Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygyň 7-nji konferensiýasynyň (RECCA VII) ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Oňa Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň ykdysady gatnaşyklary boýunça orunbasary hanym Adela Razyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Maslahata Owganystanyň, Hytaýyň, Eýranyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň wekilleri gatnaşdylar.
ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýardam bermeginde geçirilen maslahatda edilen çykyşOlarda hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk söýüjilik daşary syýasatynyň netijesinde, Owganystany ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän halkara başlangyçlaryň hem-de iri möçberli taslamalaryň ähmiýeti barada durlup geçildi. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi taslamasy, ulag-ýol düzümi boýunça sebit hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge saldamly goşant goşýan Atamyrat-Ymamnazar-Akina demirýolunyň ähmiýetiniň uludygy aýdylyp geçildi.
Maslahata gatnaşyjylar sebitleýin hyzmatdaşlygyň Owganystanyň çäklerinde energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda wajyp taslamalaryň durmuşa geçirilmegi boýunça amaly ädimleriň kabul edilmeginiň möhümdigine üns berdiler.
Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylyň noýabr aýynda Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygyň 7-nji Konferensiýasy (RECCA VII) geçiriler.