7-nji oktýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda Köpetdagyň eteginde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasy açylyp ulanylmaga berildi. Iki günden soňra bu ajaýyp binada, ýagny 9–10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň mejlisi geçirildi. Onda ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň wajyp wezipeleri, Türkmenistanda täze taryhy eýýamda ýaýbaňlandyrylan oňyn durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleri yzygiderli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Bu binalar toplumy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Täze jaý” hojalyk jemgyýeti tarapyndan bina edildi. Täze bina 3 müň orunlyk bolup, onda umumymilli we halkara ähmiýetli köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen uly zaly bar. Ägirt uly ak öý görnüşinde gurlan bu binada baýramçylyk çärelerini geçirmek üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Şeýle hem binada diňe bir medeni çäreler däl, eýsem, resmi, işewür duşuşyklary geçirmek üçin hem ähli zerur şertler bar.
2015-nji ýylda Mary welaýatynda hem “Türkmeniň ak öýi” binasy ulanylmaga berlipdi. Ol ýerde-de giň möçberli dabaralary hem-de medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin giň mümkinçilikler döredilen. “Türkmeniň ak öýi” binasynda birnäçe zolak girelge, eýwan, 3 müň orunlyk konsert zaly, VIP otaglar, edara we dynç alyş zolaklary bar. Mälim bolşy ýaly, Mary welaýatyndaky we Ahal welaýatyndaky “Ak öý” binalarynyň milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda hem gurulýandygyny bellemeli.
Şeýle döwrebap binalaryň biriniň Daşoguz welaýatynda-da gurulmagy demirgazyk welaýatyň ýaşaýjylarynda uly şatlyk duýgularyny döretdi. Ýurdumyzyň raýatlary uly möçberli oňyn özgertmeleriň amala aşyrylýan ýurdunda ýaşaýandyklary üçin özlerini bagtyýar we buýsançly duýýarlar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany ösüşleriň, özgertmeleriň, gül açýan durmuşyň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwren we durmuşymyzy, ömrümizi bagtyýarlyga besleýän Arkadag Prezidentimize aýratyn hoşallygymyzy bildirýäris. Goý, Arkadag Prezidentimiziň jany sag, başy dik, ömri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli, sebit we dünýä ähmiýetli işleri elmydama rowaç alsyn!
Çemen Gaýypowa,
Gubadag etrabyndaky 40-njy orta
mekdebiň mugallymy.