“Bir çaşka kofe – ähli derdiň dermany bolup çykdy” diýip, italýan we ispan alymlary aýgytly netijä geldiler. Ýewropaly kardiologlaryň pikirine görä, bu içginiň yzygiderli ulanylmagy ömri uzaldýar. Golaýda kardiologlaryň Ýewropa jemgyýetiniň maslahatynda gündelik dört çaşka kofeniň saglyk üçin has peýdaly bolup, ömri uzaldýandygy öňe sürüldi. Bu açyş köpýyllyk barlaglaryň we gözegçilikleriň netijesidir. Lukmanlar kofeniň adam bedenine edýän täsirini eýýäm, 1999-njy ýyldan bäri öwrenip gelýärler. Lukmanlar kofe içýän 20 müň töweregi adamda barlag geçirip, barlag geçirilýänleriň saglygyna 10 ýyl gözegçilik edipdirler. Netijede, olar günde dört çaşka kofe içmegiň saglygy berkitmekde aýratyn ähmiýetiniň bardygyny tassyklaýarlar.
Mundan ozal, şunuň ýaly barlagy amerikan alymlary geçirdiler. Oňa 190 adam gatnaşypdyr. Hünärmenler günde bir çaşka kofeniň dürli sebäplerden 12 göterim ölüm howpuny azaldýandygyny, üç çaşkanyň bolsa, 18 göterim azaldýandygyny ýüze çykardylar.