Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň So­çi şä­he­rin­de GDA-nyň ag­za ýurt­la­ry­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ne gat­naş­dy. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň GDA-nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ne gat­naş­ma­gy Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­ny yzy­gi­der­li ama­la aşyr­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Döw­le­ta­ra de­re­je­sin­de hem-de ab­raý­ly se­bit we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň hem-de dü­züm­le­ri­niň çäk­le­rin­de ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek şol sy­ýa­sa­tyň mö­hüm ug­ru­dyr.
or­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýo­ka­ry de­re­je­li du­şu­şy­gyň öňü­sy­ra­syn­da Ga­ra deň­zi­niň gö­zel ke­na­ryn­da ýer­le­şýän “Ra­dis­son Blu Re­sort & Cong­ress Cent­re” ka­şaň myh­man­ha­na­sy­nyň Kong­res­ler mer­ke­zin­de Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin bi­len du­şu­şy­gy bol­dy.
Türk­me­nis­ta­nyň Baş­tu­ta­ny So­çi­de ge­çi­ril­ýän sam­mi­te gat­naş­ma­ga ça­ky­lyk üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, Rus­si­ýa­nyň Li­de­ri­ni ýa­kyn­da bel­le­ni­len dog­lan gü­ni bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy. Mil­li Li­de­ri­miz Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti­ne berk jan sag­lyk, döw­let iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri we aba­dan­çy­lyk ar­zuw edip, rus kär­de­şi­ne We­pa­ly at­ly ala­baý gü­jü­gi sow­gat ber­di.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň we Rus­si­ýa­nyň Baş­tu­tan­la­ry ýo­ka­ry de­re­je­de ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ryň çäk­le­rin­de döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ile­ri tu­tul­ýan me­se­le­le­ri hem-de dür­li ugur­lar­da öza­ra bäh­bit­li ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mek üçin bar bo­lan müm­kin­çi­lik­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.
Gü­nüň ikin­ji ýa­ry­myn­da “Ra­dis­son Blu Re­sort & Cong­ress Cent­re” Kong­res­ler mer­ke­zin­de GDA ýurt­la­ry­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si ge­çi­ril­di.
Kong­res­ler mer­ke­zi­niň Ki­çi mej­lis­ler za­lyn­da GDA ýurt­la­ry­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň dar dü­züm­dä­ki mej­li­si açyl­dy. Soň­ra sam­mi­tiň işi Uly mej­lis­ler za­lyn­da GDA gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň we­ki­li­ýet­le­ri­niň ag­za­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da gi­ňiş­le­ýin dü­züm­de do­wam et­di­ril­di.
GDA ýurt­la­ry­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­si jem­leý­ji res­mi­na­ma­la­ra gol çe­kil­me­gi bi­len ta­mam­lan­dy. Ga­raş­syz Döw­let­le­ri­niň Ar­ka­la­şy­gyn­da 2018-nji ýyl­da Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň baş­lyk­lyk et­me­gi ha­kyn­da çöz­güt ka­bul edil­di. Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy we Türk­me­nis­tan bi­le­lik­de baş­lyk­lyk edi­ji­niň borç­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­ti­rer.