däbi dowam etdirip hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň türkmen halkynyň gadymy taryhyndaky möhüm ähmiýetini şöhratlandyrmak hakynda ilatymyzdan gelip gowuşýan köp sanly ýüztutmalary we isleg-arzuwlary göz öňünde tutup, 2018-nji ýyly “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýip atlandyrmak teklip edilýär diýip, milli Liderimiz aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy halk wekilleri tarapyndan goldanyldy. Ýygnananlaryň şowhunly elçarpyşmalary astynda degişli Karar kabul edildi.
Mejlisde Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna gatnaşyjylaryň ýurdumyzyň ähli halkyna Ýüzlenmesi kabul edildi.
“Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynda medeniýet we sungat ussatlarynyň uly baýramçylyk konserti boldy. Ol milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz hemişelik Bitarap Watanymyzyň şan-şöhratynyň özboluşly senasyna öwrüldi.